BIR DOSTA ÜÇ GOŞGY
1. Dostum, "soňky döwür görneňok" diýme, "Gedaýçylyga-da gurp gerek " ahyr. Şatlanyber, sen bir gam donun geýme, Umytsyz günlerim gutarar ahyr. Onsaň öňküler deý ojak törüňe, Ýylgyryp geçerin çagyrmasaňam. Nan batyryp hödüriňe-şoruňa, Ýatlamaryn ýürek agyrmasynam. Ýene-de sagatlap söhbet ederis, Tanyş-bilişleri telläris ýene, Pelsepeleň dünýesine gideris, Bir-bire... |
"DOSTUM, "SOÑKY DÖWÜR GÖRNEÑOK" DIÝME..." Dostum, "soňky döwür görneňok" diýme, |
GEREKLER |
KÄBÄM JAN EJEM
Ejem jan, ejem jan-KÄBÄM jan ejem, Seni yrza edip bilmerin hiç hem, Ukysyz gijeleň birine degmez, Tapyp bere bilsem müň şanyň täjem. Aýdym-nama ýazsam, hüwdüňe degmez, Yrza ede bilsem tuwagyň solmaz, Jahanyň nabady-şirin şekeri, Bir damja ak süýdüň öwezin dolmaz. Gerekle, jigerim derman eýlesem, Gözeller içinden ýarym saýlasam, Näz-kereşme içre bagtym boýlasam, Balam diýen ýeke sözüňe degmez. |
EJEMIŇ HÜWDÜSINDEN
Janymdan jan bölüp berip, Ganymdan gan berdim ogul, Ak süýdüm bilen ekledim, Gije howa salkynlasa, Ganatymy gerdim ogul. Aglanyňda allaladym, Ber çagama şekil diýip, Saglyk bilen bagt diledim, Söýer ýaly akylly gyz, Ber ogluma akyl diýip. Goragladym ýelden, suwdan, Kölege boldum yssyda, Ojakda nahar atarsam, Kän ogşadym dideleňden, Gözleň ýaşarsa tüssede. ... |
GÜNLEŇ KAZASY
Uzaldylan kirpikleriň didäňe, Kölge salýar, görkezmeýär garasyn, Kalp gapyň gulply, seni idäne, Ýa-da gizleýärmi ýürek ýarasyn. Juwanlygyň ýaşy ösen ýaly-la, Ýüze sürten renkleriňden peýda ýok, Bir pursatlyk gelýänlerden ýanyňa, Dünýäňe nur çaýyp bilýän şeýda ýok. Salyň gowşak, halyň gowşak ünjüsi, Şatlykdan nam-nyşan goýmandyr serde, Kirpigňe düzülen ünjiň hünjüsi, Şindiki ýoluňa ... |
WATAN
Gyşyňda gananym, tomsuňda teşnäň, Ýazyňda ýaýnanym gülleriň ysgap, Senden başga mähre-ezize du:şman, Senden üzňe ýerde bilmedim ösňäp. Saýry güýzüň miwesiniň dadyny, Seniňkiçe düýdum diýsem ýalan bor, Dilimiň dogasy etmän adyňy, Ýaşap ýörsem ruhym göýdük - ýanan bor. Saňa bakýan gözlerimiň her güni, Seň goýnuňda basýan her daban ýerim, Bijämden çykmasa günleň bir güni, Topragňa goýjagym to... |
DÖRÄRMIŞ ÄRLER
Bu çarhypelegiň goýnunda ynsan, Begenje, gynanja, toýa, ýasa ýar. Ýaşamaklyk üçin çekilse zähmet. Kimler zähmet çekmek üçin ýaşaýar. Borjy saýyp halka etmegi hyzmat, Enem diýip topragyna togaply, Öňde-soňda hasabyny ýöretmän, Iş ederm-iş edermiş sogaply. Allaň beren üşügine gol berip, Ýagşyny, ýamany bilermiş saýlap, Al saljaga al saldyrman, al salman, Durmuşyň keşgini gezermiş bo... |
SENIŇ SÖZLERIŇ |
GÜLSEŇ BOLANY
Gülüber, Gülüber, gülseň bolanyň, Men bolsa zaryny çekip aglaýyp, Galanja ömüre talaň salanyň Bagra basjagyna umyt baglaýyp, Garaşaýyn gelerine birmahal, "Küýseýärin" diýen sözli habaryň, Çägini giňeldip arzuw, sabyryň, Kakyp elewreýän söýgiň tumşugna, Ýat ýerlere gitmeginden saklaýyn, Ahyrda bolmaly sapaly günüň, Geljek günün özýanymdan çaklaýyn. Senem synla, şol bag ýene ýalaňa... |
GÖRDÜM
Öňkülerimden ir oýanypdyryn, Girýän-çykýan, hiç bir zatda gyzyk ýok. Öňe-yza ýöräp yz goýup ýörün, Kalbym çaýkanyp dur, serde tizlik ýok. Alasarmyk meniň duýgylarym-da, Pikirlermiň başyň jemläp bilemok. Ýüzün asan ýaly ogullarym-da, Bir zatlar diýip ýa ümläp bilemok. Hem sergin säherden serhoş ýaly men, Çilimmiň tüssesem dörjeýär huşum. Boljak bolýan bir göwni hoş ýaly men, Gussa batyryp ... |
ÝATDA DÄL...
