19:12 Ýunus Emre şahyr hem alym | |
ÝUNUS EMRE ŞAHYR HEM ALYM
Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ömrüni we döredijiligini öwrenmek barada uly işler edilýär. Halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Şeýlelikde, täze pikirleriň beýan edilmegine, maglumatlaryň giden bir toplumynyň emele gelmegine şert döreýär. Ýunus Emre XIII asyryň ikinji ýarymynda, XIV asyryň başlarynda türki halklaryň arasynda şöhrat gazanypdyr. Şahyryň asly Horasandan Anadola göçen türkmen Ysmaýyl Hajynyň neberesinden eken. Onuň kowumy daýhançylyk bilen meşgul bolansoň, Ýunus Emre hem daýhançylyk edipdir. XIII asyrda Kiçi Aziýada gapma-garşylykly hereketleriň gaýtalanyp duranlygyna garamazdan, Seljuk soltanlary ýurtda medeni ojaklary dikeltmäge çalşypdyrlar. 1250-1270-nji ýyllar aralygynda şäherlerde birtopar ymaratlar gurulýar. Konýadaky Sahyp Fahreddin ata metjidi, Küçük Karataý, Seýfiýýe, Molla Atik, Hatuniýe medreseleri, Kaýsardaky Sahybiýe medresesi şol ýyllarda gurlan binalardyr. Ýunus Emräniň ýaşan zamanynda Anadoly tanymal alymlaryň Watanyna öwrülipdir. Şahyryň ýaşan mesgeni — Kiçi Aziýa ýerleri dessanlarymyzda ýatlanylýar. Bu bolsa şol döwürde dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň dowam edendigini aňladýar. Möwlana Jelaleddin Rumy: «Men haýsy mertebä aýak bassam, hemişe öňümde bu türkmen gojasynyň yzlaryny görýärin» diýip, Ýunus Emrä uly baha berýär. Ýunus Emräniň ömür ýoly barada anyk we doly maglumatlar bize gelip ýetmändir. Onuň durmuşy barada halk arasynda rowaýatlar saklanyp galypdyr. Häzirki wagta çenli şahyryň ýaşap geçen ýyllary barada dürli garaýyşlar, pikirler, çaklamalar öňe sürülýär. Türk alymy Mustafa Tatçynyň maglumatyna görä, ol Osmanly soltany Ýyldyrym (1389—1403) döwründe ýaşapdyr. Käbir alymlar bolsa Orhon beg we Myrat I döwürlerinde ýaşandygyny ýazypdyr. Ýunus Emre arap-pars dillerinden, dünýewi we ylahy ylymlardan oňat baş çykarypdyr. Ol Sagdy Şirazynyň, Jelaleddin Rumynyň eserlerini pars dilinden türki dile terjime edipdir. Ylym ylym bilmekdir, Ylym kendiň bilmekdir. Sen kendiňi bilmeseň, Bu niçik okamakdyr. Bu goşgy bendinde adamyň öz-özüni tanamagy üçin ylmyň edýän kömegine düşünmek sada dilde beýan edilýär. Ýunus Emräniň ýaşan döwründe Konýa şäheriniň ylym ojagy bolandygyny, onuň Jelaleddin Rumy bilen ýakyn aragatnaşyk saklandygyny göz öňünde tutsak, şahyryň özüniň hem şol ýerlerde ýaşandygy mälim bolýar. Şägirdiň halypadan görelde almagy, ussatlardan täsirlenmek döredijilik älemine mahsus ýagdaý. Ýunus Emre hem bu ýola eýerip, özünden öň ýaşap geçen Nyzamydan, döwürdeşi Jelaleddin Rumydan täsirlenipdir. Ýunus Emräniň Tapdyk Emre atly halypasy bolupdyr. Ýunus Emre bilen Hajy Bektaş Weliniň we Tapdyk Emräniň arasyndaky gatnaşyklar barada dürli rowaýatlar bar. Şolaryň birinde Ýunusyň Tapdyk Emräniň sazyna maýyl bolup huzuryna barandygy nygtalýar. Şahyryň özi şygyrlarynda ussadynyň Tapdyk Emredigini öwran-öwran gaýtalaýar. Ýunus Emre baradaky rowaýatlaryň ylmy edebiýata girenleriniň sany on bäş töweregidir. Rowaýatlaryň köpüsi tas unudylan taryhy hakykatdan syzylyp çykan çeşmelerdir. Ýunus Emre baradaky rowaýatlaryň döremegi ýöne ýerden däldir. Bu, bir tarapdan, pespäl Ýunusyň hemişe halk köpçüliginiň jümmüşinde bolandygynyň aňlatmasy bolsa, ikinji tarapdan, halk köpçüliginiň şahyra bolan söýgüsiniň, hormatynyň beýanydyr. Ýunus Emre Ýusup Balasagunly, Mahmyt Kaşgarly, Aly ýaly ussatlaryň türkmen dilinde eser döretmek ýörelgesini dowam etdiripdir. Söz ussadyny Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly, Şa Ysmaýyl Hataýy ýaly şahyrlar öz halypasy hasaplapdyr. Şa Ysmaýyl Hataýynyň «Bir söz», «Bilmez ola» şygyrlaryny Ýunus Emräniň adybir şygyrlaryna nezire hasaplaýarlar. Magtymguly Pyragynyň hem Ýunus Emräniň döredijiliginden täsirlenendigi görünýär. Muňa Magtymgulynyň «Ýusup diýe-diýe», «Içinde» ýaly birnäçe goşgularyny mysal getirmek bolar. Amerikaly alym Stiwen London Wert Alynyň «Kyssaýy Ýusup» poemasy barada doktorlyk derejesini almak üçin ýazan dissertasiýasynda eseriň Hoja Ahmet Ýasawynyň däplerine eýerilip ýazylandygyny nygtaýar. Şeýle-de, bu däplere Ýunus Emräniň we bellibir derejede Magtymgulynyň eýerendigini ýazýar. Ýunus Emräniň eserleri türkmen dilinde bolanlygy üçin, F.Köprüli ýaly türk alymlaryna ony öwrenmek kyn bolmandyr. Türkmenistanda Ýunus Emräniň döredijiligini öwrenmek geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda başlanýar. Edebiýatçy alym A.Mülkamanowyň Ýunus Emre barada ýazan ylmy makalasy «Türkmen edebiýatynyň taryhy» atly köptomlugyň birinji kitabynda ýerleşdirilýär. 1991-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan şahyryň 750 ýyllygy bellenildi we şol ýyl «Ýunus Emrä söýgi ýyly» diýip at aldy. Şahyryň goşgular ýygyndysy şol ýylda «Güldesse» ady bilen ilkinji gezek çap edilýär. 2004-nji ýylda Ýunus Emräniň şygyrlar diwany edebiýatçy alym Kakajan Ataýew tarapyndan çapa taýýarlanyp, neşir edilýär. Aşgabadyñ «Ylham» seýilgähinde Ýunus Emräniň heýkeliniň goýulmagy, onuň köpugurly döredijiliginiň alymlar tarapyndan öwrenilmegi, orta we ýokary okuw mekdeplerinde öwredilmegi, paýtagtymyzyň köçeleriniň birine adynyň dakylmagy halkymyzyň oňa goýýan beýik sarpasynyň beýanydyr. Toýly HOMMYÝEW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |