08:13 Magtymguly eýýamynyñ beýik serkerdeleri | |
Magtymguly eýýamynyň beýik 1. Nedirguly şa Afşar – 1688 – 1747-nji ýyllarda ýaşan. Türkmenleriň kyrkly urugynyň afşar taýpasyndan Eýranyň şasy. Ýiti serkerdelik zehini bolansoň owganlary kowup çykardy we Eýrany azat etdi, 1736-njy ýylda bolsa Eýranyň şasy boldy. Owganystana, Hindistana, Buhara, Hywa, Günorta Kawkaza, Yraga, Dagystana ýeňişli harby ýörişleri geçirdi. 2. Gowşut han Türkmen – 1823 – 1878-nji ýyllarda ýaşan. Merw tekeleriniň iň uly hany, wekiller tiresinden. 1854-nji ýylda Sarahsda han saýlanylýar. Akyl-paýhasy, pähimdarlygy, şahsy edermenligi, serkerdelik zehini bilen tapawutlanýardy. 1855-nji ýylda Sarahsyň eteginde hywa hany Muhammet Eminden üstün çykyp, ajaýyp ýeňiş gazandy, 1861-nji ýylda bolsa Nasreddin şanyň eýran goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Sarahsyň eteginde Gowşutgala, Merwde bolsa Gowşuthanagala atly galalaryň gurluşygyna ýolbaşçylyk etdi. 3. Nurberdi han – 1826 – 1880-nji ýyllarda ýaşan. Ahal tekeleriniň hany. Serkerde we zehinli häkim hökmünde abraý gazandy. Tekeleriň goşunlaryna baştutanlyk edip, 1858-nji ýylda gökleňlere kömek bermek üçin Garrygala bardy. Şol ýerde tekeleriň, gökleňleriň we ýomutlaryň birleşen güýçleri ähtiýalan Japarguly hanyň goşunyny kül-peýekun etmegi başardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |