11:33 Rowiýa / liriki poema | |
ROWIÝA
Poemalar
Ýaňy leblerine inipdi şeker, Ýaňy durlanypdy ýaňagnyň aly. Aman-aman gözüň düşse enteder, Gözüniň garasy, Gözüniň agy. Owgan gyzy synlap kaddy-kamatyn, Uýalardy elwan gül deý görkünden Hem ýörän çaglary endiräp gidýän Kömelek deý güberçeklän göwsünden. Eý-ho! ...Owgan gyzy ...zemin gyzy däl, Ol bir ertekiden çykaýan hüýrdi. Sowlup gitdi diýlen on ýedi bahar Onuň jemalynda jem bolup durdy. Tans edäýse, dagy, guw deý Rowiýa Ýürek bary akar suw deý, Rowiýa. Ýel pyrlanar aýlansa ak çadyra, Ýer pyrlanar aýlansa ak çadyra. Teneçiriň ganaty deý perenje, Ýansam-ýansam diýer al-elwan çoga. Uklasa, zemine gara gije ger, Oýansa, al säher çaýylar göge. Dolan çadyraňa, dolan, Rowiýa, Rehmiň gelsin bu günäsiz illere. Gözelligiň güýji ýalan, Rowiýa, Seniň üçin şahyr dünýä inmese... Gyza gözdegmezlik dakardy ene, Körekenin gözläp hyýal-oýundan. Çal murtly atasy gorkardy ýöne, «Apatdyr» diýp gyzyň gülgün roýundan. Gorardy dogumly doganlar jigsin, Ýagşydan, ýamandan, yşkdan-heserden. Kim janyndan geçse Rowiýa degsin, Degsin jyda düşmek islese serden! Ýöne elwan güller güllese eger, Ýellerem öwüsse göwnüňi üwräp, Söýgüden goranyp bolmaýar eken, Ýok, bolmaýar eken söýgüden gorap. * * * Eý-ho... Ol gözleriň owadandygyn Hem ýylpyldap duran jadyly yşyk, Hem olaň şirinden şirin nazary Deşip, Gyzyň gara gözlerin deşip, Näzijek ýüregin saz kibi oýnap, Janyny alyp gelýär. Çeşme ýaly şildir-şildir şirleşip, Kalbyna akyp gelýär, Gözel çyra düşen jeren deý ýaýnap, Aýrybam bilenok gözden gözlerin, Aýdybam bilenok «bes, oglan» diýip, «Sowsana nazaryň, sowsana, oglan, Ýarylar ýüregim ýogsa-da, oglan» Diýjekdi gyz, emma diýip bilmedi, Damagynda doňup galdy dilleri. Iýip gelýär gyzy jadyly dide, Iýip gelýär gyzyň ýüregin myjap. Rowiýa owsunýar jadyly oda. Nirde sen gyz erki? Nirde sen ejap? Ýetiş, ahyr, ýetiş gyzyň dadyna, Güller solman diňe jöwzaň oduna, Hatda güli aparýandyr bagt bile, Alabahar şaglap gelen ak jala. Öýe gelýär sypyp garabasmadan. Ýaňaklary gar oýkalan mysaly, Laplap ýanýar. Utanýar, Uýalýar Rowiýa bolup barşyndan Hem-de kimdir biri eşdäýjek ýaly Uýalýar ol ýüreginiň urşundan, Süýjümtik awap dur şar gara gözler, Bir şirin zat galan ýaly göreçde. Sowlup geçýär ýat-ýakyndan görer diýp, Gözlerinden pynhan syryn görüşse... Wah, ol indi neneň öýlerne barsyn, Ýigit, ol gözeli nädip goýberdiň?!. * * * — Hiýh... Toba, Jan gyzym, näm boldy saňa? Näme beýle solgun gül ýaly roýuň? Kim göwnüňe degdi? Gitsin-dä gurap, Seň göwnüňe degen diller ylaýym! —Kelläm agyrýar—diýp, gyz başyn egdi. Özelenip pejin otlaýar ene, Dermanam içirýär gaýtadan gaýta. Ýok, olar derman däl gyzyň derdine, Ýok, olar derman däl gyzyňa, daýza! O derde uçranlar gutulmaz ýanman, Ýandygyça bagtly bolar göwünler. Bilýämiň, zemini persala edip, Deşim-deşim edip gögerýär güller. * * * Eýjejik gyz yşka ýüregin ezip, Ol derdine dowa tapman urundy Hatda ejesiniň şaman ody hem Oňa elwan bägül bolup göründi. Oňa guşlar guş dilinde eljiräp, «Yşka düşdüň, yşka» diýip gaçdylar. Gojaman daragtlar başlaryn yrap, «Nurbat aman» diýip pyşyrdaşdylar. * * * «Rowiýa! Ro-wi-ýa! Nazar sal bize! Edilsem-de tüýdüm-tüýdüm, Rowiýa! Gara çadyraňy aç emaý bile, Göreýin hyýal deý düýşüm, Rowiýa! Rowiýa! Ýa-ha perenjäňe çolanaýyn men, Ýa-da perenjäňe çolansyn meýdim. Maňa bir posa ber gülgün leblerden Rowiýa! Ro-wi-ýa! Men seni söýdüm. Şol leblerden sordur maňa awy ýa, Rowiýa! Ro-wi-ýa!» Ýaňlanyp dur aýdym, birehim aýdym, Aljyraýar, Owgan gyzy haýygýar: «Hany, aýdyň! Meniň bagrym suw edip, Şol aýdymy, şol aýdymy kim aýdýar? Senmi, şemal? Ýakma meni beýdip bir, Ýeri, näderin men ejem eşitse. Goý, şabrap eresin daglaryň gary, Sen ony aýdyp ber daglara git-de Senmi, ýagyş? Maňa rehim et, ýagyş, Näderin agalam eşitse eger. Goý, çöllerde ýaşyl össün ýaşaýyş, Ol aýdymy sen çöllere aýdyp ber. Gije, senmi? Söýgi bile oýnama, Syrymy jahana ýaýarsyň, gije! Men-ä bir ah çekip köýer giderin, Sen menden ot alyp, ýanarsyň, gije!» ...Asmanam, zeminem durşuna owaz, Rowiýaň gulagy gapylýar ýaňdan. «Bes et, şemal, Bes et, ýagyş, Bes et, eý, gije! Iller neýlär syrym illere ýaýsaň!..» ...Ýürek gursagyna syganok gyzyň, Gyz bolsa syganok kaşaň jaýyna. Möňňürip ümdüze gidesi gelýär, Aram tapman, Orun tapman janyna. Ýok, ol söýgi däldir sygsa bir köňle, Pynhan saklap bolýan bolsa yşk däldir. ÝA aýdyma dönüp geçmese dilňe... ÝA mukama dönüp geçmese elňe Söýgi ýüregiňi weýran edýändir. Söýgi bormy bir köňüle ýerleşse, Heý, bir köňle ýerleşenden bagt bormy?! Ol yşkyň buşlady öz jorasyna... Ýogsa yşk gözünde lowurdap durdy. * * * Sawçylaram eňilip dur eňaşak, Görmedi gyz öýüň «myhmansyz» wagtyn. Çal murtlak atasy ýeňsesin gaşap, Saýlaýar owadan gyzynyň bagtyn. Daş obadan geldi ýigdiň ejesi, Geldi... Gitdi... Geldi, zaryn eňredi, Ýagyr prozanyň lenç edişi deý Gyzy olar aşygyna bermedi... «Otly nazaryna ýandyran oglan, Oglan däl-de, ot bolsadyň eger sen, Al-ýaşyl ýalyna özümi oklap, Başymy bu dertden halas ederdim. Bagt diýýärler, bagt diýýärler söýgini, Bagt diýilýän söýgi şu bolsa eger, Gaýtaryp al-da sen datly görgiňi, Eý, taňry, öňküje betbagtlygym ber. Näletsiňmiş bagtym, sataşdyň nirden, Nirdem şum bagtyma ýolukdyň, yşkym?! Sen diýip geçdim men namysdan-ardan, Sen diýip öýümden-ilimden geçdim. Ulus-il ýüzüni sowsa-da, oglan, Sen meni geçirdiň ene mährinden. Gaçyrdyň namysyn basyp pederiň. Bu dertden dynara yş barmy maňa, Men neneň ederin, Neneň ederin?! Gel, aldy ýüregim howsala, oglan, Ýarylar ýüregim ýogsa-da, oglan!..» * * * Böwrüne bat bilen depilen motor, Gaharyna köpek kimin hyňranýar, Bolanok. Aljyrap depýär, bolanok, Diňe Rowiýanyň kalby ot alýar. — Ýör, gideli, Ahat, Ahat, gideli! Tutulsak ajal bar, Ýok bize puşman. Hanjak gitsek şoňa gideli weli, Gutulsak bor ölmüň eline düşmän. — Näme birden ýatyberdi içigar, Gyssanma, derrewjik taparyn kemin. Tapdym, tapdym, men ykbaly keçi gör, Asyl munuň ýagyn açman ekenim. Kölgesine büdüreýär gyssanan, Aljyramak—ýitirmekdir huşuňy. Uly zatda hernä kiçi ýalňyşlyk Görüp gelýär adamlaryň işini. Şol mahal goşa ot sowruldy göge: — Dur eşşek ogrusy, butnama, gaçma! Gozganmaň, azgynlar, size aslynda Gaçybatalga ýok ajaldan başga!— Atlaň dükürdisi, Köpegiň sesi, Gara gijäň depe saçy düýrükdi. Bir damja gan ýaly çym-gyzyl ýyldyz Gap-gara asmandan aşak syrykdy. Owgan gyzy tebil tapyp jeren deý, — Wah, Ahat jan, gutardy - diýp dil ýardy. Çar ýandan, bar ýandan goşa nil kibi Gan öýülen gözler ýanyp gelýärdi. Alaçsyz aşyklar garpyşyp bir dem, Otly lebler sordy gyzyň leblerni. Şo pursat söýginiň ähli lezzeti Ýeke posa, Ýeke posa jemlendi. Belent heňden ýolnup, ýaň salyp giden Tar ýaly ýürekler heýjana geldi. Şo pursat ýaşaýşyň ähli manysy Ýeke posa, Ýeke posa direldi. («Dünýä bir hoşsurat owadan gyzdyr» Giden ýokdur onuň mährinden doýup. Ajal gelse, tamam kylsaň ömrüňi Ýaşaýşyň lebine dodagyň goýup...) — Bagtyýar, men, seň goýnuňda jan berýän, Bol, ezizim, meni elin sen öldür. Yşkyň jepasynyň eziz bolşy dek, Täleýi ters yşkyň ölmem ýeňildir. Meni posaň bilen bogsana, oglan. Kakam gandar bolar ýogsa-da, oglan!— ...Topuljakdy Ahat aç arslan ýaly, Jan berjekdi gan deregne gan içip, Emma Rowiýanyň gül deý synasyn Özgäniň hanjarna galdyrsyn niçik?! — Bol, eglenme, Bol, ezizim, eglenme, Geldi aşyklaryň ahyrzamany. Ýigit dodagyny goýup leblere, Emaý bilen sançdy gyza gamany... —Ýandyryň azgyny, ýandyryň derhal, Ol bizde kada. Goý, ýansyn jigerim, Goý, ýansyn ömrüm. Men namysyz ýaşap bilmen dünýäde. Gyzsyz weli... mydar edip bilerin. Ýandyryň olary gara kül edip, Bir demde buz bolup doňan namysy Şol otdan başga zat bilmez ýyladyp. ...Ýalyn galdy tüweleý deý towlanyp, Lowlap galdy, güwläp galdy, eý aman. Ýigit Rowiýasyn bagryna basyp Durdy oduň ortasynda butnaman. Ýer-gögüň arasy uçgundan doly, Ýyldyzlaram uçgun, Dünýä uçgundy. Sary dil ýalynlaň owazy ýaly Zemini lerzana salýan ýaň bardy. Zemin ýanýardy. Ol alow ot däldi, Ol beýik—SÖÝGI Gazap bilen syryn dünýä ýaýýardy. Rowiýanyň gara çadyrasy deý Gara gije ýanýardy, Gara gündiz ýanýardy. Gara gije—ýarganatyň ganaty, Gara gündiz—gara adatyň gaflaty Ýanýardy. Ýakýardy dünýäni SÖÝGI, Owsunýardy ýalyn sil deý bat alyp. Göreçleri köz deý ýanýan gandarlar Ýanýardylar gözlerinden ot alyp... Söýgi ýakýar eken, ýanmaýar eken! Söýgi ýüregne ot berdi tünüň. Aşyk-magşuk bir-birine çyrmaşyp Durdy ortasynda al-elwan gülüň, Nesip etmän boýna oralan kepen Ot içinde myradyna ýetdiler. Olar ýalnyň dillerine dolanyp, Rowaýata göterilip gitdiler... * * * Kem-kem kämilleşip, özgerdi durmuş, Üýtgedi owganlaň gadym kadasy. Öwezin dolmajak bagtyn ýitirip, Şu günlere geldi gyzyň kakasy. Toý tutdy, Tutumly toý tutdy goja, Bahara meňzedi onuň howlusy. Agtygy söýenne öýlenýär bu gün Hem söýüp durmuşa çykýar çowlugy. Bulgur göterilýär şanyna söýgiň, Aýdym-saz... Göwünler uçaýjak bolýar. Şol goja entiräp kyrk ýylrak ýatan Motor ýanygynyň ýanyna gelýär. A ot bolsa şindem alowlap durdy, Ol indi ot däldi, dönüpdi güle. Goja gözýaş bile söndürjek bolup, Gaýta suwarýardy gözýaşy bile. Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |