16:25 Oñ sesi... | |
OÑ SESI...
Goşgular
![]() Depeden depä çykyp, Gagyldasa gargalan, Haram läşleri çokup, Ýigrenilen gargalañ, Dünýäñ eýesi ýaly, Oýnaýan oýunlarna, Haýran galyp oýurgandym, Çaga ýaly boýurgandym. Boýurganmam, Päk ynsabyñ, Çekýän jebriniñ agysy. Heý, öçermi "Wyždan" аtly, Bitmezek ýarañ awusy? Ejizlärmi heý-de, bürgüt, Görende erkin tawusy? Emma, Ygtyýarsyz bürgüt gördüm, Gysylypdyr gysymlara. Dag depesin küýsän wagty, Daş tapanok gysymla:ra. Oñ her demi "Daglar!"-diýýär, Bolsa-da, dara-direde. Görsene, bolýan ahwaly, Salypdyrlar ol bürgüdi, Kapasada, niçik derde? Birdem asmana garap, A poh çokan garga nirde? Diýenlere jogap boldy, Birden çykan bürgüt sesi. Oñ sesi, Ürküzdi müñ gargany, Şonça Tañry gargany. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||