Результаты 1-20 из 28 по запросу Araznepes Mämmetjumaýew
ERKIN ŞYGYR SUNGATY
«Gorkut ata» şadessanynyň şygyrlarynda dürli çeperçilik serişdelerine: ulaltma, kiçeltme, deňeşdirme, içki sazlaşyk we gaýrylardan ýerlikli peýdalanylypdyr. Eserdäki şygyrlar şu günki şygyr sungaty bilen deňeşdirilende içki golaýlygy görmek bolýar. Ýöne ony giçki orta asyr şygyr görnüşi bilen deňeşdireniňde uly tapawudyň bardygyny bellemek gerekdir. Sebäbi şygyr sungaty Gorkut atanyň döwründen biziň şu günlerimize çenli örän uly ösüş ýoluny geçipdir. Dürli şygyr ... |
Sözlügiň käbir goşgularyndaky öz görkezen gahrymançylygyň hakynda gürrüň etmek ýagdaýy oguz-orhon ýazgylaryna-da mahsus. Ýokarda getiren goşgymyzyň ruhy oguz-orhon ýazgylaryna juda ýakyndyr. Çünki, runiki ýazgylarda hem ”men” diýip gürlemeklik bar. Megerem, bu häsiýet şol döwrüň ruhuna, şondan hem edebiýatyna mahsus alamat bolmaly. Türkmenlerde öz görkezen gahrymançylygyň hakynda gürrüň etmeklik, baryp ýatan hakykat bolaýanda-da il içinde halanylmaýar. Seniň gahrymançylygyň waspyny başgalar etm...
|
MAHMYT KAŞGARY
Mahmyt Kaşgarly dünýä derejesinde ykrar edilen beýik şahsyýetlerimiziň biridir, ylym äleminde nur saçýan ýyldyzdyr. Medeniýeti goldamak we ösdürmek boýunça dünýäniň halkara guramalary, şol sanda UNESKO beýik türkmen alymynyň adamzadyň öňünde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, 2008-nji ýyly “Mahmyt Kaşgarlynyň ýyly” diýip yglan etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Mahmyt Kaşgarlynyň doglan gününiň şanly 1000 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenip geç... |
HOJA AHMET ÝASAWY
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ylahy dünýäsinde ymykly orun alan hem döredijiliginde «Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy, meniň Sahypjemalymny gördüňmi?!», «Hyrka geýen Hoja Ahmet, Seýramdadyr Seýramda» diýmek bilen adyny hormat bilen tutup, tarykaty geçmekde medet dilän Türküstan Şyhy Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri ylmy jemgyýetçilik tarapyndan öwrenilmäge doly mynasypdyr. Ahmet Ýasawy özüniň ylahy garaýyşlary–sopuçylyk tarykaty bilen musulman Gündogarynda ymyk... |
ALY OWHADEDDIN ENWERI
Auheddin Ali ibn Yshak Muhammet Yshak XII asyrda seljuklaryñ häkimlik eden döwründe ýaşap şahyrlaryñ iñ görnüklileriniñ biridir. Bu özboluşly şahyryñ ömri we döredijiligi köp sanly tezkireçileriň, alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Enweri baradaky maglumaty iň gadymy tezkireçilerden bolan Muhammet Aufynyñ “Lubabul-Elbap” (XIII asyr) atly tezkiresinde we başga-da onlarça taryhy kitaplarda her hili edebi hrestomatiýalarda görmek bolýar. Eýran alymlaryndan Enwerini... |
EMIR MUEZZI
Seljuk türkmenleriniň Eýranda, Orta we Kiçi Aziýada häkimiýet başyna geçmekleri şol ýurtlaryň taryhynda uly özgerişikleriň ýüze çykmagyna getirýär we täze döwrüň başlangyjy bolýar. Seljuklar Eýranda gaznawylar dinastiýasynyň güýçden düşmekligi zerarly emele gelen ençeme ownuk we aýry-aýry ýerli häkimiýetleri birleşdirip, ýurtda syýasy bitewiligi pugtalandyrýarlar, ummasyz giň territoriýany özlerine boýun egdirýärler. Olar pars dilini resmi döwlet dili hökmünde kabul edý... |
MUHAMMET GAZALY
Muhammet Gazaly yslam taryhyna degişli kitaplarda birnäçe lakamlar bilen ýatlanylýar; Hüjjetül Isalam-Yslamyň buýsanjy, Zeýnüd-din- Diniñ zynaty el-Gazzal- ýüñ egirijiniñ ogly; Et-Tusy- Tusda dogylanlygy üçin; Eş- Şafi Şafi mezhebinde bolandygy üçin Eş Şafi diyilýär. Muhammet Gazaly hijriniñ 450, miladynyñ 1058 ýylynda Horasanyň Tus şäherinde garyp maşgalada dogulýar. Brokgelmanyñ pikirine görä bolsa, alym 451-nji hijri, miladynyň 1059-njy ýylynda dogylypdyr.... |
ABU SAGYT MÄNELI
Zamanasynyň uly sopy alymy, görnükli şahyry Abu Sahyt Fazlylla bin Abulhaýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi halkyň arasynda Mäne baba ady bilen tanalýar. Edebiýat ylmynda onuň ady Abu Sahyt Mähneýi ýa-da Mäneli diýlip tutulýar. Abu Sagyt Mäneli esasan rubagy hem kytga žanrlarda arap-pars dillerinde şygyr ýazypdyr. Ol 967-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň eteginde Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inipdir. Şahyryň kakasy öz döwrüniň gurply, däri-derman, anbar ta... |
TUMARLY
Pars patyşasy Kuros Babyly basyp alandan soň, massagetleri özüne boýun egdirmegi ýüregine düwüpdir. Şol döwrüň bilimdar adamlarynyň aýtmaklaryna görä, massagetler san taýdan köp hem batyr halk bolupdyrlar. Hazar deňziniň Gündogary ýagny Günüň dogýan tarapy aňrysy – bärisi görünmeýän ümmülmez düzlük bolupdyr. Bu örän uly tekiz meýdanyň köp bölegini massagetler eýeläpdir. Kuros şol ýurda söweş etmäge gitmegiň küýüne düşüpdir. Kurosy bu söweşe ugramaga oýaran ençeme sebä... |
ERGENEKON
Türk illerinde Göktürkiň oky ýetmeýän, Göktürkiň goly ýermeýän bir ýerem ýokdy. Göktürkler hökümdardy. Bu ýagdaý bolsa beýleki ähli kowumlara ýaramaýardy. Üstesine-de, olar Göktürkleri halamaýardylar. Olar bir ýere ýygnalyp maslahatlaşypdyrlar hem türklerden öç almaly diýen karara gelipdirler. Olaryň üstüne ýöriş edipdirler. Munuň garşysyna Göktürkler-de çadyrlaryny we sürülerini bir ýere toplapdyrlar. Töweregine-de hendek gazyp berkidipdirler. Duşman gelende-de sö... |
DÜNÝÄNIŇ ÝARADYLYŞY
Ähli zatdan owal ýönekeýje bir suw bar ekeni. Ýer, Gök, Aý, Güneş hem ýok ekeni. Keramatly Gara han /Gaýra han/ bilen Adam bar ekeni. Bularyñ ikisi-de bir gara gaz şekilinde suwuñ ýüzünde uçar ýörer ekenler. Gara han hiç zada düşünmeýärdi. Bir gezek adam ýel öwüsdirip, suwy tolkundyrypdyr hem-de Gara hanyñ ýüzüne suw syçradypdyr. Şeýle edende hem özüni hudaýlardan has güýçli saýypdyr, örän belentlere uçmak isläpdir. Emma uçup bilmändir-de suwa gaçyp, suwu... |
GADYMY EDEBI NUSGALAR
■ OGUZ HAN Günleriň bir güni wagty sagady dolup, Aý Hanyň çaga dogurmaly wagty ýetdi. Burgy sanjysy tutdy. Sanjylaryň soňundan bir ogul dünýä indi. Oglanyň ýüzi gögiň öwüşgüninde, agzy oduň gyzyl reňinde, gözleri bolsa bolsa bal pisint goýungözdi, saçlary, gaşlary garady. Iň gözel perilerden-de gözeldi*. Enesiniň göwsünden diňe bir sapar süýt emdi, soň birem emmedi. Dil çykdy. Çig et, aş, şerap isleýänini aýtdy. Derreň gürleşmäge baş... |
VIII-X ASYRLAR EDEBIÝATY
Türkmen edebiýaty uzak hem gaty çylşyrymly ýoly geçen edebiýat. Taryhda onuň gülläp ösen döwrem, dürli sebäplere görä bökdedilen wagtlaram bolupdyr. Emma ol dymmandyr. Zamana öz sesini goşup gelipdir. Gerek bolsa edebiýatymyz başga bir halkyň dilinde-de gürlemegi başarypdyr. Ol öz içki mümkinçiliklerinden başga şol diliň medeniýetini özleşdirmek arkaly hem baýlaşypdyr. Türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda agzeki edebiýat bilen ýazuwly edebiý... |
ABU ALY IBN SINA
Gündogarda Beýik Oýanyşy döreden alymlaryň biri Abu Aly Hüseýn ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina bolup, onuň ady adamzat jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur boldy. Ibn Sina diňe atly tebip bolman, eýsem görnükli filosofdyr. Ony türkmen halky «Lukman hekim» ady bilen tanaýar. Ibn Sina astranomiýa, geologiýa, matematika, mehanika, fizika ýaly barça ylymlarda uly yz galdyrypdyr. Ibn Sinanyň Köneürgençd... |
ABU REÝHAN BIRUNY
Gündogaryň Beýik Oýanyş zamanynyň alymlarynyň iň görnükli alymlarynyň ýene biri Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr. Ol 943-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Horezmiň gadymy Kät (soňra Şabbaz, häzirki Biruny) şäherinde dünýä inýär. Beýik akyldaryň çagalygy, ata-enesi hakda hiç hili maglumat ýok diýen ýaly. Biruny şu goşgy setirinde özüniň maşgala şejeresiniň taryhyny bilmeýändigini, atasyny, kakasyny tanamaýandygyny ýazypdyr: Walla, şejerämi bilemok ölsem, <... |
ABU NASYR FARABY
Abu Nasyr Faraby akyldar alym hökmünde diňe bir Gündogarda däl, eýsem dünýä ýüzünde meşhurdyr. Ol 160 töweregi ylmy işleri durmuşa beren akyldardyr. Bu alymyň ylym dünýäsi özünden soňky nesiller tarapyndan öwrenildi we öwrenilýär. Farabynyň ylmy açyşlary dogrusynda saldamly kitaplaryň ýazylandygyna garamazdan, onuň terjimehaly dogrusynda düýpli maglumat ýok diýen ýalydyr. Munuň düýp sebäbi akyldaryň ýaşan zamanasy bilen şu günki nesliň arasynda ullakan taryhy döwrü... |
MUHAMMET HOREZMI
VIII-X asyrlarda arap dilinde eser ýazan türkmenleriň arasynda Muhammet ibn Musa Horezmi aýratyn meşhur bolupdyr. Muhammet ibn Musa Horezmi 783-nji ýyllar töwereginde Köneürgençde eneden doglup, şol ýerlerde hem kämil çykypdyr. Gadymy Köneürgenç şäherinde ýyldyzlar ylmyny öwrenmek üçin obserwatoriýanyň bolandygy ylma mälimdir. Horezminiň zamanynda Horezimiň örän uly baý kitaphanasy bolupdyr we ol ylmyň, medeniýetiň ösen ýeri hasaplanypdyr. Horezmi ine, şeýl... |
VIII-X ASYRLARDA YLMY WE MEDENI ÖSÜŞLER
Türkmenistana miladynyň 650-nji ýylyndan başlap, araplaryň, yslam dininiň aralaşyp başlamagy bilen ylymda, edebiýatda arap dili hem giňden ulanylyp başlandy. Emma muňa türkmenler arap ylmyny, arap edebiýatyny, arap medeniýetini doly kabul edip başladylar, täze baý medeniýete, ylma, edebiýata eýe çykdylar diýip düşünmeli däl. Meşhur alym Muhammet al-Biruni özüniň „Geçen asyrlardan galan baky eserler” atly kitabynda könürgençli ýyldyzşynaslaryň... |
"GORKUT ATA" KITABY
Milli edebiýatymyzyň taryhynda Gorkut ata hem onuň «Kitaby dädem Gorkut» atly ajaýyp şadessany geçmişden geljege şöhle saçýar. Gorkut atadan galan bu ýadygärlik türkmen halkynyň geçmişiniň çeper ýazgylary bolup, ol edebiýatymyzyň taryhynda müdümi orun aldy. „Gorkut ata“ kitabynyň ýazylan döwrüniň taryhy ýagdaýyny öwrenmezden onda beýan edilýän wakalara, mazmuna düşünmek çetindir. Bu kitabyň biziň günlerimize gelip ýeten ygtybarly hasaplanylýan Drezden nusg... |
Araznepes MÄMMETJUMAÝEW, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. #edebiyatwesungat 99
|