Результаты 1-20 из 23 по запросу Şöhrat Abdyýew

ŞAÝAT BOLAN WAKALARYM

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanyna 78 ýyl bolup barýar. Şonça ýyl geçenem bolsa, uruş diýilýän nägehanyň adamyň başyna salýan elhençligi ol gutarandan soňam dowam edýän ekeni.
Men Beýik Ýeňişden 20 ýyl soň doglan adam. Ýöne onuň elhençliklerine şaýat bolmak maňa-da miýesser etdi.


Aýtmaklaryna gö...
Täzelikler » Ýatlamalar - 15.07.2024

GARA MENEK

Ol eşegiň agan palany ýaly betnyşan kölegesini daş ýoluň üstünde yraň-daraň süýräp gelýär. Horugan eginleri aşak sallanypdyr. Göýä agyr ýük arkasyndan basýan ýaly barha aşak ýegşerilýär.
Sekiz ýyl mundan öňki şol gabahatlyklara barha ýakynlaşýan ýaly ol wakalar onuň hakydasynda janlanýar. Şonda ädimlerini togtadasy gelýär. Şol gabahatlyklar dälmi ony şu güne sal...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.06.2024

JÜNEÝIT HAN

"Ömrüniň ahyrlarynda ol (Jüneýit han) özüni Hindiguş daglaryna çykarmagy ýeke oglundan ýygy-ýygadan haýyş edenmiş. Şonda ol beýik seňňeriň üstünde oturan ýerinden Türkmenistan tarapa doýmaz-dolmazlyk bilen bakar ekeni..."
N.Hojaberdiýew / "Türkmenistan" gazeti, 18.12.2003 ý.


Uly baýlyk barmy Watandan başga,
Ýurdy ýok hemişe gar...
Täzelikler » Poemalar - 03.06.2024

DELLALYŇ OÝNY

Öňem biri hiç bir ýörişi ýok, çaman atyny bazara çykarypdyr. Alyjylar aty synlap, onuň daşyndan aýlanyp ýörmüşler. Ýöne alarman bolup, onuň bahasyny soraýan ýokmuş. Şonda atyň eýesi dellala bir teňňe berip:

-Gaýrat edip, atymy öwüp bersene!-diýipdir.

Dellalam hemme eşider ýaly edip:

-Öwjek däl. Atyň nämesini öweýin. Ýedi depeden aşyp, ýedi gulany kowup alanyňda awuňdan bir jyzzyk dadyrmadyň. Tapan ekeniň, öwdürjek adamyňy-diýip, a...

KUWWAT BERÝÄN ÖNÜMLER

Öňki döwürde begzadalaryň biri ýanyna wezir-wekilleri alyp, goşunyň ýagdaýyndan habar almaga barypdyr. Onuň ýanynda köşk tebibi hem bar eken. Olar esgerleriň dag eteginde türgenleşik geçip ýören pursadyna gabat gelipdirler.

Begzada esgerlere golaýdaky belent baýryň depesine ylgap çykmagy buýrupdyr. Esgerler baýryň depesine tarap ylgap gidipdirler. Ýöne olaryň köpüsi baýryň orta biline ýetip, daljygyp galypdyrlar. Bir bölegi baýryň depesine golaýlap...

KIMIŇKI DOGRY?

Iki sany danyşment bir uly mejlisde bile oturmaly bolupdyr. Olaryň biri takwalyk edip, dymmagy özüne endik edipdir. Beýlekisi bolsa, parasatly sözler bilen öwüt-ündew edip oturypdyr. Soralan zatlara bildiginden jogap beripdir. Mejlisiň ahyrynda dymyp oturan danyşment:

-Bir aryf gördüm. Agzy Köneürgenjiň bazarynyň derwezesi ýaly eken-diýipdir.

Gürrüňiň nirä kakdyrylýandygyny aňan beýleki danyşment hem:

-Maňa-da bir aryf sataşdy. H...

ÝAZA MEÑZEŞ ÝAZYJYDY

Biziň halkymyzda hemişe şoh gezýän, hiç mahal darykmaýan, sähel zatdan gülki ýasap bilýän adama: «Ýaz ýaly adam» diýilmesi bar. Bu aňlatma sözüň hakyky manysynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, köp sanly ilhalar eserleri ýazan Şamyrat Taganowa hem degişlidi.
Şamyrat agany ilkinji gezek geçen asyryň segseninji ýyllarynda Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynda görüpdim. Dolmuş göwreli, pälwansypat, sypaýy adamy birbada beýle şortadyr...
Täzelikler » Ýatlamalar - 07.04.2020

MERDIŇ GÖZÝAŞY

Horezm şalarynyň biri erbet näsaglady. Kesel halys basmarlap, şanyň jany bogazyna geldi. Ahyry ol ýurduň ähli tebiplerini ýygnap ölüme buýurmagy ýüregine düwdi. Baş wezire pikirini ýaňzytdy hem:
- Gudraty güýçli hökümdar. Hekimleri ýene bir ýygnaly. Belki bir zat tapaýadylar - diýdi.
Şol pursatyň özünde çaparlar, jarçylar dumly-duşa at saldylar. Ähli tebipler bellenen müddetde şa köşgüne ýygnaldy. Wezir tebipleriň öňünde kesgitli şert goýdy:
- Üç ...

HÖWÜRTGE

Bozoglan aga uçara petek aldy. Onuň niýeti zähmet rugsadyny özüniň ulalyp kemala gelen öýünde geçirmekdi. Goňşularyna, obadaşlarynyňka, toýa-tomga barar. Çagalykda köp suwa düşülen Garry ýasga baryp görer.
Oglan-uşaklardan ýaňa Garry ýasganyň boş wagty ýok diýen ýalydyr.
Irkiräk döwürlerde obadaşlary şu ýere toplum bolup göçüp gelip, tarp ýeri özleşdirmäge başlapdyrlar. Şol ýylam Bozoglan doglupdyr. Boz ýere göçülip gelnen ýyly doglan ogul diýip, onuň adyna Bo...
Täzelikler » Hekaýalar - 15.12.2019

ALTYN GABAKMY ÝA ALTYN TAKYK?

Çeper edebiýatda öňki döwrüň dabaraly toýlary hakynda gürrüň edilende «At çapdyrdy, altyn gabak atdyrdy» diýen jümlä juda kän duş gelmek bolýar. At çapdyrmak sözi düşündiriş talap etmeýär. Ýöne «Altyn gabak atdyrdy» sözüne welin känbir düşünip baramyzok.
Irki edebi çeşmelerde bu sözüň «Altyn takyk atdyrdy» görnüşine hem duş gelmek bolýar. «Takyk» sözüniň towugy aňladýanlygy düşnükli.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky şahandaz halk. Hasyl ýyg...
Täzelikler » Türkmen dili - 10.12.2019

BAŞA-BAŞ SÖWDA

Ol wadalaşylan güni onuň ýanyna bardy. Özem Arça zalymyň şertine razy bolup bardy. Öňem näçe gezekler dilege gelen öýüniň işigine baryp ulagyndan düşdi. Ýene yzyna dönüp, ulagyň işigini açdy. Maşynyň resminamalaryny, sürüjilik şahadatnamasyny alyp, jübi­ sine saldy. Soňam güne öwşün atyp duran, häzire çenli özüniňki bolan, şu pursatdan başlabam kesekiniňki boljak ulagyna ýüregi awamak bilen seretdi.
Arça zalym öýünde ekeni. Ol Öwezgeldiniň salamyny göwünli­göwü...
Täzelikler » Hekaýalar - 23.08.2019

GAZY GAZYP, ÝAP ÇEKILSE
    
Suw gurluşygy biziň döwrümizde kuwwatly tehnikalar arkaly kämil enjamlar bilen öňünden barlanylyp geçirilýär. Suwuň haýsy ýere nähili akjagy, nirede suw sorujylary ulanmaly boljagy öňünden takyk kesgitlenilýär. Ýöne pähimli ata-babalarymyz geçmişde, şeýle kämil enjamlaryň ýok döwründe hem kämil suw desgalaryny gurmak netijesinde täze ýerleri özleşdirip, oňa suw eltmegi başarypdyrlar. Olaryň bu babatda ulanan usullary özüniň kämilligi bil...


«GÖROGLUDAN» TYMSAL EDIP...

Men heniz çaga wagtym, «Görogly» şadessanyny elime alyp okamankam, ondan käbir bölek-büçekleri atamdan kän eşidipdim. Görogly adamlaryň kalbyna şeýle bir ýakyndy welin, onuň täsir edijilik gudratyna şindi-şindem haýran galýan. Görogly bilen Magtymguly türkmeniň kalbynda müdimi ýer eden şahsyýetler. Atam herne bir zat bolsa ýa-ha Magtymguludan ýa Görogludan bir mysal getirerdi. Özem hemişe Magtymguly Garlynyň, Baýar Baýramowyň, Palta bagşynyň aýdym ýazgyla...

Söz manysyn biler bolsañ...

▶ BAKAN

Peýrewe gürrüñ yzçylyk hakyndaky söhbede syrykdy. Gürrüñe gatnaşyp oturanlaryñ biri:
  -     Men-ä yzçylygy ullakan bir sungatdyram  öýdemok. Sebäbi edil adamyñ barmagynyñ yzy ýaly bir düýäniñ yzy ikinji bir düýäniñ yzyna meñzemeýär. Özem hemme tapawut bakanynda - diýdi. 
Oturanlaryñ biri eşitmedimi ýa anyklasy geldimi:
  -     Bykynynda diýdiñmi? - diýip sorag berdi.
...

Täzelikler » Türkmen dili - 11.10.2018

...mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýew bilen duşuşdyk. Hal ahwal soraşanymyzdan soň meniň oňa ilkinji sowalymam miras hakda boldy. — Her halkyňam milli mirasy, edebi gymmatlyklary ... Şonda Şöhrat Abdyýew de hem öz babasynyň Minara, Törebeg hanym, Tekeş barada aýdyp beren rowaýatlaryny toplap, çap etdirmek pikiri döräpdir.
Täzelikler » - 2020-04-07 18:19:53

...bärden gaýtdygyňyz bolardy» diýip, mirasgär Şöhrat Abdyýew tekrarlady. «Başga welaýatlarda şeýle hünäriň eýeleri bar bolsa da seýrekdir» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi....çynar agaçlaryndan ýasalypdyr —diýip, mirasgär Şöhrat Abdyýew bize içgin düşündirmäge durdy — Juwaz ýasamak üçin bu agaçlaryň ýogynlygy pesinden tamdyr ýaly, köplenç ondan da uluragy saýlanyp alnypdyr.
Täzelikler » - 2019-11-06 09:15:07

Şöhrat ABDYÝEW, žurnalist. # turkmendili 2016
Täzelikler » - 2018-10-11 12:39:20

Şöhrat ABDYÝEW.
Täzelikler » - 2019-12-10 20:39:34

Şöhrat ABDYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Täzelikler » - 2019-04-09 22:20:04

Şöhrat ABDYÝEW.
Täzelikler » - 2019-03-06 23:18:59

Şöhrat ABDYÝEW.
Täzelikler » - 2019-12-15 07:00:17

Şöhrat ABDYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Täzelikler » - 2020-04-07 19:46:54

Şöhrat ABDYÝEW.
Täzelikler » - 2019-08-23 11:16:17


1 2 »