Результаты 1-20 из 23 по запросу Bagtygül Tekäýewa
BAGT EKEN BAGTYÑA GARAŞMAKLYGAM
Kalbymy gaplaýyp süýji hyýala, Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam. Müňde alkyş okap senli ykbala, Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam. Garaňky gijeleň aýy sen janym, Barlygym, baýlygym, şuglaly aýym, Seni maňa köp görmesin Hudaýym, Bagt ekeni saňa garaşmaklygam. Gülüp gez sen, kül ykbaly gül edip, Göwnüm joşýar saňa şygyr döredip, Indi sensiz ýaşama ýok hez edip, Bagt ek... |
AÝYÑ BOLAÝYN
Bagt yşygyn ýakmak üçin dünýäňde, Saba-säherleriň, daňyň bolaýyn. Bir pursatlyk salgymlara güýmenme, Ajap, aýdym, mukam heňiň bolaýyn. Göwnüm gidip kölge inen roýuňa, Gülüp gelen gülli ýazyň bolaýyn. Gamly pikirleri ýygsaň oýuňa, Şatlygy çagyrýan sazyň bolaýyn. Çarhypelek göwnüň kimin gelmese, Tamalaryň güneş kimin gülmese, Ýalňyz köňlüň bir sonarlyk islese Ýaşyl kölüň, guba-gazyň b... |
UÝAM
Kä-te gabaklaryň ýellener gider, Ýassygy ýürek deý ezilen uýam. Kalbyň ynjanyny özge kim biler, Derdiňe düşüner dözülen uýam. Gül göwnüňi bilbil diýip baglanyň, Bolmasyn seň ýürek-bagryň daglanyň. Köňlüň garmy depesi deý daglaryň, Kirpigine hünji düzülen uýam. Sabyr käsäň dolar, daşar, pürlener, Ilçilik bu her hili söz gürlener, Giň bol, ýylgyr, ine ahyr gün geler, Gözleri hasratdan süzülen... |
GIDESIM GELÝÄR
![]() Eje, meň gidesim gelýär, Ýylgyrma ýok täleýimde. Didelemden başlan surat, Gutaranda eňegimde. Çigit ýaljak kiçi göwnüm, Tamakin däl, kör-köpüge. Ýüregimde çiglen düwnüm, Yza berýär köpçülükde. Tenha özüm pynhan ýerde, Ýaralarma em eýlejek. Galyp ýörme soňsuz derde, Ýol şaýym tutup neýlejek? Syrdaşy... |
GITSEÑ...
Ähli aladany zyňyp bir ýana, Gitseň kalbyň wysallaryn gujaklap. Aýakýalaň gül düşelen ýaýlada, Gezseň haý-höwesiň bagryn gyjyklap. Asly jennet, anbar ysly sährada, Gamly köňlüň ganatlaryn ýaýsa-da Uçsaň. Özgelere dözülmedik dürüňi, Bulutlaram bulduratsa maýsada. Gussalaryň perwana deý gaýsalar, Soňam asla dolanmasa sen taýa. Arzuwlaryň nikasyny gyýsalar, Bagtdan doly bije düşse ... |
GELSENE...
Meň gamly dünýämi toýhana öwrüp, Gelsene. Ýalan gybatlaryň donun çöwürüp, Gelsene... Ýyldyzly ýaglygyn oransa zemin, Aý yşygy derdiň tapanda emin Ýetmezin dolduryp göwnümiň kemin Gelsene... Sabrymyň käsesi püre-pürlense, Ýekeligim gussalara per berse Öwrülmänkäm serhoşa ýa sermeste Gelsene... Garaşmakdan göz röwşenim öçmänkä, Bägül görküm alyslara göçmänkä, ... |
EJE
Eje, meni şeýlebir gujaklasana, Elleriň ýylysy, ýüregiň mähri, Synama ornasyn, kowsun dünýämden, Maňa ýapşak bolan sussupesligmi. Eje, meni şeýlebir gujaklasana, Ýumşak aýaň sypalasyn serimi. Ýüregimiň derdi gözden syrygyp Ýuwsun aýralygyň oýan ýerini. Eje, meni şeýlebir gujaklasana, Ýyly demiň ot goýbersin synama. Çekile-çekile sapagy ýolnan, Ýapyşalga bolsun sönýän ynama. Eje,... |
SEN GELÝÄŇ
Nije ýyllyk umydymy gülledip, Sen gelýäň. Gerdenimiň agyr ýükün ýeňledip, Sen gelýäň. Ýüregimde üýtgeşik bir ünji bar, Didelemde bagt deňzinden hünji bar, Gözlerimi ýola baglan intizar, Sen gelýäň. Bir ýanym gara dag, biri Erem bag, Üstüňde jennetiň anbar ysy bar, Dileglerim wysal eýläp Biribar, Sen gelýäň. Jägildiň jan berdi gülsüz ýazlarma, Gülkiň ylhamymdyr ýazj... |
GÖZLERIÑ
Ýaşaýan dünýäme dünýä getirdi, Maňa gülüp bakan gara gözleriň. Umytlarmyň wysal daňyn atyrdy, Yşk oduny ýakan gara gözleriň. Ak ýagyşlaň aklygyndan döräpmi, Tüm gijeleň päkliginde köräpmi, Başym aýlap sermest etjek şerbetmi, Bagt làlesin kakan gara gözleriň. Ýüregime aýdym, kalba heň bolup, Dertli ykbalyma şypa, em bolup, Her saba dünýämi nuruna çoýup, Ýylgyryp durandyr gara gözleriň. <... |
SEN BOLSAÑ...
