17:37 Mata Hariden MAH-a... | |
MATA HARIDEN MAH-a...
Publisistika
Öññin... Respublikamyzyñ ilkinji kontrrazwedka gullugy MAH-yñ (Milli Emniyet Hizmetleri - Milli Howpsuzlyk gullugy) döredilen güni dabaraly bellendi. Gullugyñ döredilişine dahylly biri hakda taryhymyzda maglumat seýrek duş gelýär: Walter Nikolai (1873-1947)... Birinji jahan urşunda Germaniýanyñ hasabyna jansyzlyk eden we Fransiýada ele salnyp atylan tansçy Mata Harini gowy bilýänsiñiz. Birnäçe ýyllap jansyz bolup-bolmandygynyñ üstünde jedel edildi. Ikinji jahan urşy soñlananda nemes kontrrazwedkasynyñ arhiwine el uran ABŞ ýetmişinji ýyllarda çap eden "Gempp maglumatnamasy" bilen hakykaty äşgär etdi. “H-21” lakamly Mata Harini nemesleriñ "Abteilung III b" gizlin gullugyna alanam Walter Nikolaidir (Bu harby kontrrazwedka gullugyny 1835-1839-njy ýyllarda osmanly goşunyna geñeşdarlyk eden Gelmut fon Moltke 1866-njy ýylda döretdi). MRU-nyñ (CIA) habarnamasynda Nikolai jansyzlyk taryhynyñ belli aýallaryndan ("Madmauzel Doktor" diýip tanalýan) Elsbet Şragmýulleri-de gulluga alandygy aýdylýar. Garşyñyzda Ikinji jahan urşundan soñ 1947-nji ýylda Staliniñ buýrugy bilen ele salynan, Moskwa äkidilip soraga çekilende ölen, jesedi ýakylan we Donskoý manastyryndaky umumy mazara gömülen nemes kontrrazwedkaçysy dur... Geleliñ, onuñ biziñ bilen ilteşikli ýerine: * * * Polkownik Walter Nikolai Birinji jahan urşy döwründe nemesleriñ "III b" harby konrrazwedka gullugynyñ bölüm başlygydy (1913-1918). Iñlis, fransuz, ýapon, rus dillerinde suwara bilýärdi. Guran metbugat we propoganda ofisinde psiholigiki neşirleri çykarypdyr. Fotomikrografiýa ýaly döwrüniñ tehnologiýasyndan peýdalanypdyr. Uruşdan soñ otstawka çykanam bolsa, kontrrazwedkaçylyk işini gizlinlik bilen dowam etdiripdir. 1920-nji ýylda "Jahan urşunda kontrrazwedka gullugy. Metbugat we halkyñ ruhy ýagdaýy", 1923-nji ýylda "Gizlin güýçler. Halkara jansyzlyk we jahan urşunda göreş alyp barmak" atly iki kitap ýazdy... 1925-nji ýyl. Döwrebap kontrrazwedka gullugyny gurmak islän Türkiýä Ankaradaky nemes ilçisi - harby kontrrazwdkaçy we biologiki ýaraglar boýunça hünärmen Rudolf Nadolny kärdeşi Walter Nikolaini teklip etdi. Nikolai näme sebäp bilen gelýändigini beýleki ýurtlardan ýaşyrmak üçin Ankara nemesleriñ "Junkers" uçar kompaniýasynyñ işgäri bolup geldi! Daşary işler ministri Tewfik Rüştü Aras we Ýaragly Güýçleriñ Baş Ştabynyñ başlygy Fewzi Çakmagyñam arasynda bolan ýokary düzümli döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 1926-njy ýylyñ 6-njy ýanwary. Fewzi Çakmagyñ goly bilen merkezi Ankarada, bölümleri Stambulda, Izmirde, Adanada, Diýarbekirde, Karsda bolan MAH guruldy. Wenada, Kairde, Tähranda daşary ýurt wekilhanalary boldy. Merkezi binasy Ýaragly Güýçleriñ binasynyñ içindedi. Birinji başlygy podpolkownik Şükrü Ali Ögel boldy. Birinji etapda (Daşary işler ministrliginiñ düzüminden) alty adamlyk türk delegasiýasy Germaniýa gidip, Nikolaidan gysga wagtlyk okuw-türgenleşik tälimini aldy. Üç aýdan soñ Nikolainiñ özi Ankara gelip, birgiden işgäri gysga kurslarda okatdy... Nikolainiñ MAH bilen gatnaşygy ýigriminji ýyllaryñ ahyrynda gutardy. Ol Ykdysadyýet ministri Alfred Gugenbergiñ ýanyna maslahatçy bolup geçdi... * * * Biziñ käbirimiz entegem neoliberalizmiñ döwleti kiçeltmek üçin dolanşyga sokan galyndylaryndan saplanyp bilemzok. Erdogan gürrüñi "howpsuzlyk gullugynda raýatlaşmaga" getirip, munuñ ilkibaşda Turgut Özal bilen başlandygyny aýtdy. Adnan Menderes döwrüniñem MAH-y onçakly tanandyr öýdemok. Şonuñ üçin size "Baý Pipo" kitabymy okamagy maslahat berýärin! Galyberse-de, "raýatlaşma" adamyñ käri bilen däl-de, kellesi bilen baglanyşyklydyr. Meselem, MAH-yñ başlygy podpolkownik Ögel premýer-ministr Refik Saýdam gullugy syýasy işlerde ulanmaga synanyşan badyna, öz arzasyny ýazyp işden gitdi. Menderesiñ raýat MAH başlyklary bolsa guramany yzygiderli diýen ýaly syýasatyñ guralyna öwürdiler! MRU-dan alynan pully işlere girip, gürrüñi uzaldybam durmaýyn... Watan goragynyñ raýaty, harbysy bolmaz. FETÖ ýaly imperialistik apparatlaryñ psihologiki söweşine ýeñilmejek bolmaly. W.Nikolai diri bolsa, häzirki döwlet işgärleriniñ birentegine akyl sapagyny geçerdi! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |