09:20 Nury-didäm amanmyñ! | |
NURY-DIDÄM AMANMYÑ!
Goşgular
![]() Nury didäm! Başyñ sagmy? Amanmyñ?! Aladalar bilen güýmäp özüñi, Ýaşap ýörmüñ bu barlygyñ goýnunda, Unutdyñmy on dokuzyñ ýazyny? Gijeler erteki, gündizler baýram! Günler, aýlar geçip gitdi suw ýaly. Herimizi bir ýerlerden çykardy Täleýiñ mañlaýa ýazan ykbaly. Deregñi tutmady hiç mahal hiç kes, Aýdymlarym gussa bilen eýlendi. Ömrümi elekläp bagty gözlesem, Ýene senli günler öñe saýlandy. Belki, indi aýtmaly hem däldirin, Gözlegde geçenin ýaşan ýaşymyñ. Ynsan bagtly wagtyn özi duýmaýar. Islemändiñ çytylmagny gaşymyñ Nem gutarsa ýaşym bilen suwaryp, Guratman sakladym söýgi daragtyn. Garadagym! Janyñ sagmy, amanmyñ? Başyñ dikligini bilmegim - bagtym. Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |