21:27 Söýgi çeşmesi / şahyrana esse | |
SÖÝGI ÇEŞMESI
Oýlanmalar
Kiçijikkäm suratkeş bolmak arzuwym bardy. Bir gün surat sapagynda mugallym bizi derýanyň kenaryna alyp bardy. Ol ýer şeýle owadandy, gözüme şeýle yssy görünýärdi. Duran ýerimiz kert gaýady, aşakda şildiräp, towlanjyrap derýa akyp ýatyr. Onuň iki gapdaly ýylgyn tokaýlygyna bürenip otyr. Jeňňellikden aňyrda obadaşlarymyzyň mellek ýerleri ýaýylyp, depeleriň etegine ýetip dur. Depeleriň aňyrsyndan belent-belent daglaryň gerişleri görünýär... Ho-ol, uzak gözýetimde daglar asman bilen tapyşýar. Ynha, men synpdaşlarym bilen durun. Elimizde surat çekmek üçin ähli gerekli esbaplar bar. Ýörite tagtajyga berkidilen akja kagyzam: «Meni bezäýiň-dä, tebigatyň bu gözelligini meniň akja ýüzüme nagyşlaýyň-da» diýip duran ýaly. Ak kagyzyň sözlerini eşiden deý, mugallym: — Okuwçylar, ine, siziň alnyňyzda janly tebigat. Şol bir zada seredip, adamlaryň hersi düýbünden tapawutly zatlary görüp bilýär. Geliň, bizem özümizi synap göreliň. Belki-de, özümiziň döretjek keşbimiz arkaly geljek barada arzuwlarymyzy suratlandyryp bileris. Hany, onda başlabereliň... — diýipdi. «Wah...» Men ahmyr bilen hyrçymy dişledim. Men surat çekip bilemokdym. Aňymda şeýle bir üýtgeşik pikirler, ýüregimde şeýle bir üýtgeşik duýgular at çapýardy. Emma men olary tutup hem, kagyza geçirip hem bilemokdym. Obamyz şeýle bir owadandy welin, hut şol sebäpli suratkeş bolmak isleýärdim. Oňa bolan söýgim içime syganokdy. Men ol wagtlar bu zatlara düşünmeýärdim. Emma indi şol günleri ýatlap bir zada göz ýetirýärin: men gözellige aşyk bolan ekenim. Aşyklygymy aňlap hem aňladyp hem bilmän kösenýän ekenim. Belki, şol sebäplidir, çolarak ýerler meni özüne çeker durardy. Howlymyzda mellegimiziň çeträginde ullakan hoz agajy bardy. Onuň berdaşly «gollary» meni arkaýyn göterýärdi. Men onuň ýokarky şahalarynyň birinde oturardym. Serimde nähilidir owazlar peýda bolýardy. Hiňlenip başlaýardym, sözlerem dilime geliberýärdi. Aýdym aýdýardym. Şeýdip aşyklygymy agaçlara, esasanam hoz agajyna gürrüň berýärdim. Bu bolup ýörşümiň näçe wagt dowam edenini bilemok. Bir gün elim kagyz-galamly mellege siňdim. Adatça, günde synlaýan serçe dostlarymyň bu günem her bir hereketlerini yzarlap otyrdym welin, birdenem bir zatlar dilime geldi. Men bu gezek olary kagyza geçirdim. Belki, şonda ykbal maňa gyýlyp: «Surat çekip bilmeseň, söýgiňi söz bilen düşündiräý» diýen bolmagy mümkin. Has soňrak men mähriban obamyň gözellikleriniň suratyny söz bilen hem çekip biljegime göz ýetirdim. Suratyny çekdim Belent gaýalaň Eteginde gök kürteli jülgäniň. Surat çekip, Reňkler bilen görkezdim Hyýallaryň çyna uçrap güllänin. Surat çekdim, onda Aýdaky daglar Topbak-topbak bolup Gonupdyr ýere. Durmuşyň yşkyna düşüp giň sähra Gülälek köýnegin geýipdir ýene. Uzaklarda öýler hatarma-hatar Gizläpdir olary uzyn derekler. Hanha, agras dymyp otyr degirmen Yhlas bilen kän işländir birçaklar. Ylgap barýar gulpaklyja gyzjagaz Çörek yapýan ejesiniň ýanyna. Bir gyrada çilik oýna gyzygyp Oglanjyklar topbak bolup dur, ana. Gözýetim alysa uzalyp gidýär, Gursagynda zawly daglary saklap. Towlam-towlam derýa ýatyr arada Zeminiň üstüne özüni oklap. Surat çekdim, çekdigimçe güýjedi Joşgunyň mukama öwrülen keşbi. Geň ýeri, egnimden aýrylan ýaly Boldy agyr ýüküň agramly keşgi. Ençe wagt bagtyň keşbini gözläp Asyl, şu suratda tapan ekenim. Meni kiçilikden söýüp ulaldan Watanmyň suratyn çeken ekenim. ...Eziz obam. Gurjak oýnap, gyzyl gülälekleň içinde ylgap, eneleriň hüwdüsini, çagalaryň gülküsini diňläp, goýnuňda kemala geldim. Seniň süýt kimin gaýmaklan säheriň, simfoniýany ýada salýan horazlaryň owazy, ak gijeler ýyldyzlaryň astynda arzuw bilen uka gidişim, ertesi ýene-de şemalyň ugruna galgaýan akja tutularyň ýüzümden sypap, meni oýaryşy, ejemiň tamdyrdan çykan mele-myssyk çöregi, kakamyň gyzykly başdangeçirmelerden doly söhbetleri, obadaşlarymyň mähirli ýüzleri.., seniň