GALKYNAN GÖWÜN
Şahyr Allaýar Çüriýewiň döredijilik ýoly ýarym asyr mundan öň aýdylyp başlan «Gel, obamyň lälesi» aýdymyndan gözbaş alýar. Ondan soň dörän «Deňiz guşum», «Uruş weteranlary», «Dagly gyza», «Damjalar», «Çyralar», «Ýalkym saçan Aý», «Sen aýdymyň aşygy» ýaly ýüzlerçe aýdymlar häli-häzirem il-güne hezil berip gelýär. Şahyryň sözlerine döredilen «Prezidentiň ýüregi», «Arkadag bilen», «Türkmenistanym» ýaly birnäçe aýdymlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspnamasy bolup ýaňlanýar.
Ýakynda şahyryň okyjylaryny begendiren waka boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Allaýar Çüriýewiň «Galkynan göwün» atly goşgular kitaby 4 500 nusgada çap edildi.
Bu goşgular kitabynyň mazmunynda Watan, toprak, il-gün ýaly mukaddes gymmatlyklar özboluşly äheňde sazlaşyk tapýar. Wagtyň köneldip bilmejek adamkärçilik gatnaşyklary sada, düşnükli dilde, filosofik pikirlere ýugrulyp, okyjynyň bada-bat ýüregine ornaşýar. Goşgular düşnüksiz çylşyrymlylykdan azat. Şeýle ýagdaýyňam özüne ýetik sebäbi bar. Olam şahyr Allaýar Çüriýewiň durmuşy inçe yzarlap bilýänliginde bolsa gerek. Ol ýaşaýşyň her bir tilsimini gözden sypdyranok. Adamzadyň dünýäsi bilen ýaşaýar. Oňa özüçe seljerme berip bilýär. Ýazgymyzy şahyryň «Häsiýetnama» goşgusynyň setirleri bilen jemlemegi jaýdar tapdyk:
Dostum, saraýşy deý gurçugyň pile,
Serde saraýan pikir.
Şeýdip ýaşap ýörün
Hudaýa şükür!
Sähetmyrat KAKYŞOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Edebiýat täzelikleri