16:55

Oýalykdaky düýş

OÝALYKDAKY DÜÝŞ

Adam diýlen ýüregi bir zat küýsese, göwün ýüwürdegen bolýar. Men-ä şoň ýaly bolanda köne suratlarymyzy öňüme alýan. Olar edil küşt oýny ýaly seniň pikirleriňi kän ýyl yza alyp gidýär-de, oýalykda düýş görýän ýaly bir hala düşýäň. Özem gowy düýş. Kä wagt öňüňden dünýeden öten ejeň ýa-da kakaň suraty çykaýsa, çala gyýyljak bolýaň welin, derrew olar bilen baglanyşykly bir süýji ýatlama ýadyňa düşýär.
Ýagdaýyny tapsam o suratlary ýeke özüm görmegi gowy görýän. Ýöne häli-şindi däl, bolaýsa ýylda bir gezek, hatda iki-üç ýylda bir gezek şeýle bolýandyr. Dogrusy bu juda az bolýar. Bolmanda aýda bir gezejik bir şeýdip, dünýäni unudyp, otursadym diýýän. Emma, megerem, o pursadyň üýtgeşikligem seýrekligindedir. Ýakynda-da şeýle boldy. Çagalar garyndaşlaryň biriniň toýuna gitdiler-de, öýde ýeke galdym. ,,Ýekelik Hudaýa ýagşy’’ diýleni, ýüregim gysdy. Kitaba, telewizora güýmenjek boldum, bolmady. Birden suratly albomlar ýadyma düşdi. Ýeňil gopup, olary öňüme aldym. Emma olary açmankam öňüme könelip giden depderçäm gaçdy. Daşy gökje depderime gözüm düşenden ýüregim jigläp gitdi. Ony ýanymdan aýyrman göterenime ýigrimi, ýigrimi bäş ýyl töweregi geçendir. Onuň nädip ýyrtylman munça ýyl galyşyna haýran. Depderçämiň sahypalaryny emaý bilen açyp başladym. Telefon belgileri, atlar, familiýalar... O telefonlar üýtgäp gitdi. Eýeleriniň hem öleni öldi, diri galany işini üýtgetdi. Olaryň käsi bilen juda yssy gatnaşardym, häzir setanda-seýranda bir görüşýäs. Hamala şol döwürki men bilen häzirki men başga-başga adamlar ýaly. O wagtlar uly oglum uluja agtygymyň ýaşyndady. Hakykatdanam şeýle üýtgäýdimmikäm? Geň duýgy bilen sahypalary agdaryşdyryp barşyma gözüm bir ýazgymda eglendi.
“Medeniýet nämekä? Her kimiň medniýetli bolasy, bolmanda görnesi gelýär. “Sende medeniýet ýok” diýäýseň, obada ekin-tikinden başga zady bilmeýän oglanam juda gaty görer. Hakykatdanam medeniýet nämekä? Gelin-gyzlarymyzyň geýýän uzyn köýnegimikä? Ýa gelinlerimiziň kyrk günjük atynýan şeýle owadan gyzyl kürtesimikä? Gapymyza eken, indem gyssagly kätmen urmaly kartoşkamyzmyka? Moskwaň mekdeplerinde okuwçylara kompýuter öwredýärmişler. Kompýuterden başy çykýanlar hakyky medeniýetlilermikä? Onda biz haçan medeniýetli bolarkak? Okan kitaplarym göz öňüme gelýär. Dostoýewskiý, Akutagawa… Öten agşam öýde dost oglanlar bilen oturdyk. Gramplastinkada Woznesenskiniň, Ýewtuşenkonyň goşgularyny diňledik – özleri okaýar. M. Kozakow Týutçewiň goşgularyny okaýar. Ýa-da medeniýet şumy? Birden-birden göwnüme medeniýet adamlary belli bir kadada ýaşatmak üçin akylly adamlaryň oýlap tapan ýasama bir zady ýalam görünýär. Göräýmäge, düşnükli zat ýalam welin, oglanlaň arasynda gürrüň gozgasamam hiç bir ýüregiňe jüňk bolup duran zat aýtmadylar. Hatda boýnundaky galstugyny görkezip “Medeniýet şu” diýip gülenlerem boldy. Menem alasamsyk görünmejek bolup deň gülmeli boldum. Hakykatdan-da meniň bu soragym alasamsygyň soragy bolmagam mümkin. Niçigem bolsa, medeniýet awtobusda ýaşululara ýer bermek ýa-da bilmän biriniň aýagyny bassaň “Bagyşlaň” diýmek, galstuk dakynmak däldir-ä? Göwnüme özümden medeniýetli medeniýetsiz ýasalýan ýaly. Hakyky medeniýet wyždany mydama oýaryp durýan bir zat bolmaly ýaly. ”
Bu ýazgymy okap pikire gidenimi duýman galdym. Surat görmek niýetimem unutdym. Dostoýewskini, Akutagawany ürç edip okaýardym. Şemiň ýagtysyna Bethoweniň “Aý sonatasyny” diňleýşimizem ýadyma düşýär. Emma meni hopukdyran zat medeniýete ýasama bir zat ýaly garaýşym boldy. Şol döwürler medeniýetiň nämedigini bilmeýän ýeke mendimmikäm? “Asyl ony bilmek nämä gerek? Olar boş, biderek zatlar. Medeniýeti iýip bolanok, satyp bolanok, geýip bolanok. Onsoň ony bildiň-bilmediň tapawudy näme?” diýen düşünje gaty ýoň bolan düşünje ýaly bolup dur. Gökje depderçämden kimdir biri: “Bethoweni diňleseň, makalalaryň, hekaýalaryň gazet-žurnallarda çap edilip dursa, eliň portfelli, boýnuň galstukly işe gidip-gelip dursaň, sakgalyňy syryp bolanyňdan soň ýörite ýag çalmany bilýän bolsaň – mundan aňyrda nähili medeniýet bolup biler?!” diýip duran ýaly. Gurbannazar Ezizowyň “Serpaý” kitabynyň ölenden soň çykarylmagy, öz döwründe Janna Smelýanskaýanyň Magtymguly baýragyna mynasyp bolup, Nury Halmämmede berilmezligi şonuň üçindimikä? Halk medeniýetiň nämedigini bilmese, şeýle bolmazmy, ýogsa?!
Depderçämi ýapdym. Başarsam, şol döwürki, nirä barýanyny bilmeýän ýaşlygymy hem ýapardym. Emma ony ýapyp bolmaýar. Oňa diňe düşünüp bolýar. O-da üstünden 25 ýyl geçen depderçäň öňüňden çyksa. Hernä toýa diýip giden çagalarym geläýdi. Olar meniň öňümdäki albomlara işdämen ýapyşdylar. Öýeräýmeli oglum “Kaka şu men-maý?” diýip ýylgyrýar. Çagalar bilen gyzygyp surat gördük, depderçäm bir gyra düşdi. Ol hiç kimiň gözüne ilenokdy. Menem başarsam oňa seretmejek bolýardym…

Hydyr AMANGELDI.

Surat: Pablo Pikasso / "Düýş"
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 292 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]