Результаты 1-20 из 53 по запросу Öwez Gündogdyýew

ДЖЕЛАЛ АД-ДИН МЕНКБУРНЫ

ДЖЕЛАЛ АД-ДИН, прозв.: Менк-бурны (с родимым пятном на лице) (г. рожд. неизв. - ум. 1231), хорезмшах (с 1220 г.), старший сын Мухаммеда II и туркменки Айчичек, которая не пользовалась почетом при дворе в Гургандже, где главную роль играла бабушка Джелал ад-дина, кипчакская царевна Туркан-хатын. Благодаря ее влиянию наследником престола вопреки традиции стал не Джелал ад-дин, а Узлагхан — младший сын Мухаммеда от кыпчакской ханши. Воспитанный в суровой военной...

ИСТОРИЧЕСКИЙ КОМПЛЕКС «УЛЛИ-ХОВЛИ»

Путешествуя по Хорезму, не упустите возможность посетить исторический городок «Улли-Ховли», возведенный в 17 веке двумя народами – узбеками и туркменами.
«Улли-Ховли», что в переводе означает «Большой двор», расположен в Ургенчском районе Хорезмской области. Изначально он был построен хивинским ханом, как военный городок для отважных туркменов, которые в то время жили между Хивой и Ургенчем и защищали торговые караваны, проходившие по этой т...
Täzelikler » Taryhy ýerler - 24.06.2021

GORAG SERIŞDELERI

■ Kelläni goraýjy serişdeler

Tuwulga we sowut geýnen söweşjeñ esgerler goşuny sarsmaz bulut kimin süýşüp barýar(1).
Ferdöwsi (X a.)

Ýüñ (keçe), gaýyş we deri (bagana) başgaplary kelläni goraýjy serişdeleriñ iñ ilkinji görnüşleri bolupdyr. Ilkinji metal tuwulgalaryñ şekiliniñ nähili bolandygyny aýtmak kyn. Esasan, Orta Aziýada we Eýranda bolup geçen wakalardan habar berýän ''Awesta'' ''ýokarsy çüri''...


TÜRKMENLERIÑ ELINI AÝAGYNY GORAÝJY HARBY SERIŞDELERI

Eli, aýagy goraýjy serişdeler

Eli, aýagy goraýjy sowut örtünjeleri şu aşakdaky gorag serişdelerini öz içine alýar: golluk (ellik), eginlik, injiklik, butluk, dyzlyk, injigi ýapýan ýasy metal örtükli ýa-da halkaly sowut örtünjesi.
Türkmenistanyñ Parfiýa döwründäki çäginde we Gadymy Gündogaryñ beýleki ýerlerinde: zol-zol örtükli sowudyñ usulynda ýasalan turba şekilli golluklar, dürli görnüşli butluklar (etegi ker...

TÜRKMENLERIÑ SÖWEŞJEÑ GUŞAKLARY

■ Söweş guşaklary

Esgerleriñ gorag esbaplary hakyndaky teswirlemede söweş guşaklarynyñ beýany bolmasa, kemter gaýdar. Skiflerde, sarmatlarda, gunlarda, gadymy türkilerde, oguz türkmenlerinde guşak esger esbabynyñ esasy bölegi bolupdyr. Arheologiýa we ýazuw maglumatlarynyñ azlyk etmegine garamazdan, söweş guşaklaryny olaryñ ýerine ýetiren hyzmaty boýunça iki görnüşe bölmek bolar: bil kemeri (gaýyş; ýasy metal toplumly; bezeg şaýlary bil...


TÜRKMENLERIÑ SÖWEŞJEÑ GALKANLARY

■ Galkanlar

Gadymy Türkmenistanyñ esgerleriniñ goşmaça serişdesi galkan bolupdyr. Antik awtory Dion Kassiý: ''Parfiýalylar galkan ulanmaýar, emma olaryñ goşunlary atyñ üstünde ýaý atyjylardan hem-de naýza atyjylardan ybaratdyr we olaryñ köpüsiniñ harby esbaplary doly üpjündir''(1) ㅡ diýip belleýär. Gadymy taryhçy öz maglumatynda galkan zerurlygynyñ ýoklugy sebäpli, agyr ýaraglanan parfiýaly esgerleriñ ony goşmaça gorag...


TÜRKMENLERIÑ HARBY-DEÑIZ GÜÝÇLERI

Türkmenler we olaryñ ata-babalary ähli döwürlerde atly (seýrek ýagdaýda pyýada) esgerler hökmünde beýan edilendigine garamazdan, olaryñ käbir bölegi Hazar sebitlerinde we uly derýalaryñ kenarlarynda (Murgap, Amyderýa, Syrderýa we ş.m.) ýaşapdyrlar we gämileri ýasapdyrlar, balyk tutmak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryñ ajaýyp deñizçi esgerleri bolandygyna hem hiç-hili şübhe bolup bilmez.
Türkmenleriñ ata-babalarynyñ harby esger bolandyklary haky...

