12:37 Saña ýazan ilkinji goşgym! | |
SAÑA ÝAZAN ILKINJI GOŞGYM!
Köňlümiň gapysyn assadan kakyp, Göwnümiň törüne gadamyň basyp Göwnümi hem tapyp, hem gama batyp Indi näme üçin beýle gynaýaň?! Seniň bilen geçen günlerim ýatlap Bir aglap, bir gülüp seni ýat etdim Köňlümiň töründe ornuňy berip, Bu gün indi “hoş gal”, seni terk etdim. Ýagyş damjalarna nazarym aýlap, Soňlanan duýgyma ýaşlarym nalap Saňa bolan duýgularym unudyp, Bu gün hoş gal diýip, seni terk etdim. Ýagyş ýagýar ýodalary suw edip, Gözlemdäki ýaşlar ýüzüm suw edip Bu damjalar duýgularmam ýuwsady, Saňa bolan söýgim indi sönsedi. Bagtly bol mydama şatlanyp ýörgün, Gam-gussa, alada senden ýat bolsun Durmuşyň mydama ap-akja gar deý Tämiz hem arassa bagtdan dolsun! Sensiz başlan täze durmuş ýolumda, Ýekeje zady men sargyt edeýin Duýgusyz kalplaryň gapysyn kakma Duýgusyn oýaryp soň gama atma! Sähra KURBANBAÝEWA. | |
|
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Galmady / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |