"ÝANWARDA GARDAN SOÑ DURLANAN ASMAN..."
Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman, Dünýäñ ähli jedelinden beýikdir. Meýdan - kän doguran hasylly meýdan - Müñ periniñ edebinden beýikdir. Çagajygyñ ýüregini açyşy, Nýutonyñ açyşyndan beýikdir. Ýagarman bulutlañ şaglap göçüşi, Şahyrlaryñ göçüşinden beýikdir. Bakyýetde bir ömürlik meýlisler, It boýnunyñ almazyn... |
• 12-nji ÝANWAR
Bu gün türkmen türkmen bilen birleşýär! Bu gün türkmen watan bilen birleşýär! Haýyr-sahawat bar, ýagşy kelam bar – Türkmenimde müň dessanlyk kelam bar! Millet ýer deý süýşüp, togaba barýar! Öz-özüni päkläp, sogaba barýar! Toba edip, asman bilen birleşýär – Bu gün ymmat serdar bilen birleşýär! Aýatda diriniň ynsanlyk parzy – Bu gün agyr ýasda juwan hem garry. Ýok, utanmaň – aglama... |
BES! - DIÝÝÄR
Ýer şarynyň ähli sada ynsany, Jellat, çek eliňi, indi bes! - diýýär. Gul etmek başartmaz saňa Liwany, Eglenme-de öz ýurduňa ös! - diýýär. Aýagyna gandal uraýar ýaly, Yzladyp mal kimin süräýer ýaly, Öz erkini saňa beräýer ýaly, Araplaryň senden nirsi pes! - diýýär. Näme üçin men ýagty dünýä geldim - diýp, Açylmadyk gunça ýaly soldum - diýp, Eý waý, eje, waý, ejejan, öldüm - diýp, Eş... |
DOST
Rahym Esenowa Bilýän, bu gün seniñ boýnuñ burlandyr, Ýalñyz çagyñ gyýylansyñ azajyk. Uly aýlawlarda ýüze urlandyr, Bir bu dünýä gelmändig-ä azaşyp. Öñde uruş bardy ýalmanyp häli, Hoşa çöpläp, bozlup, çaşmalydyk biz. Gyzarikindiniñ ýalmany ýaly, Sypjyk adamlara duşmalydyk biz. Kötellerden geçmelidik gyýylman Hem ile bildirmän, ah, başlar ýaşdy. Kemlik... |
GÜL TOHUMY
Ukrain şahyry Aleksandr Şugaýyñ gyzy Miroslawa maña gül tohumyny sowgat berdi. Miroslawa. Ýyldyz gözli, eýjejik, Gül tohumy boldy seniñ sowgadyñ. Güli söýseñ, aýdym döredip bolýar, Söýmeseñem... Dogduñ näme, dogmadyñ. Bilmedim, nireden kelläñe geldi, Maña beýle sowgat etmek, naşy gyz. Ýaşajykkañ duýup bilseñ gülleri, Soñam oña golaý bolsañ, ýagşy gyz. Sure baganañ reñkin ... |
EZIZ HANYŇ ÖLÜMIŇ ÖŇ ÝANYNDA AÝDAN SÖZI
Göni ýürekden atyň — Gaýdaýyn çynar ýaly. Ýöne ýüzüme degmäň Hossarym tanar ýaly! Il bilen el uzatdym Orta goýlan okara. Degmändim, degdirmändim — Naçar bilen pukara. Ynha indi gutardy Eý, hudaý, ýalan ýaly... — Şundan atyň! — Görkezýär — Bir okda alar ýaly!.. Baýram JÜTDIÝEW. |
AZAN HEM TÜPEÑ |
ÖMRÜM-EÝ!..
Ömrüň mübärek agşamynda dünýä inen şygyrly-kyssaly ýazgylardan parçalar • GAŇŇALYNYŇ OÝUNDA Gaňňalyň oýunda — Tejende galdy, Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy, Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat, Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat, Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wa... |
ÝETGINJEK
Saryja murtlary tabap-tabaman, Şindi oglanlykdan sabap-sabaman, Ol bu ýurda dost gollarny uzatdy Ene diýdi: "Gelseñ bolýar sag-aman". Onuñ oglan gözlerinde eglendi, Gujak-gujak garlar, bedewleñ ýaly. Ýylgyrypjyk duran rus ýigidi - Ýañja bişen süýdüñ gaýmagy ýaly! Gygyrasy geldi: "Daglar ajaýyp!" Gygyrasy geldi: "Iller ajaýyp!" Gygyrasy geldi: tüpeñ atyldy... Ak kepderi barýar asm... |
ŞAFIKA |
DÜKANLAR |
HINDIGUŞ DAGLARYNDA
Aýyñ äñi şakyrdaýar aýazdan, Ýyldyzlar mölterip bakýar... oýansañ. Jahyl düwrtügi bar ýüzünde garyñ, Howalasy belent sowuk ýanwaryñ. Uçutda sygyrýar jarçysy çilläñ, Zawlar baýguş ýaly jakyrdap gülýär. Hanha, dag başyna ýyldyzlar üýşý... |
ÝALKANMAK |
Oňarypsyň! Wah, men gaty kütek-le,
Zehin nämişlesin bu däli başda. Özümem şol sözi rowa görmezdim Magtymguly bilen Puşkinden başga. «Ýer-gök arasynda ýeke hudaý bar — Ol hem aýal!»—diýen Kerbaba dagy, Diýerdim: «Berdişka, inim, ýaş bolýaň, Saýgaryp bileňok sol bilen sagy». Lorkaň şygyrlarny ykrar etmezdim! Gepletmezdim nemeslerde Geýnäni. Haýýama diýerdim: «Meý janyň aljak, Ne Maňňydy bilýäň, ne-de Daýnany».... |
"ŞAHYR BOLÇULYGYNDA ŞYGYR GYTÇYLYGY" DIÝEN MAKALANYÑ AWTORY DURDYMUHAMMET NURALYÝEWE DUÝGUDAŞLYK
Janyñ ýakma, däl-ä bagyr azapdan, Derýa boýlap, düre-sadaba ýetmez. Pysyrdaşyp uçjak bolşy güzapdyr, Bagdat aşýan şahyr hatara ýetmez. Ýagşy söze aşyk gülli maýlary, Duýman göriplige berlen aýlary, Haçan görseñ gurulgydyr ýaýlary... |
"GORKUT ATA" ŞADESSANYNA ÝANAMA
Bidöwlet sakgalyñ bitmedigi ýeg, Haram ülüşden paý ýetmedigi ýeg. Bet işiñ rowaç tapmadygy ýeg, Namardyñ mertleri utmadygy ýeg. Gulatynhñ parlap uçmadygy ýeg, Bürgütleriñ ýerläp uçmadygy ýeg. Bedewiñ toýnakdan galmadygy ýeg, Süýtleriñ gaýmakdan galmadygy ýeg. Ýaryñ yşk umydyn üzmedigi ýeg, Şahyryñ galp setir düzmedigi ýeg. Şoe suwuñ pagşyldap çogmadygy ýeg, ... |
TAŇRY SAZLAŞYGY
Taňrynyň gudrat işine akyl haýran, gör-ä muny — nazary düşen ogluna barlygyň iň kämil sazlaşygyny berýär oturyberýär! Şeýdibem onuň ömri yzyndan gelýän nesil üçin mekdeplik nusga aýlanýar. Hormatly okyjym, görseň, iň ýokary perdeden tutandyryn. Munda başga ýol ýok. Türkmeniň Gurbannazar Eziz diýilýän şahyry hakynda asla aşaky perdeden sözlemek bolmaýar. Russiýanyň beýik Puşkini ýaly halkyny söýüp, özi halk bolan şahyrlar barada diňe il buýsanjynyň deňinde duru... |
GELNEJEMIÑ AGLAN GÜNI
Megerem, ol öz agysyny aglaýardy öýdýän... Bir gün, iki gün... on gün... Men oglan - hemmesi gözümiñ öñünde: ýaş, owadan gelnejem iki elini ýüzüne tutup, möññürip-möññürip aglady, towlanyp-towlanyp ters aýlandy, burlup-burlup horkuldady, soñabaka bolsa, towy giden ýüp ýaly, ysgyn-mydarsyz süýndi ýatdy. Kalbynyñ çuñundan añyrlardan bir ýerden gaýdýam sarsgyn k... |
TÜRKMENIŇ GARA SEÝITLISI
Ýigriminji asyryň şygryýetiniň belent gaýalarynyň biri Gara Seýitliýew hakyndaky gürrüňimi onuň galamdaşlarynyň jaýdar bir sözi bilen başlamak isleýärin. Okyjylar bilen geçen duşuşyklaryň birinde ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow şeýle diýipdir: «Men şu şahyra aşyk». Bu söz şahyr Kerim Gurbannepesowa ýaran bolarly. Ol soň şu pikiri şeýleräk ösdürdi: «Şol şahyra menem aşyk. Gyz-geline aşyk bolmak — adaty zat. Emma erkek kişiniň erkek kişä aşyk bolmagy, onda-da... |
HANTAMAÇYLYGY RET EDEN ŞAHYR
Ýalňyşmaýan bolsam, 1970-nji ýylyň güýzüdi. Türkmeniň meşhur Pürli Sarysynyň ýetmiş ýaşynyň toýy toýlanýardy. Uly zal adamdan ýaňa hyryn-dykyn doludy. Giň sahnanyň sag ganatynda, kiçijik stoluň başynda oturan goja kişiniň bir gysymjyk göwresi çalynýan sazlara goşulyp, hut gözüň alnynda eräperäp gidäýjek ýalydy. Çalynýan zatlaram ýönemöne zat däldi, olar beýik Sary bagşynyň ogly Pürli Sarynyň ýaş toýuna derejelik sazlardy. Pürli aganyň öte tolg... |
" Baýram Jütdiýew. Dünýäniñ ýedi täsinliginiñ biri hasaplanýan Beýik Hytaý diwary baryp ha b.e.öñki 475 221 nji ýyllarda gurlupdyr.
|
" Baýram Jütdiýew. Şahyrym, şahyrdan getirdiñ nyşan, Ine, çyn ärleriñ edasy şeýle! Her kes hormat goýsa birek birege, Köp bormudy ynsan pidasy ...
|
...berip, şeýle diýdi: – Annaberdi Agabaýew, Baýram Jütdiýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gurbanýaz Daşgynow we beýlekiler. – Şahyr, bularyň arasynda gelin gyz ýok la!...komissiýasy döredilip, onuň başlyklygyna şahyr Baýram Jütdiýew, orunbasarlygyna şahyr Gurbanýaz Daşgynow bellenildi. Şonuň ýaly da, şahyryň adyny ebedileşdirmek barada ýörite karar kabul edildi.
|
...Tagan, Atamyrat Atabaýew, Annaberdi Agabaýew, Baýram Jütdiýew, Kakabaý Ylýasow, Nobatguly Rejebow ýaly gürrüňsiz zehinli ýazyjy şahyrlarymyzyň çap edilmeli eserleriniň ornuny eýeläp, edebiýat meýdanymyzy «şorladyp» gidip otyr.
|
...pese gaçan mahallarynda Nobatguly Rejebow, Baýram Jütdiýew, Annaberdi Agabaýew, Atamyrat Atabaýew, Gurbanýaz Daşgynow, Atajan Annaberdiýew, Kakabaý Ylýasow ýaly şahyrlarymyzyň şu günki poeziýamyzyň kämil derejesini saklaýandyklaryna guwanman ...
|
" Baýram Jütdiýew. Şahyrym, şahyrdan getirdiñ nyşan, Ine, çyn ärleriñ edasy şeýle! Her kes hormat goýsa birek birege, Köp bormudy ynsan pidasy ...
|
Hawa, şahyr Baýram Jütdiýew aýtmyşlaýyn «il beýik». Uly il ýaňky tetelliler bilen agyz deňemedi. Magtymguly aganyňam, Sapar aganyňam ýaş toýuny belentden tutdy.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ GOÑŞOKARA Git, okaram, aşly git, Gel, okaram, aşly gel. Ýere oklanan tohum ~ Garyş garyş başly gel.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ ÝAZYPDYRLAR... Ýazypdyrlar: "Gül ýigitdi, hoşgylawdy, pamykdy, Ýazlar ýaly arassady, bir bigünä gämikdi. Garynjany ynjytmazdy, "ýok" sözüni bilmezdi, Ýere bakyp ...
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ AÝALLAR (degişme) Aýalnyñ diýenin etmeýän ýokdur, Pişge murtlar, sakgalsapy üwmekler. Omuzlary depe ýaly zaññarlar, Oñ ugrunda düwdekdir.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ HATYRA Meşhur Sahy bagşynyñ ruhuna degsin Guran hana öwrülipdi damarlar, Sönüp ugran gözler goýdy görmäni.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ MIKALENJELO Mikelanjelo! Ak mermeriñ han ogly! Daş ýonupdyr jan girýänçä gursagna. Köne dünýäñ jogaplarny, soragny ~ Sygdyrypdyr daglañ äpet harsañna.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ ÝALÑYŞMA Rysgaly Alla berer, ýene aljak Alladyr, Ýüregimde ~ Alhamdyr, dilde ~ Kulhuwalladyr, Ata ýurdum abatka bolmaz meniñ perýadym, Ile ýeten ...
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ BENTLER Ýazda gyrylara geler damarlar, Öz ýakan oduna gyzlar ýanarlar, Ziñkildisi artar çuwalgyzlaryñ ~ Göwreli gelinler agraslanarlar.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ GARAÝYŞ Men ret edýärin dosta al salyp, Gije gündiz özün gaýgyrýanlary. Men ret edýärin söýýänden bolup, Boş hüñläp, bihaýa ...
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ MIRAS Köşgi eýwan galdyrmandyr atalar Bilýän, aralar daş uçup ýeterden. Ojaklardan ojaklara duz geçip, Ýeke gysym gum galypdyr pederden.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ ŞAHYR Şahyr gadymlardan iliñ kemaly, Parhlylykda bu döwletli ýere deñ. Onda keramat bar ~ dili dogaly Biziñ ilde şahyr pygambere ...
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ ŞU GÜN... 1. Şu gün deñze göwnüm ýetdi ~ Sygmaýardy hanasyna. Dowul salýar ~ biserhetdi Ýeriñ gögüñ arasyna.
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ SALANG KÖTELI Kyrk iki ýaş, golumda da awtomat, Bilimde de ýüz ýigrimi okum bar. Salang köteli...
|
Baýram JÜTDIÝEW ▶ ARALYGY ÝIGRENDIM Ne hä hamyr, ne petir ~ aralygy ýigrendim, Iki dilli, on ýüzli alalygy ýigrendim, Owaldan tüýsi bozuk bir ...
|