Abu Aly ibn Sinanyň öz perzendine beren nesihatlaryndan
■ Söz sözläniňde öz mertebäňi sakla.
■ Hemmäniň hak-hukugynyň birdigini ýadyňdan çykarma.
■ Sözi sojap gepleme.
■ Dost-duşmana ýüzüňi açyk tut.
■ Ussadyňy ataňdan hem eziz gör we hormatla.
■ Girdejiňe görä harajat et.
■ Hoşamaýlygy özüňe şygar edin.
■ Jemagat bilen dertdeş bol.
■ Az geplemegi, az iýmegi, az uklamagy öwren.
■ Özüňe mynasyp görmedik işiňi başgalara hem rowa görme.
■ Okaman ussatlyk etme.
■ Öz çöregiňi başgalardan tama etme, özüň gazanyp iý.
■ Saňa mätäç adamlary umytsyz gaýtarma.
■ Baýlygyň mukdaryny dost-duşmana bildirme.
■ Hemmäniň hormatyny sakla, hiç kimi kemsitme.
■ Her kim seni tanamasa-da, sen olary tanajak bol.
■ Ýaşulularyň öňünden ýöreme.
■ Öýde myhman bar wagty hiç kime gaharlanma.
■ Paýdadyr zyýana özüňi urup, abraýyňy dökme.
■ Uruşdan we gybatdan gaçyjy bol.