TÜRKMEN ESGERLERINIÑ HARBY-SOSIAL GURLUŞY

''Gudraty güýçli Beýik Alla şeýle diýýär: Meniñ goşunym bar, men ony türki diýip atlandyrdym we Gündogarda ýerleşdirdim.''

Mahmyt Kaşgarly (XI a.)

Gadymy we orta asyrlardaky iri türki döwletleriñ hemmesiniñ dolandyryşynda ''ýolbaşçylyk welaýaty'' we ''harby bölüm (okrug)'' diýen düşünjeleriniç manylary biri-birine doly gabat gelipdir. Munuñ şeýle bolmagy iki tarapdan bähbitıi bolupdyr: ilki bilen döwleti dolandyrmag...

BAŞA-BAŞ SÖWEŞLERDE ULANYLAN URUJY ÝARAGLAR (Söweş paltalary)

Güýçlüdir hökümdarlygy bolsa begleriñ ýaragy,
Aýpalta hem-de gylyç ýurduñ howandar-goragy.

Ýusup Balasagunly (XI asyr)(1)

Türkmenistanda çapýan ýaraglaryñ has gadymylary (1980-nji ýylda GTTAAT-yñ (Günorta Türkmenistan toplumlaýyn arheologiýa agtaryş topary) XIV topary tarapyndan Sumbar derýasynyñ jülgesinden, 1981-nji ýylda bolsa Etrek boýundan tapyldy. Soñra gözleg işleri Krasnowod...


ORAZ SERDAR

(Orazberdi Öwezmyradow, Oraz serdar Dykma Serdaryñ ogly) - Ahal welaýatynyñ Börme obasynda dogulýar. 1881-nji ýylda Aleksandr III-niñ Sankt-Peterburgda türkmen wekiliýetiniñ hormatyna guran kabul edişliginden soñ ýetginjek ýigit Orazberdi Russiýanyñ paýtagtyndaky pažes korpusyna okuwa kabul edilýär. Harby uçilişäni tamamlaýar we Türkmen atly diwiziýasyna ugradylýar.
1914-1917-nji ýyllarda ilki 1-nji, soñra Teke atly polkunyñ 4-nji eskadronyna serkerdelik edýär. ...


TÜRKMEN ATLY DIWIZIÝASYNYÑ 1895-NJI ÝYLYÑ NUSGASYNDAKY GYLYJY

Ujy egri, bir almazly, tekiz polatdan edilen gylyç. Onuñ gyny agaçdan bolup, oña gaýyş örülendir. Gynyñ aşaky bölegi iki gat gaýyşly bolup, onuñ daş tarapy dürli çyzgylar bilen bezelipdir. Gynyñ aşak başynda birnäçe gaýyş gyýyndylaryndan edilen gotaz bar. Gynyñ ýokarky bölegine demir aýmançajyklary bilen bezegli gaýyş tutulupdyr. Şeýle hem gynda guşaga dakmak üçin niýetlenen halkaly gadymy görnüşdäki iki sany nurbat ba...


REZABEK HAJYÝEW (Beknazar Haýdaran)

1895-nji ýylyñ 22-nji iýulynda Nowo-Aleksandrowskiý şäherinde (häzirki Dörtgülde) doguldy. Hywa türkmenleriniñ han gatlagynyñ wekili. Tiresi ýomut (baýramşaly taýpasyndan); Moskwaly Imperator Aleksandr II-niñ Üçünji kadetler korpusyny we Tweriñ atly goşun uçilişşesini tamamlady. Soñra 1916-njy ýylda goşun starşinasy baron P.N.Wrangeliñ baştutanlygyndaky Nerçinsk kazak polkuna iberildi. 1917-nji ýylyñ ýanwaryndan başlap, 1918-nji ýylyñ ýanwar aý...


ALTYNJAN HATYN

Altynjan hatyn asly Horezmden bolan türkmen zenanydyr. Tagtaly bir ýaşulynyñ aýdyşyna görä, ''Seljuklylaryñ hökümdarlarynyñ biriniñ aýaly Altyn Yzmykşir şäherindenmiş''. Eger-de, bu gürrüñe salgylanyp, gürrüñi edilýän zenan Altyny Altynjan hatyn hasap etsek, Altynjan hatynyñ doglan ýeriniñ Zamahşar şäheri-de bolmagy ähtimal.
Altynjan hatyn ilki Horezm şalarynyñ birine durmuşa çykypdyr. Ýöne, olara uzak ýaşaşmak miýesser etmändir, adamsy aradan...


MARYDA SENETÇILIK WE SÖWDA

Gadymy Mary Ahameniler döwründen başlap, mongollaryñ wagşyçylyklaryna çenli aralykda gadymy Gündogarda meşhur bolupdyr. Mary senetçilik we söwda merkezleriniñ biri bolup, ol Eýrany, Orta Aziýany, Gündogar Türküstany, Hytaýy baglanyşdyrýan gadymy kerwen ýollarynyñ kesişýän ýerinde ýerleşipdir. Hytaýdan Ýewropa gidilýän ýol hem şu ýerden geçipdir. Biz Marynyñ antik döwründäki ösüşine ýörite seretmekçi däl. Senetçilik önümçiliginiñ uly merkezi bolan orta asyr...

SOLTAN BEÝBARS

(Hökümdarlyk eden ýyllary 1260-1277 ý.ý.)

XIII asyryñ ahyrlarynda tutuş Gündogar musulmanlarynyñ içinde iñ görnükli şahsyýetleriñ biri müsür soltany, gadymy oguz nesillerinden bolan az-Zahyr Rukneddin Beýbars al-Bundukdary bolupdyr.
Şol wagtyñ soltanlary özlerine berk janpenalary edinmek üçin türk gullarynyñ içinden güýçlülerini satyn alýar ekenler. Satyn alnan gullaryñ arasynda Beýbars hem bolupdyr. Ol özüne berlen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýönek...


AÝBEK TÜRKMEN

Garaşsyzlyk zamanamyzda türkmenler özleriniñ hakyky taryhyny öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Biz ýylsaýyn öz gahrymançylykly geçmişimiziñ täze-täze sahypalaryny açýarys.
Türkmeniñ taryhy maglumatlarynda Müsüriñ (Demirgazyk Afrika) soltany Aýbek Türkmeniñ ady gabat gelmeýär. Onuñ ady taryh bilen iş salyşýanlaryñ diñe käbirine belli.
Aýbegiñ Müsüre nädip düşenini anyk bilýän ýok. Orta asyrlarda ýaşan al-Makrizi onuñ ýesir alnandygyny, Müsür soltanyna satylan...

DARINIÑ HARBY EKSPEDISIÝASYNYÑ SYNMAGY

Bu wakanyñ başy pars patyşasy Dariý I-iñ massagetleri /olaryñ bir bölegine ''skifler'' hem diýýärler/ derbi-dagyn etmek we ägirt uly territoriýa eýelik etmek pikirinden başlanýar.
B.e.ö. 515-nji ýylda Dariý I ägirt uly güýç toplap, Uzboý taraplara ýöriş edýär. Massagetleriñ üç patyşasy ㅡ Tomiris, Omar, Sakesfar gysga wagtyñ içinde öz goşunlaryny birikdirip, duşmany garşylamagyñ umumy planyny işläp düzýärler. Türkmenleriñ güýçleri, goşunl...

OGUZ TÜRKMENLERINIÑ HARBY JEMGYÝETI

Türkmenler gadymy türki halklardan baş alyp, onuñ ýaýraýşy biziñ eramyzyñ ikkinji asyrlaryndan başlanýar. Olaryñ urug begleri we taýpa serdarlary HAN diýlip atlandyrylypdyr. Han saýlamak däbi örän dabaraly geçirilipdir: urugyñ ýa-da taýpanyñ belli adamlary hanlyga göteriljek adamy keçä salyp, dokuz gezek günüñ daşyndan (oduñ bolmaly) aýlapdyrlar. Soñra ata mündürip, boýnundan ýüp salyp, berk gysypdyrlar. Käwagtam ýüpi azrak goýberip, ondan näçe ýy...

''AK ÖÝLI'' ㅡ ÝAŞLAR HARBY BIRLEŞMESI

Daşdan gelýän çozuşlaryñ, howplaryñ, hüjümleriñ dynywsyzlygy türkmenleri harby guramaçylyga köp üns bermäge mejbur edipdir. Hut şonuñ üçinem ähli erkek göbekli adamlary ýaş aýratynlygy boýunça böleklere bölüpdirler. Her bölegiñ hem öz degişli ady bar:
Bäbek ㅡ bir ýaşa çenli; çaga ㅡ 1-6 ýaş;
Oglan ㅡ 7-12 ýaş; ýetginjek ㅡ 12-18 ýaş; jahyl ㅡ 18-24 ýaş; Ýigit ㅡ 25-40 ýaş; orta ýaş ㅡ 40-60 ýaş; goja 60 ýaşdan añry.
Oglan ýetginje...

PARFIÝA ARTILLERIÝASY

Artilleriýa toplarynyñ ilki Gündogar halklarynda dörändigi ylmy taýdan subut edildi. Biziñ ata-babalarymyzyñ artilleriýa ýaraglary biziñ eýýamymyzdan öñ I müñ ýyllykda peýda bolupdyr.

* * *

Dünýäde kim we haçan ilkinji gezek artilleriýa topuny döretdikä? Bu soraga häzire çenli jogap berlenok. Ýewropalylar, esasanam, grekler we rimliler daşdan ýasalan top oklaryny zyñýan maşynlary Ýakyn gündogarly assiriýalylardan alypdyrlar. Bu maşynla...


1 2 3 »