22:56

Ýetim oglanyñ monology

ÝETIM OGLANYÑ MONOLOGY

Dymmagy saýlaýan ilkinji gezek...
Ir säher oýanýan.
Ýerbe-ýer bar zat.
Göýä meň gözlerim şatlykdan doly.
Asmana garaýan, şeýle päkize,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Ýuwunýan, ardynýan, garbanýan biraz,
Howlukman ugraýan okuwa sary.
Mähirli görüşýän deň-duşlar bilen,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Gezelenje çykýan ýakyn-uzaga,
Synlaýan durmuşy, ýodany-ýoly.
Durmuş gyzgalaňda, ýol şüweleňde,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly....

Öýlendim, jaý gurdum, ulag edindim.
Daşyndan synlasaň, bar zat jem ýaly.
Çagalarym oýnap ýörler howluda,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Kyblam atam!
Käbäm enem! –
Ezizlem!
Sizsiz bu durmuşym gury gum ýaly.
Ne ýaşlykda, ne ömürde many bar,
Ýürek gamdan doly, dünýe hum ýaly.
Bir uly kürsini eýeläp ýörün,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly...

2008 ý.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 516 | Добавил: Мylayym | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Akjemal  
243
Ýetim oglanyñ oýlanmasy ýa-da içgepletmesi diýse goşgyñ manysyna laýyk geljek eken. Monolog diýmek ûçin has janlyrak detallary girizmek gerekmikä diýýän..

0
2 Мylayym  
83
Nur, aýdanlaryňa goşulýan, uýam! Sapanyň ýalňyşlygy gepi düşünjek adama düşündirmelimikä diýýändä. Sapanyň deň bolýan adamsy azajyk ýarowsyzyrak çaga. Ony diňe öz ugruna goýberäýmeseň, ondan netije çykmaýa. Şondan başga alaç ýok. Sapa ony bilýänem däl bolmaly, ýogsam beýdip, deň bolup durmazdy.
Onsoňam, men görgüli gowy görýän şahyrlarymyň goşgularyny paýlaşýan welin, kimdir biri hökman bir gep tapaýýa. Ýogsam, erbet zatlaram goýamokla men çaga smile Geçip giden razborkany şu ýerde gozgamak maňa-da ýakmady dogrusy. Näme ýazyljak bolsa, ýerinde we wagtynda ýazylan bolsa gowy dälmi? Ýa mowzuk açmaýynammy indi, men-ä çekinip başladym smile

0
3 Pegas  
98
Wah, men mowzuk açyp bilemok walla... sad

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]