16:55 Iki meñzeş at, iki aýry taryh, şol bir geografik giñişlikde - SELEWK we SELJUK | |
IKI MEÑZEŞ AT, IKI AÝRY TARYH, ŞOL BIR GEOGRAFIK GIÑIŞLIKDE - SELEWK (b.e.öñ 323 ý) we SELJUK (1308 ý)
Taryhy makalalar
▶ SELEWKITLER B.e.öñ 323-nji ýylda Aleksandr Makedonskiniñ aradan çykmagy bilen orta çykan Selewkitler imperiýasy geografik karta seredilende, araçäklerini şol bir giñişlikde giñelden, 902-nji ýylda düýbi tutulyp, 1929-njy ýyla çenli uly imperiýa öwrülen Seljukly hökümdarlygy bilen, hamala, edil biri-birleriniñ dowamy, gaýtalanmasy, biri-biriniñ mirasdüşeri ýaly. Atlary känbir tapawut etmeýän bu iki döwletiñ agalyk süren çäkleriniñ diñe taryhynda we medeniýetinde tapawut bar. ● Goşmaça maglumat üçin seret: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/makala/2066 https://ylymly.com/2019/03/01/turkmenistan-selewkiler-dowletinin-dowrunde/ http://gollanma.com/turkmenistan-aleksandr-makedonskinin-gundogara-yorisi-dowrunde-selewkilerin-dowleti.html Türki halklaryñ ýaşaýan geografik giñişliginde Seljuk ady bilen duş gelýän birnäçe ýer-ýurt atlary bar. Seleukiýa ady bilen gabat gelýän şol atlary Seljukdan aýry hasaplamak mümkin däl: • IX-XII asyrlarda wizantiýaly Seleukýa Isawriýadaky (Türkiýäniñ häzirki Konýa welaýaty) Seleukýada toplanşyk geçiripdir; • Iordaniýanyñ häzirki Irbid şäheriniñ gadymy raýonlarynyñ biriniñ ady - Seleukýa ýa-da Abila; • Iordaniýanyñ taryhy Umm-Kaýs (gadymy Gadara) şäheriniñ öñki ady - Seleukiýa (Seleucia); • Seleusia ad Belum, soñ Seleucobelus - Oront derýasynyñ Siriýadan geçýän böleginiñ kenarynda gurlan ilatly punktyñ ady; • Seleusia ad Eulaeum (öñki ady Suza) - Eýranyñ Huzystan welaýatyndaky gadymy paýtagt şäheriñ ady; • Seleucia ad Maeandrum - Türkiýäniñ Aýdyn şäheriniñ öñki ady; • Seleucia ad Pyramum ýa-da Mopsuestia - Türkiýäniñ häzirki Adana welaýatynda; • Zeugmadaky Seleukia, megerem, Syrataşlar - Türkiýä ýakyn taryhy ýeriñ ady; • Samandagyñ öñki ady Seleucia by the Sea - Türkiýede; • Seleukýa-Kretifon - Assiriýanyñ ýepiskoplygy (häzirki Yrakda), Keldany katolik Babyl patriarhlygynyñ ýepiskoplyk wekili; • Kariadaky Selewýa - Aýdyn şäheriniñ öñki ady; • Isawriýadaky Seleusýa - Türkiýäniñ Silifke şäheriniñ öñki ady; • Kalikadnusdaky Seleukýa - Silifkäniñ öñki ady; • Ýewfratdaky Seleukýa - Zeugmanyñ öñki ady; • Seleucia Ferrea - Türkiýäniñ Selef diýen ýerindäki gadymy ilatly punkt we ýepiskoplyk; • Gedifondaky Seleukýa - Yragyñ Kerkuk şäheriniñ gadymy raýonlarynyñ biri; • Seleucia Pamphylia - Türkiýäniñ Bujakşeýhler diýen ýerinde gadymy raýonlaryñ biri; • Seleukýa Pieria (Selewk deñzi) - Antakýanyñ Oront portynyñ (Siriýa Prima) ady • Selewýa samulalary - Ysraýylyñ gadymy Merom kölünde; • Pisidiadaky Seleukia Sidera - Türkiýäniñ Selef diýen ýerinde gadymy raýon; • Seleukia Sittakene - has meşhur Seleukýanyñ dik garşysynda Dižle derýasynyñ boýunda ýerleşen gadymy raýonyñ ady; • Seleukia Susiana - Eýranyñ gadymy Ja Nişin şäheriniñ öñki ady; • Seleukia Traçeotis - Silifkäniñ öñki ady. ● Goşmaça maglumat üçin seret: https://en.wikipedia.org/wiki/Seleucia_(disambiguation). Selewk Nikator (b.e.öñ 358 - b.e.öñ 281) Aleksandr Makedonskiniñ goşun serkerdeleriniñ biri. Ol Makedonskiniñ ölüminden soñ başlanan Diadoki meýdan söweşlerinden soñ Selewkitler döwletiniñ düýbüni tutupdyr. Onuñ guran patyşalygy A.Makedonskiden soñky dörän döwletleriñ arasynda Rim imperiýasynyñ basybalyjylykly syýasatyna garşy iñ uzak wagtlap göreşen döwletdir. ● Goşmaça maglumat üçin seret: https://tr.wikipedia.org/wiki/I._Seleukos ▶ SELJUKLAR Seljuk beg Türkmen (1038-nji ýylda aradan çykan) oguzlaryñ gynyk taýpasyndandyr. Onuñ kakasy Dukak beg oguz türkmenleriñ guran Hazar döwletiniñ goşun serkerdesi (subaşysy) eken. "Temür Ýalyg" ("Demir ýaýly") ünwany bilen tanalan Dukak beg Hazar kaganlygynyñ iñ esasy adamlarynyñ biri bolupdyr. Seljuk beg Jentde gurultaý geçirip, taýpasy bilen bile yslam dinini kabul etmegi makul bilipdir. Ol sebitiñ häkimine ugradan ilçisinden özlerine yslam dininiñ kada-kanunlaryny öwreder ýaly ymam we fakyhlary ugratmagyny haýyş edipdir. Bu taryhy wakadan soñ yslam dünýäsinde musulman oguzlara heniz yslama girmedik kowumdaşlaryndan tapawutlandyrmak üçin TÜRKMEN diýlipdir. Şondan soñ hasam giñden ýaýran Türkmen ady XIII asyra çenli ähli oguz taýpalarynyñ adyny göteripdir. ● Goşmaça maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/seljuk_turkmenlerinin_dowleti/2019-01-10-4578 http://www.kitapcy.ga/news/turkmen_harby_taryhy_seljuk_turkmenlerinin_mudimi_rowac_gosuny/2019-01-27-4837 ● Seljuk begiñ ogullary: - Arslan Ýabgu; - Mikail; - Musa Ýabgu; - Ýusup Ynal; - Ýunus. # turkbilimi.com Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |