22:58 Giderin... Gideýin... Gitdim... Gitmesene... Gitmerin... Git... | |
GIDERIN... GIDEÝIN... GITDIM... GITMESENE... GITMERIN... GIT...
Goşgular
Giderin men mundan indi eglenmen, Unutmagyn ýatlamalaň ýardygyn. Ak säherde seni söýen oglan men, Kim bilýär täleýde nämäň bardygyn. Goýunlar mäleýär köne saraýda, Erte men olary sürmerin örä. Bolmaz maňa şepagat-da, haraý-da, Gitmek maňa hyjuw berýärkä örän. Belki, meň täleýim bolmaz göwnejaý, Bulutlaň kerweni alysa göçýär. Messan basyp barýan täze dogan Aý, Kalbyma şatlygyň şuglasyn saçýar. Däl bu şatlyk ýol ugrundan tapylan, Men ondan birjik-de edemok heder. Üçegimiz galaýydan ýapylan, Ýagyş damjalary täsin heň eder. Enemiň ýat tutuşy deý dogasyn, Gussa batyp, ejizlesem bir çakda. Ýatlap damjalaryň täsin owazyn, Kän goşgular ýazaryn men sen hakda. ILMET GURBANOW Kenaryna kine eden tolkun deý, Özümden öýkeläp giderin bir gün. Giderin aýagmyň äden ugruna, Parhy ýok ýollarym aňzakmy, sergin. Men gitmän bilmerin, galyp bilmerin, Ýürek özelense, boýnuny bursa. Bar goşum - emgege ýakyn bu başym, Giderin şu başym egnimde dursa. AMANMYRAT BUGAÝEW Ýüregim bir uly şatlygy syzýar, Gideýin men kän garaşdym, bes indi. Aprelde sähralar bolsa-da yzgar, Ýylanmaga bar köňülde kesindi. Janlansyn usurgan damarlam meniň, Ýuwuş suwy goýberilen keş deýin. Ýylakly meýdana owkalap tenim, Boz torgaýyň nagmasyny eşideýin. Ýagyş suwy püre-pürlän kaklaryň, Ýakasynda dikeldeýin çalmarym. Il gözüne utançly bakmaryn, Könelse-de geýip gelen jalbarym. Agşam toşap ýaly, göý çaýdan boşan, Käsä dolan Aýyň ýüpek şöhlesin. Içip, ykbalymdan bolaryn hoşal, Azalsa-da ömür diýen möhledim. Dünýä inip, mähri bilen gundalan, Göbek ganym siňen ýaýlam, Ýerbendim, Bigamlara hemra bolup munda men, Senden gidip, şowsuzlykda sermendim. Aşyk bolup, baky bahar paslyna, Heňňam içre ham-hyýala münmedim, Ýakyn boldum ynsan diýen aslyma, Unutsamam musulmanlyk sünnedin. Ýöne hiç kim maňa gülüp bakmady, Yşkymy aňmady göreçlerimden. Aýdymlarym şum ykbalym hakdady, Şondan zyýat aýdym döretmedim men. Burkut ataň talaň salan göçleri, Aglap-diňse, Gözýaşlary gowzasa, Azalmady hesretimiň möçberi, Ýagty dünýäm döndi maňa dowzaha. Men ýagty jahandan yşyk gözledim, Tümlük baglan çagy didelerimi. Ýat göwünlä bagş etmäge dözmedim, Köňlümdäki polýar gijeligini. Onsoň howandarym sähra dolandym Dumanly ýaýlanyň ümsüm döwründe. Sähram! Bagyşla ykbalyň şeýle bolanna Arzuwlarym köýüp galan ömrümde. ÇARY ÝEGENMYRADOW Ýene ýolagçy men säher çagynda, Şemala saçymy galgadyp gitdim. Daňa golaý uklan sallançagynda Oglumy oýaryp, agladyp gitdim. Sopbaş, ýakyn–ýatdan bölünip gitdim, Ýada salyp bulutlaryň tüýdümin, Obaň itlerini örüzip gitdim, Diňläp olaň alasarmyk üýrüsin. Kertip gitdim bitin günüň bir çetin, Ýyrtyp gitdim uly ýoluň bir ýanyn. Diňe säher örenlere görnerin, Diňe baglar duýar gidip barýanym. Çözüp gitdim säheriň başogusyn, Guşlar galdy allaniçigsi halda. Oýaly–ukuly günüň doguşyn Nesip bolsa, garşy alaryn ýolda. DÖWLET ORAZSÄHEDOW Gitmesene, Gitseň onsoň bulutlary kim synlar, Kim maňa düşündir ýagşyň aýdanyn . Kim gapyp biýr tänip gaýdan ýapragy, Kim tapyp biýr gijä galsam bahana. Gitmesene, Gitseň maňa kim düşündir söýgini, Gitseň kim meň kesä çeker aýdanym. Kim ýetirer öwgimi, Kim ýetirer aýdymym. Sen bir gitme, Gitseň onsoň kim diňlesin ýaňramda, Kim sakyrdar meň bilen deň sakynman. Kim gygyrşar jedelleşip meň bilen Apbaýewiň sahypasy hakynda, Şo sahypa nämä gerek bolmanam?! Gyw, durawer, Gaharlansaň özüň bolýanyň bilmän, Gaharlansaň hasam söýýänim bilmän, Gidiberme. Bilýäňmi özüň?! Gitseň asman reňkin döker, dag çöker, Umman çöker, galar hoňkaryp hana, Çöller çöker, güller çöker dyzyna, Gözýaş çöker ýüregime, eý janym! Gitmesene, umytlarym ukladyp, Saňa çaksyz ynanypdyr ýüregim... LAÇYN PÜRJÄÝEWA Gitmerin men, maňa berilen ömrüň Gözýaşyn döküp gutarman, Armanyn çekip gutarman. Ykbalymyň ýollarynyň Baryny söküp gutarman. Gitmerin men, däli deňizde ýüzüp, Derýada akman, Seniň gözýaşyňdan bir monjuk düzüp, Dünýäň boýnuna dakman. Gitmerin men, goýup jennet ýurdumy, Söýgimiň perişan halyny eşdip, Aýralyk ýolundan haly ýüwürdip, Salmazymdan ozal bazara yşkyň. Gitmerin men, titrek-ýaprak ýüregmiň, Ähli pyşyrdysyn diňlemeseň sen. Ýowuz kysmat düşäýmese bijäme, Men gitmerin, umydym kän, kän tamam. Dünýäň o çetinde aşyk biçäre, Sözlerimi okap, söýgimden tanar. Men gitmerin, aýny ýaşda delmuryp, Öz ilimiň zybanynda görk bolman. Ýakan otlaryňa özümi urup, Seniň gaýnag gözýaşlarňa gark bolman. Men gitmerin ýaşap, ýadap, ýorulman, Uluglaň içinde görünmän göze, Gaty başym suwa, daşa urulman, Ömrümi öwürmän setire, söze. (Uly söze toba) bolman ikindi, Duşmanlarmy aljyratman gitmerin. Olaryň men hakda ýalan pikirni, Mäjum-mäjum mynjyratman gitmerin. Gitmerin men, dünýäň düýbünde aýdan – diýen sözüm arşda bomasa mälim. Gitmerin men, ýolda ýeňilip gaýdan, Söýgüdigne göz ýetirmän Hudaýyň. GURBANDURDY ORAZOW Eger gitseň, ömürlik git! Ömürlik Gitmek – ýöne gitmek däldir gezmäge. Bir gideňsoň, gaýdyp gelme öwrülip, Bir gideňsoň, hyýal etme gelmäge. Gitseň git, gideňde giden şeşkilli, Gitseň git, gideňde soňuny sanma. Gideňde gideniň duýulýan bolsa, Soň dolanjak bolup azara galma. ATAMYRAT ATABAÝEW | |
|
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||
| |||||