Hakydama gidýänligi gowy zat, Ýada düşüp durmaýany kän zadyň, Şondanmyka elmydama göwnüm şat, Bu ýollarda şol höwesim bir badym. Kine-de ýok - kitüw-de ýok içimde, Süýde siňe seretmek ýok häsýetde, Deň-duş bilen şerap bary içilse, Agdyk düşse bolmaýaryn pis netde. Sowalgamy öz kisämden gözleýän, Gysylamok bolmasam-da tüçjar baý, Bilsem göripligni barym gizleýäm, Bolsa bolsun garyp-g... |
GÖRÜNER
"Düşünýän il-günüm, saňa, Dirikäk öwüp oturman, Söýmersiň öz şahyryňy, Söýmersiň ony ýitirmän". A. Atabaýew. Hiç ýerinde egrelme ýok, dogrulyk, Turba ýaly görünip dur aňrysy, Dogrulykdan çykan ýaly sogrulyp, Şygryýetde dogan Taňry bendesi. Okaberseň gözýetimli bar ýeri, Gözellik görüner dünýäňe meňzeş, Seň üçin ummandyr onuň dar ýeri, Setirler ýalançyň heňňama heňdeş. ... |
AGLA PELEK
Maňa garap agla pelek, barýar ýüzüm büzülip, Para-para bagrym ba:şy dilim-dilim üzülip, Gaýgym-gussam baslygypdyr hatar tutyar düzülip, Astyndamy meň şatlygym alynmaly gazylyp, Barýan süllümbaý boluplar hasratyndan ezilip. Aglap-aglaplar nalamyň gutarypdyr gözýaşy Ýegşerilipler galypdyr egninde gara daşy, Dolanmazak boldy bagtym, bilmen amanmy bagşy, Iň bolmanda görsedim bir gijeler görüp düýşi, Jemalyny... |
ÝAŞAÝARDYM
Ýaşaýardym söýýänligňe buýsanyp, Bagtlydygmy duýýardym her pursatda, Söýgi sözlerini bilýärdim aýdyp, Gat-gat bolup ýatmaýardy gursakda. Duýmaýardym ýyllaň geçip durşuny, Gussa baryn bilmeýärdim durmuşda, "Ýüregim özgede" diýeniň bäri, Gelýän günler gaýgy-gamly görnüşde. Gelenok sütemli aýlaň ahyry, Mendäki ýürek-de daş dan däl etden, Çekip-çydap bilermikän ýarylman, Bir hemaýat bolma... |
GÜÝZ GIJESI
Çigreklije güýz gijesi, Oýardyň ýarymdan agyp, Gaçyrdyň şirin ukymy, Birenaýy sazyň çalyp. Diňläp otyryn owazyň, Ak süýt ýaly çyra bakyp, Tümlügiňe garaýaryn, Töweregme nazar dikip. Penjireden baksam daşa, Gizläpsiň sen Aý jemalyn, Garaňkyň içinde ýeke, Niçiksi geçýär ahwalyň. Meni ukydan oýaryp, Özüňe taý tutjakmydyň, Halyňa şygyr ýazdyryp Sazyňa sö... |
ATSYZ GOŞGY
Hasapsyz zat bolmaýarmyş dünýede, Çyn söýgiň üçinem bermeli jogap. Ertire bakmaly, ýöne düýnde-de, Bolanlygyň üçin etmeli togap. Bolanlygyň üçin etmeli togap, Ýakanlygyň üçin ýürekde yşgy. Edenligiň üçin şeýlekin sogap, Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy. Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy, Ýer alanyň üçin kalbyndan ýaryň. Çekenligiň üçin abrsyz keşgi, Ýaşamanyň üçin durmuşda ýarym. ... |
ÝOL SAÝLA
Ýör, öňe düş, Ýene, şeýle ýol saýla, Hasrat çekdirmesin yzyňdan gitmek, Gijä galaýmaly bolupdyr öýle, Nesip etsin şanly günlere ýetmek. Gel, öňe düş, Ýöne gysga ýol saýla, Gereksiz menzili aşmaga derek, Ertänem şu günüň goýnunda boýla, Şü günlerem bolup ýörin janserek. Çykyp gitse gitsin keşgim çäginden, Agyr diýip egip ýörmän egnimi, Boýum alyp öz ojagmyň çogundan, ... |
GÜÝZ AGLAÝAR
Ýene möwrüt doldy diýip, Güýz aglaýar, Güýz aglaýar. Ýaprakbary soldy diýip, Güýz aglaýar, Güýz aglaýar. Aslynda durmuş kadasy, Dolsa-da şerbet badasy, Ýaly ýigitleň sadasy, Güýz aglaýar, Güýz aglaýar. Aýlanyp durandyr pelek, Kim bolsaňam diýme telek, Gözýaşdan dolduryp çelek, Güýz aglaýar, Güýz aglaýar. Wah, ýap-ýaňam Gün guşlukdy, Ho... |
***
Ýüregime dowul düşen mahaly, Endigim bar ýagşylyga garaşmak, Öňdenem bu zatlar tanyş mysaly, Howsalanyň özi bilen ýaraşmak. Täzelikde gelip giden günlerimiň, Iç-daşyna garap emin göz bilen, Barmak basyp iňňesine güllermiň, Kesip biljek bolup durman gez bilen. Ýol arçaýan ruhubelent dünýämiň, Hoş söz bilen açmak üçin işigin, Özgerýänmi-ynjalýanmy duýýaryn, Haklygyna ynanamsoň işimiň. |