Результаты 1-20 из 24 по запросу Amanmyrat Kiçigulow

SEN AMAN BOL BU DÜNÝÄDE

Maşgalanyň dört gyzdan soňra ogla ýüzi düşüpdi. Atabaý öňem eli açyk kişidi, perzent görenden soňra-ha aňyrsyndakyny orta döküpdi – tas bir aýlap «essalawmaleýkimiň» yzy üzülmändi.
Göräýmäge köp garaşdyryp gelen çaga «a» diýmänkä alma, «h» diýmänkä halwa uzadylyp, halys başyna goýberiläýjek ýaly welin, ýok, beýle bolmady. Baýramjyk otur-tura ýaranda...
Täzelikler » Hekaýalar - 22.01.2024

OGLANLYK DÖWRÜMIÑ PEJI

Kim: “Jansyz närseler hiç zada düşünmeýärler” diýýän bolsa, ol öte ýalňyşýandyr. Siz oňa ynanmaň. Ýaňsyly ýylgyryp, meniň sözlerimi ret etmäge-de gyssanmaň...
Olaryň palçykdan salnan iki otaglyja jaýlary bolup, jemi ýedi adam bolup ýaşaýardylar. Öýüň nowbahary, goňşy-golamlaryň aýtmaklaryna görä, uludan kiceldilen ýaly düşbüje garagözelek oglanjyk de...
Täzelikler » Hekaýalar - 21.01.2024

KYRK ÝYLDAN SOÑ GAÝDYP GELEN ŞOL AÝAZLY GÜN

Gum içinde mesgen tutan, aňyrsy-bärsi görnüp duran obanyň içi her hili ulagdan doludy. Garaja agany sylap, ýakyn-daşdan toýa gelen adamlara taňryýalkasyn aýdylandan soňra, adamlar ikibir-üçbir öz ulaglaryna tarap ýöneldiler.
Ady tutulan Nurguly aýak çekip, yzyna öwrüldi. Garaja aga eken. Ýaşuly onuň ýanyna gelip:
- Keýmiri...
Täzelikler » Hekaýalar - 19.01.2024

DEÑINDEN ÖTÜP BOLMAÝAN ADAM

Aýnazaryň henizem köneje “Žigulisini” sürüp ýörşi. Ýalňyşyp-ýazygybam ulagyň hakyky adyny tutaýmaz, ony “Žiggenäm” diýip, heniz hiç kimiň eşitmedik hem-de aýtmadyk sözi bilen söýgüleýär. Özüni-de şeýle bir arassa saklaýar.
Onuň ogullarynyň ulusy täzeje ulagly boldy, kiçisi-de agasynyň yzyna eýerip, bir manady iki manat etmek üçin çyr-çytyr. “Žig...
Täzelikler » Hekaýalar - 18.01.2024

GARA GÖZLI SÖÝGI ÝAŞAÝARKA...

Hassahananyň howlusynyň adamsyz wagty ýokdy: girip gelýärdiler, çykyp barýardylar. Girýänleriň keşbi meňzeş bolsa hem, çykýanlaryň keşbi meňzeş däldi: biriniň ýüzi ýylgyrýar, ikinjisi aljyraňňy, üçünjisiniň başy aşak...
Şemal şahadan tänen ýapraklary hezil edip eýläk-beýläk kowalaýardy. Howlynyň her ýerräginde hassahanada ýatan adamlar ikibir-...
Täzelikler » Hekaýalar - 17.01.2024

MERTLIK HEMME KIŞÄ BERILMEÝÄR

Yzygiderli gaýtalanyp duran şol bir üýtgewsiz ýagdaý: körpe ogul bilen aýaly-ha işe, çagalary-da mekdebe gitdiler. Öý birnäçe sagatlyk ömrüň alty onlugyny arka atan iki adamyň ygtyýarynda galdy.
Telewizor goýberildi. Saçak täzelendi. Amangulynyň göwünli-göwünsiz iýip-içip oturmagy Aýnany iňkise goýdy. Juwanlyk birmahal geçip gidenem bolsa, ýas...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.01.2024

ÝAGYŞLY GÜN BOÝNY BURLAN SÖÝGI

Ol garyndaşynyň toýuny sowup, yzyna dolanyp gelýärdi. Şähere çenli ýene ýarym sagada golaý ýöremelidi. Ýagyş çisňäp başlady.
Ýoluň gyrasynda duran gök reňkdäki ulagdan çykan adamyň “saklan” diýen manyda elini salgaýandygyny görüp, badyny gowşatdy.
Salamlaşdylar.
- Gardaş, meniňki bir näsazlyk tapynyp, ýöremesi agraldy. Tanyş uss...
Täzelikler » Hekaýalar - 15.01.2024


* * *

Wekil howlynyň bir çüňkünde oturyp, ony içgin synlady. Bu ýerde üýtgän zat ýok. Hemmesi öňki ýaly. Bäri ýoly düşen adamlar dürli agaçlaryň howla görk berýändigini aýdýarlar. Goňşy ýaşulularyň biriniň: «Etjek haýyr işleriňiz-ä bu dünýäňize, ýetişdirjek agaçlaryňyzam o dünýäňize saýa bolýandyr» diýen pendine eýerip, olaryň nahallaryny maşgala bolup oturdypdylar.
...
Täzelikler » Powestler - 15.01.2024


* * *

Günler aýlary, aýlar ýyllary yzyna tirkäp, Akpamygyň kökesi ýaly tigirlene-tigirlene, geçip barýardy. Wekil sekizinji synpy tamamlapdy. Bir gezek dosty Azadyň öýlerine baranda, dädesi oňa: «Wekil jan, eger ejeň göwnese, men seni gök önümler satylýan dükana wagtlaýyn işe ýerleşdireýin. Tomusky dynç alyş gutarýança işleseň, hem zähmete bişişersiň, hem-de maşgala sowalga...
Täzelikler » Powestler - 14.01.2024

ENE

«Seni juda, juda göresim gelýär,
Wah, ýekeje gezek synlasam keşbiň!».
(Öwezdurdy Nepesow).


Gözi gyzaryp, ýüzi ýellenip duran Atahally çalak-çulak ýuwnup, saçak başyna geçdi. Göwresiniň barha ýognap barýandygy sebäpli haşlap alýan deminden gaýdýan öten agşam gereginden artyk içilen ajy suwuň ýakymsyz ysy garşysynda oturan Zöhräniň aňyrs...
Täzelikler » Powestler - 13.01.2024

RUBAGYLAR

Sen süýjini gören, ajyny dadan,
Saňa pikirlenmek berlendir, adam,
Gömlen zadyň bary hazyna däldir,
Tylla däldir her bir ýalpyldan zadam.

***

Egrilige endik eden el erbet,
Ýürekleri paralaýan dil erbet,
Aýyp däldir ýara alsaň söweşde,
Söweş görmän ýaralansaň - şol erbet.

***

Bu ...
Täzelikler » Goşgular - 13.01.2024

ÝAT ŞÄHERDÄKI ÜÇ MYHMAN

Uzynly gije menzil söken otly Aşgabada daň agaranda geldi. Adamlar oňa münenlerinde gyssanyşlary ýaly, düşmäge-de gyssanýardylar. Gara reňkli sport torbasyny egnine alan, uzyn boýly, saryýagyz, görmegeý ýigit iň soňundan düşdi.
Niräňe seretseň, ýalpyldap duran, biri-birinden owadan ulaglar. Olaryň eýeleriniň dillerine edil bal çalnan ýalydy, “jan” b...
Täzelikler » Hekaýalar - 13.01.2024

ÝOLAGÇY

Etrap merkezine iş saparyna gaýdan pyýadanyň möhümi günortana galman bitdi. Ol ýere gijäniň gylla ýarynda gelyän otla garaşyp, demir ýol menzilinde gözüňi gyzardyp oturmagyň zerurlygy ýok, näme kän - ulag kän, «Maňa mün-de, maňa mün, ýaşuly!». Myhman goňur sanajyny hallanladyp, olaryň üýşýän ýerine ugrady. Birden: «Erte şenbe güni ahyry. Dädemiň ýekeje aýal doganyny köpde...
Täzelikler » Hekaýalar - 12.01.2024

TOÝ SOWGADY

Kerwen altmyş üç ýaş toýuny bellän Atabally bilen hoşlaşyp, ikibir-üçbir bolup dagaşyp ugran myhmanlaryň arasyna goşulmakçy boldy. Ýöne Atabally: «Beýtmäň, häli-şindi duşuşyp duramzok ahyry. Özli-özümiz bolup, ine-gana çaýlaşalyň. Öýe ýarym sagat giç baranyňyz bilen, näme, sizi taşlap göçüp gitjek bolup durlamy?” diýip, çyny bilen aýdansoň, ulagda oturan ogly Baýgeldä...
Täzelikler » Hekaýalar - 12.01.2024

GALAMYŇ GUJAGYNDAKY DÜNÝÄ

(Dürli ýyllaryň ýazgy depderçelerinden)

«Esse» fransuz sözi bolup, ýazyjynyň haýsydyr bir mesele boýunça pikir ýöretmesidir. Ýöne söz sungatynyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, onuň göwrümi gysgajyk bolýar. Ol çeper edebiýatyň edebi tankyt, publisistika görnüşlerini, şeýle-de, pelsepäni öz içine alýar.
Söz sungatynyň dün...
Täzelikler » Ýatlamalar - 25.02.2023

• DEGIŞMELER

Habarçy:
- Alýo! Salam. Men siziñ agzybir kollektiwiñiz barada makala ýazmakçy.
Magazin müdiri:
- Azara galmañ. Size gerek haryt bizde ýok.

* * *

- Kakasy, ukyñy haram edip, nämä dümtünip otyrsyñ?
- Roman ýazýan, keýwany.
- Onda men dañ agardygy, syçan tutulýan gapanyñ ugruna çykaýyn.

* ...
Täzelikler » Degişmeler - 01.11.2021

Yglan edilmedik uruş hakynda hakykat

OWGANYSTAN: HALKYŇ BITMEÝÄN ÝARASY

Bu uruş hakynda aýdymlar döredildi, kitaplar ýazyldy, filmler alyndy, spektakllar goýuldy. Göräýmäge aýdylýan zatlar ýeterlik ýaly. Ýöne üç ýyla golaý wagt mundan ozal tamamlanan uruş özünden soň, öňüne perde tutulan gizlin wakalaryň telimsini galdyrypdy...
1979-njy ýylyň de...
Täzelikler » Publisistika - 16.08.2021

GYSGANÇLYK

Açgöz nazaryny çar ýana dikip,
Eýmenç tüpeñini alyp eline.
Awçy ýigit uly dabara bilen,
Gadam goýdy Garagumuñ çölüne.

A Garagum tutup husytlygyna,
Ýekeje çebişem rowa görmedi.
Köýdürse-de ençe gijäñ ukusyn,
Awçynyñ niýeti başa barmady.

Sögünç sözler bilen boşadyp için,
Dolandy yzyna, gaçyp mejal...
Täzelikler » Goşgular - 13.07.2021

ÝOLLAR GÖZLI ATA ELTÝÄR

• Keramatly ýere zyýarat

Säher bilen "Balkan" gazetiniñ redaksiýasyna barsam, "Gözli ata" haýyr-sahawat jemgyýetiniñ başlygy Gulgeldi Hojamämmedow maña garaşyp oturan eken. Gadyrly salamlaşdyk. Edil göçi geçip barýan ýaly, haçan görseñ howlukmaç ýigit saglyk-amanlyk alşylandan, goşaryndaky sagadyna seredip:
- M...

ÝAGŞYLYKDA ÝATLANÝAN ÝAŞULY

• ýa-da Serdar Nepes ogluny ýatlap...

Aramyzda ep-esli ýaş tapawudynyñ ýatandygyna garamazdan, goñşy bolup baran ilkinji günlerimden Mämmedaly Orazalyýew diýen ýaşuly bilen gürrüñimiz alşyp gitdi. Mämmedaly aga bilen günde-günaşa diýen ýaly türkmeniñ geçmiş taryhy, däp-dessurlary, edebiýaty, meşhur adamlary barada söhbet edýäris. Bir gezek gürrüñiñ çeti Baýram şahyra baryp diredi. Şonda goñşym şahyryñ söwer dosty Serdar Nepes ogly bile...

Amanmyrat Kiçigulow Amanmyrat Kiçigulow
Anketa » Мои статьи - 2022-07-14 20:09:33

— Maňa Amanmyrat Kiçigulow gerekdi. — Şol a men bolmaly. — Hä, saglykmysyň, inim. Men — Ýylgaý dädeň... Ýylgaý Durdyýew. Gaýtadan gadyrly salamlaşdyk.... Amanmyrat KIÇIGULOW.

Amanmyrat KIÇIGULOW.
Täzelikler » - 2024-01-12 13:25:49

Amanmyrat KIÇIGULOW. # edebiyatwesungat
Täzelikler » - 2024-01-13 02:07:34


1 2 »