19:24 Sadalyk | |
SADALYK BAŞLAR
Goşgular
Ömri sypap geçse, kämillik ýeli, Biderek gepleriň azalyp başlar. Sadalyk küýseýän - diýsem, diýdiler Paýhasyň goýalsa, sadalyk başlar. Etmeli zatlary kän edipmidiň? Etmesiz zatlary kän edipmidiň? Diýýärin özüme: - Nämedipdirin? Güýz gelse jüýjeler sanalyp başlar. Etmesiz iş etseň, il seni geňlär, Etmeli iş etseň, il seni diňlär. Ýagşylara duşsaň, göwünler giňär, Ýamana sataşan daralyp başlar. Bimany gepleri aýtmak aýyp, Sözüň söze meňzär aýtsaň anyk. Sowuk sözüň aýtma, yssy söz aýt, Sowukda ýapragam saralyp başlar. Ömri pasyllara meňzeden men däl, Pasyllaram biri-birine deň däl. Ýaz, tomus, güýzden soň gyş gelse geň däl, Gyş gelse, dag başy agaryp başlar. Bu dünýäniň oýunyna serediň, Näme etseň, gaýdyp gelýär edeniň. ...Saglygyňy göra, ýogsa bedeniň Gojaldykça senden ar alyp başlar. Ýagşy-ýaman köpdür, göwnüňe alma, Ýagşylarny ýaýgyn, ýamanyn ýaýma. Basma, ýüreklere bitmejek tagma, Wagt gelse, çybanlar ýarylyp başlar!.. *** Her kim gowulara meňzejek bolýar, Gowy gowy zada meňzejek bolmak. Ynsanyň öňünde bir maksady bar: Maňyzly ýaşamak - gowy bolup bilmek. Menem ýaşap ýörün hyjuwdan dolup, Etsem-petsemimi goýup öňümde. ...Pespäl pederime meňzejek bolup, Otyryn atamyň garry öýünde! *** Teşnelere çeşme bolup bilsedim, Ylham, gir sen, ýüregimi aç-da meň. Käte "Şahyr" diýip adym tutýarlar, Şahyrlykdan bir ömürlik daşda men. Şahyr däldigimi bilýärin özüm, Oňa mynasyplar bagtlydyr neneň. Ýene "Şahyr" diýip adym tutýarlar, Käşgä, şahyr bolup bilsedim menem. Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |