14:32 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Güjüjek | |
Gije.
Hekaýalar
Çabga. Dünýe suw-sil. Tok öçdi. Tüm-garaňky. Oglanjyk gorka-gorka işikden garady-da, ylgap ýagşyň aşagyna çykdy. Bagyň düýbüne barmanka, öl-myžžyk bolup, ezildi. Kibtini gysyp durşuna, howul-hara işini bitirdi. Yzyna ökjäňi götermekçi bolanda-da, bagyň düýbünde bir gysymjyk bolup çugutduryp oturan tüý üýşmejigine gözi düşdi. Tisgindi. Emma, näme üçindir, gidibermedi. Sägindi-de, aşak oturdy. Tüý üýşmejigi naýynjar güjük sesi bilen ýuwaşja çyňsady. Oglanjyk ony sypalanda çaga güjügiň süňňi bilen galpyldaýandygyny syzdy. Dözmedi. Göterdi-de, alyp gaýtdy. Bassyrmanyň aşagyna getirip, köne keçäniň üstünde goýdy. Garaňky aşhanadan esgi alyp gelip, güjüjegi gowy süpürdi. Soň öýe girip gitdi. Biraz eglenip, eline içi süýtli ýalpajyk tabak bilen bir döwüm ýumşak çörek alyp çykdy. Çöregi tabaga owradyp, güjüjegiň öňüne süýşürdi. Ýene-de sypady. -Sen, iýip bolgun-da, ýatybergin! Gorkmagyn, özüňem! Ertir seni alyp galmaga rugsat berer ýaly, ejem-kakamy yraryn. Kowmazlar. Olar gowy adamlar! Bolýamy?! Hä?!-diýip pessaýja pyşyrdady. Güjük garaja gözlerini akyllylyk bilen ýumjukladyp, oglanjygy synlady-synlady-da, alkymyndaky tabaga egildi. Oglanjyk pallady-da, öýe ýumlukdy. Öl eşigini çalşyp, düşegine geçen dessine-de myrlap, uka gitdi... ...Birhaýukdan soňam nähilidir bir öljümek zadyň aýasyndan çala gysyp, elini çekýändigine allaniçigsi bolup oýandy. Ol zähresi ýarylana dönüp, gözüni açyp dik oturanda ýaňky güjüjegiň dişsiz agzy bilen elinden dişläp dartýandygyny, ala-başagaý bolup çyňsaýandygyny gördi. Bimaza edilenine oglanjygyň girre gahary geldi. -Sen-eý, öýe nädip girdiň?! Işigiň yşyna burnuňy sokup açdyňmy?! Kim saňa öýe girmäge rugsat berdi?! Bar, çyk, derrew öýden!-diýip pyşyrdyly hüňürdedi-de, elini güjügiň agzyndan sypdyryp, onuň tüýlek kellejigine gaharly kakyp goýberdi. Emma, güjük ynjyly çyňsasa-da, yza tesmedi. Gaýta, ýene-de oglanjygyň elinden dişläp, ony nirädir bir ýere dartmaga dyrjaşdy. Oglanjygyň hasam gahary geldi. -Aýrylsana-aý! Näme gereg-äý, saňa?!-diýip, ol güjügi “hütüledip” eliniň tersi bilen itenekledi. Birdenem, burnuna hapylap porsy ys urdy. Bada-badam, gapylaryna ýakynda gurnalan demir pejiň gapdalyndan “waşylap” ses çykýandygy aňyna ýetdi. Gaz şlangasy! Sypypdyr! Howsala düşen oglanjyk, özüniň näme edýändigine-de düşünmän ilki bilen çyrany ýakmaga topuldy. Emma, ýumruk ýaly güjüjek bir bökende onuň öňüne geçdi-de, göwresine gelişmeýän yzgytsyzlyk bilen hyňranyp, ony diwardaky düwmä tarap goýbermedi. Oglanjyk dessine akylyna aýlandy. Ilki bilen, hasyr-husur gazy ýapdy. Soň penjireleri, gapylary serpdi. Soň ýuwaşlyk bilen, ejesini-kakasyny, doganlaryny oýardy. Hemmeler oýananda, ýaňkyja güjüjek eýýäm öýde ýokdy… | |
|
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||