20:41 Surat / nowella | |
SURAT
Hekaýalar
Dünýäniň işlerini diýsene! Hemişe nirädir bir ýere gyssanýaň. Hemişeki ýaly aýak üstünde naharlandym. Ejem hemişeki ýaly gyssaýardy: - Otur, oglum, birdem. - Bolýa gitdim eje. - Dur, oglum - Ejem gözlerime başgaça mähir bilen garady- Gürrüň bar. Duran ýerimde el sagadyma seretdim: - Häli benzin guýdurmaly, iş ýere, redaksiýa barmaly... Näme üçin? Ejem ýüzüme müýnli seredip otyrdy: - Surata düşeli, oglum. - Näme üçin? (Men haýran galdym). - Ýakynda men olýän. Ejem bu gepi gaty arkaýyn "men goňşulara gidip geljek" diýen ýaly edip aýtdy. Men güldüm: - Goýsana, eje - diýdim-de, çykyp gaýtdym. Aradan iki hepde geçdi... Häli-häzirem oýlanýan: sen namart, sen samsyk näme üçin, näme üçin şonda güldüň? Surata düşmäne wagtyň ýokmudy? Gerek bolsa tapardyň-a. Kitap üçin, žurnal üçin, iş üçin... Sen kim? Kinoýyldyzmy? Dünýä belli şahsmy? Anha bir bölek suratyň ýatyr. Her dürli. Her ýerde. Diňe... Diňe ejeň bilen düşen suratyň ýok! Ötgir HAŞYMOW, özbek ýazyjysy. Terjime eden Merdan HUDAÝGULY. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |