Результаты 1-20 из 24 по запросу Amansähet Annasähedow
DERÝA
![]() Bu goşgyny bagyşladym şanyňa, Gursagma giren mähriban derýa. Meniň üçin ýeke-täksiň Sumbarym, Seni görmesem men sygmaýan dünýä. Ýardam berip Hazar deňzine guýýan, Her damjaňda onlap-ýüzläp many bar. Lowurdaýaň, Aý astynda bulanyp, Seniň owazyňda belent jady bar. Meniň üçin eziz ähli derýadan, Sumbar ... |
MERW MEDENIÝETI WE HOREZMI
![]() Soñky wagtlar Mary topragy özboluşly döwrebap keşbe eýe bolýar. Bu günki gün bu toprakdaky taryhy gymmatlyklarymyzyň we milli mirasymyzyň şöhraty dünýä dolýar. Mary Türki medeniýetiniň mesgeni, ösen swilizasiýalaryň merkezi bolanlygy üçin TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2015-nji ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Taryhy ýadygär... |
OMAR HAÝÝAM MERWDE
![]() Gadymy Merw 2012-nji ýylda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeni paýtagty, 2015-nji ýyl bolsa türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýilip yglan edildi. Şeýle derejäniň Mary şäherine berilmegi bilen bütin ýylyň dowamynda geçirilmeli işleriň tertibi düzüldi. Şeýle hem ýaşlarymyzyň bilimleri bütinleý erjellik bilen öwrenmäge, hünärleri ele almaga,... |
SAN BOLSAM
(Magymguly Pyragynyň äheňinde) Ýaşap ýörün, emma arzuwlarym kän, Watana mynasyp goşandym goşsam. Mätäje seredip, göwnüni tapyp, Hassa söýeg bolup, ýürekden joşsam. Şahyrlaň şahyry Magtymguly dek, Jahany aýlanýan goşguly bolsam. Bag içinde ajap bilbil saýylan, Andalyp dek dessanly, joşgunly bolsam. Watanyny jany deýin goraýan, Seýdi dek gahryman-serkerde bolsam Kemine, Mä... |
GERÇEK
(Mekdep mugallymy, uruş weterany, podpolkownik Aba Mämenowy ýatlap) Ýeňiş bilen öýne dolandy esger, Köp ýyllap hatardan galmady işläp. Geçen urşuň agyr yzasy ýatyr, Onuň bedeniniň aşagyn dişläp. 22 sany gurşunly esger, Wah diýmedi jebirli ýaşasa-da. Mekdep ýaşlarynyň hossary boldy, Köpüň adamydy, sadady sada. Hatar-hatar orden medally gerçek, Geýinerdi söweş gören şinelin. Bu... |
AWAZAM GUWANJYM, WATAN - BAŞ TÄJIM
![]() l. Döräp barýar binalaryň kerweni, Kenaryň boýunda hatar gurapdyr. Ýada salýar ajap gülli çemeni, Awazam boýnuňda jennet döräpdir. Yhlas siňdiripdir Arkadag oňa, Nesillere, Asyrlara nusgalyk. Diýarym Sahabat nurun eçilýär, Toýhana öwürýär kenarda balyk. Gojaman kena... |
DEREKLER
![]() Obaň pesindäki ýabyň boýunda, Uzyn tomus şelpelerni kakdylar. Owazly başlaryn asmana dikip, Gelenleň-geçenleň ünsün çekdiler. Ýazyň-tomsuň täsin gözelligini, Görmäge göz gerek hatar derekleň, Göýä gelinler dek täsin basyşyp, Hatar bilen çeşmä barýar seretseň. Güýz gelende, täsin şelpesin saçyp, Dö... |
MUMYÝA
Tapypdyr saglygyň gerek dermanyn, Maral agtaransoň beýik daglary. Ýaşanmyş keseliň garasyn görmän, Ýene gözlänmişin depeläp gary. Bir günem duşupdyr awçy bir goja, Degipdir aýagna onuň güllesi. Dag maraly uzaklary söküpdir, Gelipdir uzakdan aglaýan sesi. Öňki dermanyny tapypdyr ýene, Heniz topragyna bermänkä ýanyn. Gün-günden sagalyp daýanan keýik, Şeýdip halas eden öz şirin janyn. ... |
GAHRYMAN
(Gökdepe gerçegi Gurbanmyrat işana bagyşlanýar) I. Bu goşgyny bagyşladym şol merde, Çyn ärler gursaga ýazylan borly. Bir şahyr aýtmyş setirlerinde, ”Batyrlar hak halap, dogulýan borly”. Özi bir danady, özi merdana, Ýökdy oň atyna taý geljek atlar Bezegidi segreýip girse meýdana, Bu iki gudrata maýyldy toýlar. Ýyndamlykda ýokdy oňa taý geljek, Atyň bakylyşyn görenler h... |
SOÇI ŞÄHERINDE
![]() Adyňy apalap gezýärin ýene, Hakydamda ýaşaýarsyň şäherim. Sen şeýle bir meňzeş ene mekana, Ýada düşýär dogduk mekanym, ýerim. Deňeşdirdim mekan bilen ýerimi, Deň geldi. Deňeşdirdim adamlaryň kalbyny, Deň geldi. Ýone, bir arkaýyn ýaşap ýör halklar, Gaýgy-da ýok, alada ýok, Hezildi. Egrem-bugram ýoll... |
BAHAR AÝYNDA
Tebigat täze bir görnüşe girip, Beslendi. Daýhanlar barýarlar işe, Depelikde goýun-guzy mäleşip, Ýazyň gelenini buşlady gyşa. Gök maýsalar doldy depäň ýüzüne Öwsüp gök begresin geýen mysaly. Çigildemler böwsüp çykdy äleme, Topraga düşeldi al-elwan haly. Üç aýlap goş basyp ýatan arly gyş, Bu gün öz möwritin geçirdi ynha, Asmanda bulutlar ikä bölündi, Tebigat görkezdi täsin bir sahna.... |
SOÑKY ÝOL...
Köçeden barýarlar, ellerde tabyt, Ýatyr ynsan bulutlara seredip, Ýaňy ýalydy-la dünýä ineniň, Ynha barýaň ýüreklerde ýer edip. Durmuş azabyndan dyndy bir ynsan, Jahanda barmyka baky duranlar, Toprak çekip barýar gerçek ýigidi, Ýüreginde arman galdy ýaranlar. Elden-ele geçýär adamlar gowy, Ýagşymy ýamanmy bilenok parhyn. Topraga garyljak jesedi görüp, Saglygyn soran ýok, soran ýok ny... |
ÝOLDAŞYMA IBERILEN HAT
Gözelleň içinden seni gözledim, Saňa taý geljegin bilmedim tapyp, Gara deňiz tolkun atýar birgeňsi, Alyslarda nazar,doýamok bakyp. Deňiziň üstünden pasyrdar şemal, Ýar jemalyn getirýän dek öwsüp dur. Myhmanyna hormat goýan dek bolup, Palma agaçlary başyn egip dur. Senden alyslarda ýazyldy goşgym, Sen öýümiň täji älem-jahanym. Şu günüm-ertirim bagly eken saňa, Seniň bilen a... |
NESIP EÝLEDIŇ
Musulman parzyny berjaý etmäge, Allam bu gün maňa nesip eýlediň. Käbä geldim, Pygamberi görmäge, Allam bu gün maňa nesip eýlediň. Başym goýdum keramatly daşyňa, Aýlandym men togap edip daşyňa, Ömür goşduň ömürüme-ýaşyma, Allam zyýaraty nesip eýlediň. Gahryman Arkadag ýolumy açdy, Dillerim dogaly, kelamlar seçdi, Zemzem suwy Saňa gözlerim düşdi, Allam, içmekligi nesip eýlediň. ... |
DOGLAN GÜNÜÑDE
Ýaz ýeline uçup gelen durnalar, Asmanyň ýüzüni nagyşladylar. Durnalaň sesine güllän erikler, Saňa on sekizi bagyşladylar. On sekiz ýaşyňy gutlamak üçin, Öýüňe üýşdüler deňi-duşlaryň. Olar yzly-yzna arzuw etdiler, Uzak bolsun-uzak bolsun ýaşlaryň. Hemem olar gutlap juwanlyk ýaşyn, Sowgat gowşurdylar oňatdan oňat, ...Maňa goşgy bolup görünen gyza, Menem bagş etdim goşgudan sowgat. |
GORKULY GIJE
Rahat ukudaka tisginip gitdim, Bu nämäniň, aýdyň, alamatyka?! Gowluga ýormaga çalyşýan weli, ...Ýa ýene bir zady ýitirdimmikä?! Mähriban enemi ýitiren günüm, Ýatanymda böküp turdym ýerimden, Taý geljegi tapmadym men jahanda, Ýürekdeşim, mähribanym enemden. Ýene agşam çygy düşüpdir eýýäm, Hopugýaryn gijeleriň gelerne. ...Saňa şükür edýän ýatdym men rahat, Geçirdim gijäni, gorkmadym h... |
DAG-GAÝALAR
![]() "Daglaryň üstünden daglar görünýär” Halyl Kulyýew. Eý Allam, Sen hakyky ussalara halypa, Neneň döredipsiň dag-gaýalary. Ötlem-ötlem, hatar-hatar bina dek, Kerwen gurap gidip barýar ýokary. Köpetdagyň depesinden synlaýan, Töweregiň jülgelerden dolup dur. Ho:l uzakda Sumbar derýanyň suwy, Hana sygman kenaryna urup ... |
GEZSEM, JAHANY GÖRSEM
![]() Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň millilige, halkylyga öwrülen ajaýyp döredijiligini okan her bir türkmen özüniň gahrymançylykly geçmişini, şu gününi,we geljegini görýär. Türkmeniň Gahryman ogly, Hormatly Prezidentimiziň beýik şahyryň döredijiligine uly sarpa, hormat goýýar. Her ýyl şahyryň doglan güni uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilý... |
DAGLY GÖZELE
Ýene ýürek gysyp kalbym gamlandy, Dagly gözel, sebäbini bilýärmiň?!. Gözlerimiň owalary nemlendi, Dagly gözel, sebäbini bilýärmiň?!. Meň bolşuma dymyp dursuň, ezizim, Ýada senem geň gördüňmi bolşumy? Ýa bir söýgä sen uçuran bolaýma Ýa bir ýigit agyrtdymy başyňy? Gördüňmi sen bu dünýäniň jemalyn, Gözel gyz ýene-de saňa ýüzlenýän. ...Gözlem deger öýdüp bolşumdan gorkup, Wahal-wahal j... |
AÝDERE
Ajap jemalyny magtaýan ýaly, Aý gülmüräp çykdy dagyň gerşine. Deräni oýardy säher sesine. Ýyndam şemal oýnap akyp barşyna. Şaýly gelin ýaly ýylgyryp asman, Ýagta büräp hozly deräň güýzüni., Töwerege müşk ysyny ýaýradyp, Güller sepeledi atyr ysyny. Bezemen jübütlet çykdylar seýle, Deräniň görküne görküni goşup, Şahyr oglun öz erkine goýmady, Goşgy ýazýar ajap görnüşe joşup. D... |