23:09

Kyrk ýylda ýazylan kitap -25: Gylyç Mülliniň Tejen Nepese iberen öýkünme goşgusy

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 356 | Добавил: Moderator | Теги: Atajan Tagan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Döwletmyrat  
1892
Salam Atajan aga!! Siz Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna esassyz şübhelenip ýörmän, gymmatly wagtyňyzy öz kämil döredijiligiňize sarp etseňiz gowy bolmazmydy?! Siz islendik esere öz döwrüne görä baha bermelidigini bir ýatlaň ahyry. "Görogly" eposy barada aýdýan zatlaryňyzam siz ýaly ussat ýazyjylaryň aýtmaly zady däl. Atajan aga, siz ussat ýazyjy adam, siz ylmy publisistiki pikir aýtjak bolup, köp säwlik goýberýäňiz. Bu pikirleriňizi men-ä gynanç bilen kabul edýän.

0
2 sawyerlostthomas  
1894
Ýazyjy Atajan Taganyň Magtymguly Pyragynyň adyna berlen şygyrlary aýgytlylyk hem-de çeperçilik bilen paş edişi siziň içiňizi ýakýar öýdýän, Döwletmyrat aga. Aý, näme, Günüň öňüni palçyk bilen suwap bolmaz diýleni... "Suw akar, daş galar" diýipdirler. Wagty gelse, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

0
3 Moderator  
1471
Garşylyklaýyn pikiriñizi teswir ýazyjynyñ öz heñinde we sylanyşykly ýazsañyz gowy bolardy, ýogsa içki dogumyñyza bäs gelip bilmän fiziki şikes ýetirme (içini ýakyp) ähtimallygyñyz bar. Bu howply ýagdaý.

Onuñ şu temada ýazan we siziñ pikiriñizçe "palçyk" bolup görünýän makalalaryny ylmy esasda çüýredip taşlamaga ukyply garşylyklaýyn pikirlerdir deliller bilen aýtjak zadyñyz bar bolsa-ha, baş üstüne! Teswirde ýazyñ, isleseñiz aýratyn makala görnüşinde ugradyñ, çap edeli. Iñ bolmanda A.Taganyñ beýan eden tertibinde çaklamalar bilen ýazyñ. Kimiñ garşylygy bolup biler.
Muny oñarmarsyñyz, sebäp iñ bolmanda şol "palçyk" makalalary ünsli okap çykan bolsañyzam, sypaýyçylygy elden bermejek bolardyñyz. Awtoryñam bir gynanýan zady: okaman teswir ýazylýandygy.

A.Tagan ussat ýazyjy. Ussat ýazyjy bolandygy üçinem ussatlarça owadan we gelşirip ýalan sözläp oñarýar. Gowy zady hiç kimi ynandyrjak bolup hem duranok. "Gündeliginde" diñe öz şahsy pikirlerini ýazypdyr, ol pikirler gazete ýa ylmy jemgyýetçilige makala görnüşinde hödürlenen material däl. Muña garamazdan hil bir zat okan ýaly ýa-da hamana Magtymguly barada hemme zadyñ añyrsyna ýeten ýaly biziñ bu ýazylanlary sakgyç deýin çeýnäp ýörmegimiz gelşiksiz (awtorynyñ kimdigine garamazdan okyjylara ýetirilýän eserler diñe maglumat hökmünde berilýär, şoñ üçin biz ylalaşmadyk ýerlerimizi özümizçe kesip aýryp bilmezdik). Onuñ Magtymguly hakdaky adam barsynyñ pikirini bulaşdyryp taşlan pikir ýöretmeleri bary-ýogy şahsy çak urmalardan ybarat, hiç hili ylmy ähmiýeti ýok. Bolany, başga hiç zat däl.
Asyl onuñ bu bolgusyz çaklamalary Gün kimin edebi mirasy ortada ýalbyrap duran Magtymgulynyñ öñüni suwap-ýapyp, çirk ýetirip bilmedi.

Gylyç Mülliñem nä tetelli adamdygyny we bular ýaly bolgusyz çaklamalaryñ döremegine onuñ näme hereketiniñ ýa-da aýdan sözüniñ sebäp bolandygyny bilýänler bar. Özem faktlar bilen. Hemme depderler açylsa, onuñ Magtymgulynyñ goşgularyny ýygnamak üçin bitiren bujagaz hyzmatynyñ üstündenem atanak çekmeli bolar. "Suw akyp daş galsa", G.Mülliñem ruhuny ynjytmaly bolarys.
Gowsy, sizem bilmeýän zatlaryñyza kelle agyrtmañ.

* * *

A.Taganyñ Görogly hakdaky aýdanlaryny welin umuman menem goldaýaryn. Galtaman bolsañ, galtaman diýlersiñ-dä. Muny aýdanyñ bilen geçmişiñi garaladygyñ bolmaýar.

0
4 sawyerlostthomas  
1894
Ýaltanman, kyn görmän, giňişleýin jogap bereniňiz üçin köp sag boluň!
Meniň pikirimçe, bu ýerde tarap saýlamaly bolýar. Men Magtymguly Pyragynyň goşgularyna üýtgetme girizilendir diýip hasap edýänleriň tarapynda. Muňa-da diňe ýazyjy Atajan Taganyň gündeligindäki ýazgylar sebäp däl. Men ol ýazgylary mundan 15 ýyl mundan ozal, ýazyjynyň hut özüniň "Word" dokument formatynda elin bermegine okapdym. Her ýyl gaýtalap-gaýtalabam okaýan. Çeper beýan edilişine söz ýok.

Indi tema gelsek. Aşyrpur Meredow atly Magtymgulyşynas alym bardy. Şonuň şu tema baradaky bir makalasyny dykgatyňyza ýetirmek isleýärin.

0
5 sawyerlostthomas  
1894
Ýokarky kommentariýalara jogap hökmünde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragymyzyň adyna berlen goşgulary şahyryň hut öz goşgulary hasap edýänleri Aşyrpur aganyň makalasyna jogap bermäge çagyrýaryn.

Hususan-da, saýtyň hojaýyny Moderator bilen tanymal alym Döwletmyrat Ýazgulyýew, siziň pikiriňize garaşýarys. Siziň pikirleriňizi hem okalyň, onsoň, belki, goşgular barada başgarak bir netije çykararys.

0
6 Moderator  
1471
Ýokarky kommentariýalara-da, bu tema boýunça başga hyşy-wyşylara-da öñ öwran-öwran aýdylma-jogap berilme kemi galmady.
(A.Meredowyñ makalasy-da öñ saýtda berildi.
https://kitapcy.ru/news/magtymguly/2019-03-26-5961
Şoñ ü.n ony bärden aýyrýarys. Aýratyn blogyna girip okap bilerler).
Isleýän jogaplaryñyzy ikilenç tekrarlamagyñ hajaty ýok. Gyzyklansañyz saýtdaky Döwletmyrat Ýazkulyýewiñ papkasyndan ýa-da "Magtymgulyny öwreniş" bölüminden okap bilersiñiz. Magtymguly barada biri bir zat aýdan bolsa, hemmesi şol bölümde bar.

0
7 pezzek  
1631
Atajan Tagan şol makalasyny 94-njy ýylda ýazypdyr diýeliň. Ondan bäri 30 ýyl geçdi. Şol ýyllaryň içinde ýazyjynyň pikirem üýtgäp biler. Emma nähili pikir edenligi barada internet-dä maglumat ýok.
Ýöne men öz ynanjymy aýdaýyn. Şol makalany men 2020-njy ýyllarda okaýdym öýdýän gündelikde. Başgalara bilemok welin men-ä ýeke aýakda duruzdy. "Bä şeýlemikä bä-ä-ä! diýen duýguny oýardy" .

"Salam Atajan aga!! Siz Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna esassyz şübhelenip ýörmän, gymmatly wagtyňyzy öz kämil döredijiligiňize sarp etseňiz gowy bolmazmydy?! "
Şol makalaň ýazylanyna 30 ýyl boldy. Şuwagt Atajan aga 84 ýaşynda. Deň-duşlaram oýerik göçewçi boldular. Onuň gymmatly wagty ýok. Ol 84 ýaşady. "Dert ýamany garrylyk"...

0
8 Serkerde2209  
1922
Atajan Taganyň galan ýaşy has gymmatlydyr indi, ol "Dünýä edebiýaty" žurnalynda arman-ýadaman entägem terjimeçilik işine dowam edip ýör...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]