HOWA MAGLUMATY
Ýerli radiogepleşikler baradaky komitetiñ täze diktory soñky habarlary okap boldy-da, ýuwdundy. Onuñ bokurdagy gijedi, ardynjyrasy geldi. Ýöne özüniñ mikrofonyñ öñünde oturandygy ýadyna düşüp saklandy. Sesi gyryljygrak çykdy.
- Indi bolsa howa maglumatyny diñläñ... Häzir oblast merkezinde açyk howa... Wiý, duruñ hany... - Ol başyny galdyryp penjireden daşaryk seretdi. Abanyp gelen güýçli gara ýel ony diñşirgendirdi. Diktor elindäki kagyzy içinden okap gördi. Daşardaky howa bilen onuñ okamaly maglumatynyñ çapraz gelýändigi ony çykgynsyz ýagdaýa saldy. Nätjegini bilmän ýaýdanjyrady. Ýok, göz-görtele ýalan sözlemeli däl, hakykaty aýtmaly. - Bagyşlañ, häzir oblast merkeziniñ üstüne güýçli gara ýel geldi. Dogrusy, onuñ näçe wagta çekjegini men-ä bilemok, anyklanymyzdan soñ goşmaça maglumat bereris...
Diktor özbaşdak hereketi üçin kösenmeli boldy. Düşündiriş ýazdy, ýerlikli-ýerliksiz sowallara jogap berdi...
Ahyrynda ýaglyja käýinji diktoryñ ýagyrnysyna doñdurdylar.
- Bäý-bä-ä, bu nähili bolýar-aý?! Dogryñy aýtsañ käýinç berýäler-le. Ýa henizem şol öñküler ýaly, ýalan sözläp ýörmelimikä?!
Aý ýok-la, näme diýselerem, çynyñy aýdanyñ ýagşy!
Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Satiriki hekaýalar