13:49 Pyýada ykbal | |
PYÝADA YKBAL
Goşgular
Atlylar deňiňden geçse seredip, Sen oňa kemsinme pyýada ykbal. Sen söýgini ýüregiňde eredip, Derýaýy-Nili-de gurmagyň ahmal. Bilýändirler öýdýär Güni ýöredip - Gülleri soldurjak ýekeje ahwal, Ýüpek deý köňlüňi bilermi ýyrtyp. Bil, kamysdan däl-de zannyň namysdan! Goý saýsalar saýsyn özlerin artyk Bu ýolda - Barybir ornuň seň başga. Hem olar indi has alysda, daşda. Gitsinler, bulama elýaglygyňy... Sebäbi sen olaryň söwer ýary däl. Hem gama basdyrma kalp baglygyny, Hakykatyň gözüne seret-de dogry, Tigirläpjik ýöre nesip kökäni Dünýäniň ýüzüne seredip dogry - Tapmaçaň çözgüdin çözýärsiň her gün. Çözgütler, çözgütler bu bary däl-ä, Hem Aýyň tegmilsiz doguşyn görgün. Suwlar durlanar, gizläp löderesin, Eý atly, ýolda atyñ bûdremesin! OGULJEMAL ÇARYÝEWA | |
|
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |