16:19

Ýetim

ÝETIM

Eý, tüwmaýak galan ýetim...
Mähir bolup, gazap bolup.
Ýemen, ýewreý, arap bolup.
Ýaşabiýrsiñ... öz künjüñde.
Dünýäñ tabagynda aşy bolmadyk.
Manysyñ-mañyzsyñ daşy bolmadyk.
Epos, epopeýa... barylmadyk ýol.
Kendi, gutarnygy, başy bolmadyk.
Sebäbi sen, bir tüwmaýak ýetimsiñ.
Toý-meýlise çagyrsalar.
Ornuñ i:şikdigin bilýäñ.
Henek-oýna ýylgyrsañam,
kalbyñ deşikdigin bilýäñ.
Işe gider, dolanarsyñ.
Göwnüñ ýarym, boýnuñ buruk.
Gapa ýetip diñşirgärsiñ,
"Näme ýatdan çykdy"- durup.
Käte, gidersiñ karardan.
Käte karar gider, senden.
Ýagmyrsyñ ýagyp bilmersiñ.
Ahmyrsyñ çogup bilmersiñ.
Öýüñ-ä sygarsyñ welin,
...bu dünýä sygyp bilmersiñ.
Çünki, tüwmaýak ýetimsiñ.
Ömrüñ bardyr- kime derkar?
Söýgiñ bardyr- kimi örtär?
Hany, seniñ çigşiñ çözen?
Hany, saña ruhun dözen?
Lemmer-lemmer gussasyñ kä.
Bir, ýeke-täk nusgasyñ kä.
Franklin, Mosart, Baýron bolup.
Puşkin deý, duetde ölüp?
Soñ direlip, hem direnip.
...gitmelisiñ, Mir-Zafarsyñ.
Daşyñdan pyrlanar Pany.
Rowa görmän, Betül hany.
Zäherlärler bigumany.
Dil ýykar... söýgüñ Tuguny!
Eý, tüwmaýak galan ýetim.
Eý, tüwmaýak çöken göwün.
Özüñi aç... üýtgeşiksiñ!
Alemsiñ,alemler gatynda.
Ismiñ ba, Hüsn-i hatynda.
Ýetim, ýalñyz dälsiñ... asla.
Özüñ- özüñe hä: kimsiñ.
Yşkyñ bar, Ylaha ugraşan.
Öli deñzine.... akymsyñ.
....tenha, HUDAÝA ýakynsyñ!

Orazbibi MÄKIKGULY gyzy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Orazbibi | Теги: Orazbibi Mälikguly gyzy | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]