Bu barlygyň aňzak gyşyn ýaz eden, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Heserli dünýämi aýdym-saz eden, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Arzuw sallançagynda hiç üwrelme, Gel, golumdan tut meň, hergiz iberme! Onsaň aýralygam bizden irer-le, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Ýüregmize mähir deňzin akdyr:a, Göripleri ahmyr bile bakdyr:a, Ýan bermezlik üçin ýeňles takdyra, Maňa munda d... |
MÄHRIBAN
Dünýäme nur bolup geldiň mähriban, Üýtgedi ykbalym, ýaşaýyş terzim. "Seni eý gördüler, söýdüler diýip" Syryldy kalbymda berç bolan derdim! Dünýämde aý bolup dogduň mähriban, Garaňka duwlanan ýollar göründi. Tümlük bagra basyp gussalarymy, Uky bürän arzuwlarmy örüzdi. Dünýäme gün bolup dogduň mähriban, Doňan yürekleriň buzun eredip. Ýaşap ýörün ýagşy niýet päl bilen, Bu barlyga kalp gözü... |
EJE
Arzuwa gaplanan akyl-huşumuň, Bir demde baryna urdular penje. Pellehana ýeten algyr guşumuň, Büdredip aýagyn döwdüler eje. Ýüzüme ýylgyrýan duşmanlarymyň, Ah-u agylarma ini üşendi. Bagrym girýan eden puşmanlarymyň Göwnüni awlamaz öwgüler eje Aldawçy salgymlaň yzynda selpäp, Surnugan göwrämi saçlarym ýelpäp, Tebsirän dodaklar bilenok gepläp, Gulagma eşdilýär hüwdüler eje. Gussaň... |
KÜÝSEG
Ýaňy dälmi gül meňziňden gananym Gitdiň. Küýseg kürsäp girdi gursaga Gussa leşgerinden doldy çar ýanym Gel, men sensizlige öwrenişmäýin. Nurly dideleriň geljegme şugla Mukaddes ynamyň depäme tugra Seniň ýoluň hanjak, menem şol ugra Gel, men sensizlige öwrenişmäýin. Ýörejek ýoluňa sübsedir zülplem, Baryňda üýtgeşik durmuşyň reňkem, Zaryn ses edişýär synamda süňklem, Gel, men sensizlige öwr... |
ÝAZYJY-ŞAHYRLARYÑ NÄME ÜÇIN ÝAZÝANDYGYNY WE EDEBIÝAT BARADAKY PIKIRLERINI BILMEK ÜÇIN ÜÇ SORAGDA UMUMY GÜRRÜÑDEŞLIK
- Döredijilige ýañy başlan uçurlaryñyz "Näme üçin ýazýarsyñyz?" diýen soragy beripmidiler we oña beren jogabyñyzdan bäri üýtgän zat boldumy? - Şygyr arkaly beýan etmek ýa-da üýtgetmek islän zadyñyz bolupmydy? - Täze çykýan kitaplar we gazet-žurnallarda berilýän çeper eserler bilen baglanşyklykda häzirki döwrüñ şygryýeti barada pik... |
AGLASYM GELÝÄR...
![]() Meň şu wagt juda aglasym gelýär, Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim. Ýüzümiň tuwagy haýa, utanjym, Diýmeli sözlerim diýdirmän otyr, Damja çykarardan ejiz gözlerim. Bozulanym görse ezizlejek ýok, Bagra basyp, başym sypap gyýyljak, Dertlerime şypa boljak melhemim, Menden alyslarda bagty gözläp ýör... A ... |
ÝENE SEN HAKDA...
![]() Gozgaman kalbyňy, dertli ýaraňy, Oňa melhem kimin siňesim gelýär. Çagba bolup ýagyp, ýuwup garany, Dünýäni tämizläp diňesim gelýär. Höwes uçguny bar gara gözleňde, Men onuň umydy bolmak isledim. Arman däl-de aýdym bolup sözleňde, Dünýäňe bagt bolup dolmak isledim. Gözlerimi baglan süýji ýalanyň, ... |
GABANMAK
![]() Gabananok diýip kine saklama, Ýüregiňe emsiz dowul salma ýar... "Söýmeýänler gabananok" diýlen gep Seniň üçin niýetlenen diýmäň bar... Neçün beýle öýkelek sen öýkelim, Kemiň näme ykbalyňdan nalaýaň? Käbir zenanlar deý, yzyňa düşüp, Telefonuň barlap, derňäp jaňlaryň, Sepinen atyryň ysyny belläp, Geýimiňi ysgary... |
BALAM
Ses ýeterden, söz ýeterden, Oba-gara, ýakyn-ýadym Mähremlerim, mähribanym, Yzda galdy, daşdyr ara. Içimdäki ýekelige, Ýalňyzlyga, gam-laýyna, Pikirleriň, hyýallaryň, Ahmyrlaryň jem jaýyna, Bir bakyşda, ýylgyryşda, Gulp ur balam! Bu jahanda diňe sensiň, Barym, bagtym, genji-känim, Ýylgyraňda dünýä ýazdyr, Gülkiň ajap aýdym-sazym. Bilbilleriň owazyna sesiň goşup oýna balam Ça... |
SYNANŞYK
Men seni dünýäniň malyna deňäp, Gabanyp, gysganyp goraglap ýörün. Almaz sakçysy deý, her gün, her agşam, Kirpiklem çalyşsa ogurlanjak dek, Bagryma bassamda ynjalyp bilmän, Gizläre ýer gözläp nijeme gündür, Bukuja ýerleri sermeläp, dörüp, Saňa kybap geljek, seni ýerlejek, Ýumşak ýelek ýaly, anbar-u-müşkli, Bägüliň suwuna suwlanan ýeri Gözläp tapabilmän içimi tutup, Didämiň dürleri seçelenip dur... <... |
DOGLAN GÜNÜÑ Bu güniň säheri öňküler ýaly, |