09:41

Men indi gidýärin...

MEN INDI GIDÝÄRIN...

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem.
Ýogsa, gizlemäýin, bakyşlaryňam,
Bakmaýşyňam her gün düýşüme girer.

Men indi gidýärin, alajymam ýok,
Ygtyýarym — del elleriň oýnagy.
Başarmadym öz hususy bagtymy
Ýekeje ýürekde örkläp goýmagy.

Käte gussam bilen ikiçäk galdym,
Kä joşumdan ýol ýasadym göklere.
Şonuň üçin duýgy bilen badaşan
Dünýäm heňläp ýatan gowak ýalydyr
Öz hesreti, öz şatlygy ýoklara.

Agtarjak dünýäniň dört ýan tarapyn,
Tapynçam allardan alys ýerini.
Ýüregmi şeýle bir aýasym gelýär,
Şoň üçin gidýärin alyp serimi.

Sapa HOMMADOW.

пт, 26 апр. 2019 г., 18:24 Sapa Hommadow sapahommat@gmail.com

Категория: Goşgular | Просмотров: 531 | Добавил: Нawеran | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Sapadan yene bir ajayyp goshgy.jemgiyetiñ obyektiw hem subyektiw aleminden ozuñi cete cekmage meyil. Eysem,bu meyil-islegi oñlap bolarmy? Meniñ pikirimce yok. Cunki,adamzada goreshmek ukyby hem berilen ahyry!Yone shygyr oran tasirli. Gurruñ edere zat kop.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]