AŞYRBERDI KÜRT DIÑE SATIRAÇY ÝAZYJYMYDY?
Okyjylar köpçüligi ony satiraçy ýazyjy hökmünde tanaýar. Onuň ady, hakykatdanam, ile dolupdy. Aşyrberdi Kürt. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda metbugat serişdeleriniň soňky sahypalarynda şeýle at ýörgünlidi. Hasam dynç günleri çykýan gazetler şeýledi. Aşyrberdi Kürtüň özüniň aýtmagyna görä, «Edebiýat we sungatyň» şol wagtky baş re... |
GÜNLERDE BIR GÜN
Itiň aňsady Günlerde bir gün beýik amerikan ýazyjysy Mark Twene okyjylar şeýle sorag beripdir: — Gyzykly, şüweleňli okalýan kitaplar nähili ýazylýa? — Weý, ol-a itiň aňsady! — diýip, ýazyjy jogap beripdir. — Muň üçin kagyz-galam ýeterlik, soňam hiç bir emgenmezden, kelläňe gelen zatlary çyrşabermeli. Ýöne, ynha, kellä nämeler gelýä, şu mesele welin birneme çatagrak. Özi oňarýa! Meşhur ... |
GÜLKI - ZEMINIŇ DUZY
Ýaňybir günorta çaýyny içip bolupdym. El telefonym jyňňyrdady. Göterdim. Köne dostum Meret Gylyjow eken. Habarlaşmanymyza ýoňsuz wagt geçendir. Hal-ahwal soraşdyk. Men özümiň biraz ýoňlandygymy syzdyrdym. Merediň şol öňki häsiýeti: «Oglan, tomsuň günem bir dümew bormy? Häzir men saňa iki sany ýomak aýdyp bereýin. Nädersiň, derrew sagalaýsaň…». Daşyndan seredeniňde Meret degişgen,... |
BAPBA AGA DÄLIRÄPDIR
Uly iliň başyny çaşyran bu waka şäheriň gyrak-bujagyndaky gadymdan oturymly obalaryň birinde bolup geçdi. Küren obanyň adamlary ata-babadan barşyp-gelişýärdiler. Bu ýerde gundagda ýatandan tä hasasyna süýrenip ýörene çenli tanalýardy. Sähel kadadan çykaýdygyňam, derrew köpüň agzyna düşersiň. Ýaşulysyna çenli başyny ýaýkar oturar. Bapba aganyň gepe galyşy beýlekileriňem çaky bolmady. Sypaýyçylyksyz-beýlekisiz gös-göni: “Ahyr ýaşda Bapba aga pahyram ... |
NESIN - SEN KIM?
Eziz Nesin. (Surat nesin.org saýtyndan alnan) https://nesin.org Türkmen okyjylarynyň arasynda Eziz Nesini tanamaýany ýokdur. Onuň adyny eşideniňden birhili mylaýym duýgulara gaplanyp, ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Eýsem, Eziz Nesiniň eserleri, hakykatdanam, satira, ýumora ýugrulanmydy? Bärde oýlanara, jedelleşere esas ýok. O... |
OJAKLAR ÖÇMESIN!
Şadurdy Çarygulyýew bütin ömrüni metbugata, edebiýata bagyşlapdy. Eýsem, bu zehinli şahyr bilen dostluk barada gürrüň bermeli bolsam, Şadurdynyň maňa ýadygärlik ýazyp beren «Göwün menzili» atly kitabyndaky setirlerinden başlamagy makul bilýärin. Çünki degişli ýazgylardan bu mähriban adam bilen aramyzdaky hormatyň, ülpetligimiziň nä derejede aňyrdandygyna göz ýetirmek bolýar: «Ýürekdeş dostum, pi... |
GURBANNAZARAM "GOŞAKELLE" BOLUPMYDY?
Haýsy Gurbannazaryñ gürrüñi? Elbetde, Gurbannazar Eziziñ! Onda goşakelleli gürrüñ nireden geldi? Geliñ, men muny ýeke-ýekeden düşündireýin. Mundan ýigrimi üç ýyl ozal, has dogrusy, müñ dokuz ýüz ýetmiş üçünji ýylyñ birinji ýanwarynda "Edebiýat we sungat" gazetinde "Goşakelle" ady bilen ýörite satira-ýumor sahypasy berlipdi. Ony döredenlerem, materiallaryny ýazanlaram ýurdumyzyñ belli ýazyjy-şahyrlarydy. Ýöne "Goşakellede" awtorlaryñ ady gö... |
AÝTSAŇ MAŇA BIRJE HOŞ SÖZ...
Öýe gelip, egin-başlarymy çykaryp durkam, aýalym maňa: – Ýap-ýaňyja Ata «Toý edýäs. Baýram geldigi barawersin» diýip sargap gitdi – diýdi. – Toý edýän bolsalar gaty gowy, barsak barybereris. Ilki bir ajy gök çaýdan keýpi kökläli – diýip, men arkaýyn gürledim. Çaý goýmagy kyn gören aýalym daşymdan aýlanyp başlady: – Çaýy toý ýerine baryp, şagalaňyň arasynda içseň gowy bolmazmy? Aýdymçylaram gelipdir. Aýdym-saz diňläp çaý içse... |
ÖZ KÄRINIŇ USSADY
Redaktor işgärlerini kabinetine çagyryp, olara şeýle diýip ýüzlendi: – «Maýak» kolhozynyň çopany Çolukow hakda gyssagly suratda oçerk gerek. Ol dowarlary gyşdan ölüm-ýitimsiz çykarmakda taýsyz gahrymançylyk görkezipdir. Ynha şol gahryman çopan hakda hem gowy oçerk bermeli. Ýöne bilip goýuň wagt gaty ölçeglidir. Oçerk ýazmagyň puryjasy – üç gün... Şunuň ýaly gyssagly bir zat ýazmaly bolanda, bu iş mydama bölüm müdiri Köşekowa tabşyrylýardy. Ol öz işi... |
ORNY — TÜRKMENIŇ TÖRI
Aleksandr Aborskiý 1911-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Russiýanyň Simbirsk guberniýasynyň Papuz diýen ýerinde dogulýar. Çagalygyndan çeper edebiýatyň aşygy eken. A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» poemasy- ny ýatdan bilipdir. Ykbalyň emri bilen 1929-njy ýylda Mara düşýär. Şol ýerdäki depoda hasap-hesip işlerini ýöredýär. Marydaky milli diwiziýanyň «Gyzyl Goşun» gazetinde Kemal Işanow, Güseýin Muhtarow, Agahan Durdyýew ýaly ýazyjy... |
HALALLYK ÝOLY
—Oýunçy utsun!—diýip, Mämmet agaç sekide küşt oýnap oturan deň-duşlary Goçmyratdyr Saparyň ýanyna gelip, olara gep goşdy. —Edil wagtynda geldiň-dä, Mämmet—diýip, Sapar begenjinden ýaňa oglanjyk ýaly ýyrş-ýyrş etdi. —Bir baksana bu oýna!.. Mämmet sekä geçip, ynjalykly oturansoň, birsellem oýny synlady. Soňam başyny ýaýkady: —Goçmyrat, sen-ä çykgynsyz ýagdaýa düşüpsiň, beýdip oýlanyp oturma-da, oýnuňy tabşyraýsana. Adatça, şeýle teklip edilend... |
Döwür hakda, durmuş hakda |
OÝNAŞ PIDASY |
SAKGAL NÄME ÜÇIN GOÝBERILÝÄRKÄ?
Meniñ şu saparky ýöretjek pelsepämiñ biraz geñ-tañrak görnäýmegi-de ähtimal. Dogrudanam, ýazjak bolsañ, sakgaldan, murtdan başga zat gapyşdymyka? Ýöne biraz oýlanyp gördüm welin, gepbaşy edeniñe degýän mesele eken. Şol pursadam köne ýomak ýadyma düşdi. Däli ýaly öz-özüm ýylgyranymy duýman galypdyryn. Ýomagyñ manysy şeýleräk: ikinji jahan urşunda komandir "dil" getirmek üçin edenli esger gözläpdir. Ahyry murty towlanyp duran ýigidiñ ýanynda sakl... |
Ene KÜTI gyzy: "SUWPERILERINI ÖWRENÝÄN YLYMLARYÑ DOKTORY BOLJAK!"
• Ene Küti bilen söhbetdeşlik - Ýeññe, hoş gördük. - Jigi, men-ä baýramçylygyñyz bilen ýörite gutlaýaýyn diýip geldim. - O nämäniñ baýramçylygy? - Sekizinji mart baýramçylygyñyz bor-da! - Bu diýýän baýramçylygyñyz biziñkimi ýa-da... - Aý, men-ä, jigi, erkekler: "Biziñ baýramçylygymyz ýok" diýip öýkeleşip ýörensoñlar, öñümden kim çyksa baýramçyl... |
ARTYK BABALYNYÑ EJE SAÝLAÝŞY Türkmen kinosyny äleme ýaýan "Aýgytly ädim" filmi barada, ony döredenler barada kän ýazyldy. Aýdylmadyk zat galmady diýen ýaly. Menem üýtgeşik pikir pyşgyraryn öýdemok. Film aram-aram ýadyma düşüp dur. Ilki bilen göz önüme Artyk Babaly gelýär. Nämedenkä? Filmiñ baş gahrymanylygyndanmyka? Obrazyñ ajaýyplygyndanmyka? Baş gahrymanyñ roluny ýerine ýetirýäniñ öz obadaşymlygyndanmyka? |
Çary GELDIMYRADOW, ýazyjy.
|
Çary GELDIMYRADOW. "WATAN" gazeti, 1997
|
Çary GELDIMYRADOW.
|
Taýýarlan: Çary GELDIMYRADOW.
|
Çary GELDIMYRADOW.
|
...ä gaty öýkeledäýdiňiz öýdýän—diýip, Çary kakam körpe inisiniň ýeňsesini tüňňerdip otagdan çykyp gidişine dözmän, başyny ýaýkady. —Entegem kiçijik oglanjykdyr öýdüp ýörsüňiz oňa, ata boldy ...girim däl. Hünärim boýunça bu daýhan hojalygynyň baş hasapçysy. Eziz GELDIMYRADOW.
|