ähli zadyň meň üçin ezizdir, mähriban obam. Menligim sendedir, sendedir, obam, Nepesiňden öz-özümi aňlaýyn. Senden ylham alyp, ýüregim bilen, Bir bölegiň bolmaga bil baglaýyn. Han-ha, obamyzyň ilersinde ýerleşen baýyrlar. Bu wagt olar ýaşyl don geýnipdirler. Öňümden gulpagyny tasadyp öz kiçilik keşbim aýakýalaň ylgap geçip gitdi. Joralarymam bar. Biz ýüzärlik ýygyp ýörüs. Baýryň jümmüşinden ýol ýasan çaý bu wagt suwlanypdyr. Sünt-Hasaryň gyşda ýygnan suw goruny gözel çaýymyz baharda obalara paýlap ýör. Biz ýygan ýüzärliklerimizi bir ýerde desseläp goýduk, ony eltsek, öýdäkiler begenerler. Ýüzärlik bizi dürli dertlerden goraýar ahyry. Indi bolsa gülälek ýygýarys. Olary üç örüm şekilli örüp, tegelekläp, başymyza geýýäris. Joralarymyz bilen bir-birimize aýna bolup, gelşip-gelişmändigini bilýäris. Birden öýe gaýtmalydygymyz ýadymyza düşýär. Gül-gülälekli baýrymyzy taşlap gaýtmak kyn düşse-de, öýe gelýärin. Uýam ylgap öňümden çykýar. Elimden ýygan ýüzärligimi alýar-da, ylgap ejeme buşlamaga gidýär. Uly otagdan darak sesi eşidilýär. Ejem dokma dokap otyr. Öye girýän weli, ejem: — Bar, gyzym, şu dokmanyň gyryndysyny eneňlere alyp git. Eneň tamdyr suwajak diýdi — diýip, meni atamlara ugradýar. Barsam, enem ýanyk ýaýyp dur. Maňa bir gap getirder-de, içine agaranyň ýüzüne çykan ýagy syryp alar. Soňra ony otda ýakyp saryýag eder, şeýle tagamly nygmatdyr. Şeýdip wagtyň nädip geçeninem, baharyň soňlanyp barýanynam duýman galarys. Wagt bolsa şol ylgap barýar. Ýene-de bir gün men enemlere doganoglanlarym Jeren bilen Jemiläni görmäge geldim. Ýöne olar derýanyň aňyrsyndaky mellek ýerimize gidipdirler. Mellegimiziň daş-töwereginde ýabany böwürslen ösýär. Ony hiç kim eli bilen ekmändir. Belki, ol hem obamyzyň gözelligine, mes topragyna aşyk bolup, şu ýerde gögerendir. Böwürsleniň miwesi diýseň tagamly bolýar, ol dermanlyk hökmünde-de ulanylýar. Asyl-ha, mähriban obamyzyň arassa howasy, her daban ýeri, gül-gülälekli sährasy jana şypady. Käte, hol, ilerimizdäki söwüdiň saýasyndaky sekiniň üstünde oturyp, alys gözýetimi synlamagyň, gör, neneňsi üýtgeşik lezzeti bar. Daglaryň başyna akja bulut öýme kimin oranyp dur. Asuda durmuşyň jümmüşinde oba zähmeti gaýnap joşýar. Adamlaryň kimsi eline pil-kätmen alyp, mellekden gaýdyp gelýär, kimsi mallaryny öňlerine düşürip, ojaklaryna dolanyp gelýär. Bu ýerleriň arassa howasy, mährem adamlary, mele topragyň ysy, giň sähranyň gyzgyn gujagy meni mydama özüne çekip dur. Her birimiziň Watana bolan söýgimiz hut şu ýerden-mähriban obaňdan, göbek-ganyň daman topragyndan başlanýan eken. Käte hyýalymyzda gamsyz çagalygyň serhedine geçip gitmegimiz biziň öz-özümize baha bermegimize mümkinçilik berýär. Öz-özüne düşünip,özüni tapyp bilen adam bolsa öz bagtyny tapyp bilýär ahyry. Şeýdibem, biziň kiçijikkäk dörän gözellige bolan söýgimiz ýuwaş-ýuwaşdan ulalyp, bir bitewiligi — Watana bolan söýgini kemala getirýär. Biziň her birimiziň köňlümizi joşdurýan söýgi çeşmesi öz gözbaşyny dogduk depämizden alyp gaýdýar. Ine, indi oba adamlarynyň her biri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyň ýoly bilen barha belentliklere sary ilerleýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda obalaryň durkuna, ösüşine uly üns berilýär. Tüweleme, obalarymyz şäherler bilen bäs edýär. Bu gözellikleri görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Bu gün ertekileri ýada salýan ýurdumyzda her bir raýatyň gursagy mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere, ýetilýän sepgitlere bolan buýsanç duýgusy bilen batly urup dur. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda dünýäniň çar tarapyna uzaýan gara ýollar, demir ýollar we howa ýollary diýarlary — şäherlere, şäherleri — obalara, adamlary bir-birege has-da ýakynlaşdyryp, ynsanperwerligiň hem-de dostlugyň baýdagyny belentden-belent pasyrdadyp barýar. Meňli AŞYROWA, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |