10:51

Podýumda

PODÝUMDA

Men... çykdym PODÝUMA.
Sen çetde dursuñ.
Geçmişimi görjek bolýañ ýeñseden.
Iki gözüñ aýagymda däl, bilýän.
Bolmasa... men,
ozup barýan ençeden.
Ýewa, Keýt Moss, Man Reý.
Ýewropa biçüwler, milli şaý-sepler.
18 sm ökjeli köwüş.
Otlukly bakyşlar... el çarpyşmalar.
Täze oturgyçlar,
Köne tanyşlar.
Fotosuratçylar... kamera, çyra.
Sen garañka siñdiñ,
Çekilip gyra.
Golaýladym "Marlboronyñ" ysyna.
Açyk saçym ýapyp, şlýapa bilen.
Kinaýamy, ýylgyryş ba ýüzüñde.
Bu çykyşym,
gysga filim... gözüñde.
Ýetilen bu menzil,
Çykan münberim.
(Bu münberi düýşde gören günlerim)
Göýä, era (belki, ondanam kändir)
Arzuwy bolandyr,
Meger müñleriñ!?
Kristi Tarlington muña mysal ki.
Seret, bak... men ýeñdim!
Durun belentde.
Hem, gidýärin peýwagtyma hoşlaşyp.
Ýadyñdamy?
Öñ men... garar durardym.
Garañkyda, tä ýitýänçäñ daşlaşyp.
Ah, indi ýatlama bolar
...ýadymda.
Göýä şonda ýöräp gaýdýañ,
PODÝUMDA...

Orazbibi MÄLIKGULY gyzy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 180 | Добавил: Orazbibi | Теги: Orazbibi Mälikguly gyzy | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Babyśgalaly57  
1599
''Podýum" наме диймек
болярка?

0
3 kungfuu  
1292
Şol suratdaky gyzyň ýöräp barýan ýeri.

0
2 kungfuu  
1292
Podium

0
4 pezzek  
1631
podýom, meselem bir depä dyrmyşmak dämi? ýagny tekiz däl ýer

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]