19:52

Suratkeş

SURATKEŞ

Sessizligiñ suratyny çekermiñ?
Ýada meniñ görgülermiñ.
Hem-de ruhy urgularmyñ.
Duýgularmyñ,
sargylarnyñ... resmin çekermiñ?
Pablo Pikasso kysmy.
Hesretimi ak kagyza dökermiñ?
Gözüñde galmadyk gözmüñ.
We, ýa pyşyrdysyz sözmiñ.
Gözlegimiñ sulbasyny... çekermiñ?
Ganaýan göwnümi reklama edip.
Äpet monitorda sereşläp ile.
Müñ ýagmyra böleklenen kirpiklem.
Molbertinde, Jon Rendiñ.
Çekip başararmyñ?
Kükregimiñ gohuny.
Hem mediwan ruhumy.
Ýanwaryñ... atyr ysyny.
Ýorganymyñ howasyny.
Eliñ degirmedik saçlarmyñ ujun.
Özüñe çekmedik inçe bilimi.
Hozuñ ýagyn, güle garyp çekermiñ?
Asman gözlerimi çarçuwaña sal.
Çep gözümde hal.
Howadan ugradýan öpüjüklermi,
Damla-damla al...
Seniñ maña tarap ylgap gelşiñi.
Meñ ýylgyrşymy...
Pisse peroñ bilen çeksen-e,eziz?
Eýse, Klod Mone çekmändir heniz.
Kimse, hiç haçan.
Şu şäherde aýry-aýry bina çek.
Gije, daña çenli çyrasy ýanýan.
Internedi öçüp galyp...
Telefonyñ ol ujunda uklaýan.
Bendiwanyñ suratyny çeksen-e?
Sessiz-üýnsiz.
Ikimizsiz gijäni.
Hem çykmadyk bijäni.
Ýagmyry diñmeýän nury-didämiñ,
suratyny çekermiñ,
Pleněr... edip?

Orazbibi MÄLIKGULY gyzy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Orazbibi | Теги: Orazbibi Mälikguly gyzy | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

At galar / Goşgular - 11.02.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]