10:14 Merdana esger | |
MERDANA ESGER
Goşgular
Näbelli ýok munda, ol Belli esger, Ady dünýä ýaýran gudratylla ol. Gudratam alnynda, meger, baş eger, Taýdyr milýon-milýon ady bellä ol. Erk edýär ol esger egsilmez güýje, Didelerden köñül törüne çenli. Bardyr ol gerçekde dürli dereje: Watançy, Gaýduwsyz, Merdan, Edenli... Dünýäniñ öñünde haklap borjuny, Ýowuz jeñde bize bolupdy pena. Oña tagzym edýär indi barça il, Oñ ady dünýäniñ dilinde sena. Goradt ol ojagmyzy - öýmüzi, Gorady ýaýlalañ läle meñzini. "Gözel durmuş nurlandyrsyn, goý, sizi!" Diýip, ol haklady türkmen lebzini. Näbelli ýok munda, ol Belli esger, Gör, dünýä dur onuñ merdem egninde. "Batyr, sen bar, biz bar!" ýañlanýar sesler, Bu bagtyn Wagt alabilmez elinden... Hajy KAKALYÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |