01:03 Iman ogrusy | |
IMAN OGRUSY
Goşgular
![]() Resuldan nesihat bu hadys syry, Adam ogly sydka iman eýleýip. Musulman üç ýolda bolmasyn egri, Diýip ymmatyna gör ne söýleýip. Täjir kärin söýüp ömüre baş etseň, Rysk malyňny halal bilip ýöretseň, Tereziň içinde agramlyk satsaň, Dowzah ataşyna çekilip neýleýip. Myhman bilinip bir ojaga barlanda, Ojak hakyn içgin daşgyn görlende, Edep haýa bilen göz söz berlende, Göz ogrusy bolmazlygy syrlaýyp. Ýene bir ogurlyk namaz içinde, Rukugda, sujutda kelam açanda, Hars edip okamak haramdyr munda, Namazyň ogrusy bolunyp harlaýyp. Halmyrat imana kast etseň biliner, Sorag meýdanynda bu teniň tiliner, Halyňa haýyp eýle, ol güni geliner, Söýgüli pygamber takyk söýleýip. 07.04.2023 ý. Halmyrat ORAZOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |