10:09 Isleg we beýan hakynda tymsal | |
ISLEG HEM BEÝAN HAKYNDA TYMSAL
Hekaýalar
(“Arzuwlar we mümkinçilikler” diýen tymsalyň dowamy hökmünde) Günlerde bir gün özüniň adaty durmuşyndan ýadan adam belent dagyň çür başyndaky gowakda ýeke özi ýaşaýan jadygöýüň ýanyna barypdyr-da, oňa öz durmuşyndan zeýrenipdir. Şonda jadygöý oňa: - Eý adam, Haktagala maňa jady kylmak güýjüni bagyş eýlände: “Her bir ýanyňa islegini beýan edip gelen bendäniň özgelere zyýan ýetirmeýän üç sany dilegini berjaý et!” diýip emr etdi. Şol sebäpli senem näme islegiňi beýan et! Men saňa elimden gelenini kömek edeýin!-diýipdir. Ol adam bolsa sähel wagtam pikirlenmän: - Meniň birje islegim bar, şony beýan etsem, men hemme kişiniň gözüniň mende bolmagyny isleýärin. Şonuň üçinem maňa aňrybaşy gymmat ulag ber!-diýipdir. Jadygöýüň ýanynda munuň ýalyjak dileg dagy näme, wiýtjik dämi?! “Hop” diýipdir, ýaňki dilegçiniň öňünde soňky çykan, dym-gyzyl bolup ýanyp duran Lamborjini emele gelipdir. Dilegçi keýpiçag bolup, özüniň gymmatbaha ulagyna münüp gidipdir. Emma birnäçe gün geçip-geçmänkä ýaňky dilegçi ýene-de jadygöýüň gapysynyň agzynda peýda bolupdyr. Jadygöý: -Indi näme boldy?-diýip ondan sorapdyr. Ol adam gaharly ýagdaýda: -Men birnäçe günläp özümiň owadan hem gymmatbaha ulagym bilen şäherimiziň köçelerinden iki ýana okkesdirme geçip, adamlaryň meniň ulagymy höwes hem gözigidijilik bilen synlap galýandyklaryna tomaşa etdim. Ýöne bir-iki günden soň meniň ulagyma adamlaryň gözleri öwrenişdi, üstesine-de şäherde meniňki ýaly ýa-da meniňkidenem gymmat we owadan ulaglar bar. Adamlar hem meniňki bilen bir wagtda şol ulaglara-da seredýärler. Bu ulag maňa isleýänimi bermedi-diýip jogap beripdir. -Weý, bu ýerde müşgil iş barmy? Seniň ýene-de iki sany islegiň galdy, beýan et, men saňa ýardam edeýin!-diýip jadygöý parahatlyk bilen dil ýarypdyr. Dilegçi göz açyp-ýumasy salym oýlanypdyr-da: -Meniň köp pulum bolsun, men onsoň şol bir ulaga daňlyp ýörmerin-de islän zadymy islän wagtym satyn alyp, erkin ýaşap gezerin!-diýipdir. Jadygöý dilegçiniň bu islegini hem bitiripdir. Emma, ýaňky dilegçi ertesi gün ir bilen onuň işiginde gögeripdir. Gapysyna biriniň gelendigini saýgaran jadygöý öýünden çykypdyr-da, ýaňky dilegçini görüp, hiç hili geň galman ondan sorapdyr: -Ýeri, bende, indi näme boldy? -Ýene-de paşmady-diýip dilegçi gussaly jogap gaýtarypdyr:-Men uzakly günläp islän zadymy dükanlardan islän bahama satyn aldym, emma gün ýaşyp gelýärkä özümiň mundan beýläk hiç zat satyn almak islemeýändigimi duýdum-da, meniň gaty erbet ýüregim gysyp başlady. Sebäbi islän zadyňa aňsatlyk bilen ýetip bolýan bolsa onuň jinnek ýaly hem gadry-gymmaty boljak däl ekeni... Jadygöý äwmän-alňasaman ol adama: -Onda näme, seniň ýene-de bir dilegiň galdy. Şol islegiň beýan edip öňki ýalňyşlaryňy düzedäý bolmasa-diýip öwüt beripdir. Onda ýaňky dilegçi ep-esli wagtlap oýlanyp durupdyr-da. Şeýle diýipdir: -Men düşündim, meniň ähli şowsuzlarym meniň ýekeligimden, şonuň üçinem maňa bir owadan gyzy bagyş et. Men ony gymmatbaha ulagyma mündürerin-de onuň bilen dükanlara aýlanaryn, onuň islän zadyny satyn alarys, syýahat ederis, gymmatbaha eşikleri geýeris, diňe öz lezzetimize ýasarys. Şeýdibem bagtly bereris. Jadygöý dilegçiniň bu islegini hem bitiripdir. Dilegçi howadan peýda bolan gözelligi bilen hüýri-meleklere gaýra dur diýdirýän ajap näzenin bilen özüniň gyzyl Lamborjinisine münüp, jadygöýüň ýanyndan sumat bolupdyr... Emma... Iki hepde geçen badyna ýaňky adam ýene-de jadygöýüň ýanyna gelipdir. Jadygöý: -Ýeri, indi näme boldy?-diýip ondan sorapdyr. Dilegçi ýüzüni sallap: -Meniň ol gyz bilen ýaşasym gelmeýär. Oňa men gerek däl-de meniň gymmatbaha ulagym, pulum gerek. Uzakly gün meniň Lamborjinimde dükanlara aýlanyp pul sowmakdan başga edýän işi ýok. Meniň bilen bolsa asla gyzyklanmaýar hem. Diňe men pulumy hem ulagymy elinden aljagymdan gorkusyna, meniň aýdanja zadymy eden kişi bolup ýör!-diýip tukat pyşyrdapdyr. Şonda jadygöý biraz dymyp durupdyr-da: -Sen bende, islegiňi beýan etmegi başarmaýarsyň, ähli betbagtlygyň hem şondan gelip çykýar!-diýipdir. Dilegçi jadygöý bilen ylalaşmandyr: -Ýok, men hut öz isleýän zatlarymy saňa aýtdym ahyry! -Ýok, sen hakykatda adamlaryň özüňe hormat bilen garamagyny isleýärkäň, olar özüňi synlar ýaly gymmatbaha ulag bermegimi dilediň, durmuşyň ownuk-uşaklyklaryndan erkin bolmagy isleýärkäň, köp puluň bolmagyny haýyş etdiň, söýgi isleýärkäň, özüň bilen şady-horram bolup keýp çekip ýörer ýaly owadan gyz bermegimi towakga etdiň. Islegiňi beýan edişiňe görä-de aldyň!-diýip jadygöý jogap beripdir. Çeşme: http://ippt.ru/biblioteka/pritchi/pritcha_o_zhelaniyah_i_vozmozhnostyah Terjime eden: Bagabat. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |