Результаты 1-20 из 20 по запросу Bapba Gökleñ

BAPBA GÖKLEÑ

Bapba Gökleň 1949-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Gyzylarbat şäherinde doguldy. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky şol wagtky Oba hojalyk institutyna okuwa girýär, emma edebiýata, çeper döredijilige höwesi ony oba hojalygyndan daşlaşdyrýar we metbugata, galamgärlige alyp barýar. Ol alym-zootehnik hünärine eýe bolsa-da, bu ugurda uzak işlemän, şol wagtky «Tokmak» žurna...

GOJA BAŞLYGYŇ MONOLOGY

43 ýyl bir hojalyga başlyk boldum. 43 ýyl. E... e... e... Agzyňda aňsat. Är ömri. Indem ynha: “Biz üýtgedip gurjak, siz bizi bökdeýäň, sen bize ýol bereňok” diýýärler. “Sen durgunlyk ýyllarynyň adamy”. Dugrunlyk ýyllary, durgunlyk ýyllarynyň adamy... Hm...
Size tutha-tutluk ýyllarynyň adamy gerek dälmi?.. Wah, siziň bir diýse!.. “Öldüriljegimi bilsem...

ADAMLAR

Adamlar,
Adamlar,
Adamlar!

Kimsi erinlek,
Kimsi burunlak,
Käsi kelleli,
Kimsi garynlak.

Kimsiniñ dişi uly,
Kimsiniñ döşi uly,
Käsiniñ işi uly,
Kimsiniñ tanşy uly.

Biriniñ gözi gowy,
Biriniñ ýüzi gowy,
Käsiniñ özi gowy,
Käsiniñ sözi gowy.

Adamlar,
Adamlar,
Adamlar!

Bapbа GÖКLEÑOW.
Täzelikler » Goşgular - 21.04.2022

TALANT GARA DÄLDIR

Siz tanymal şahyr. Ötüñ.
Beýik diýmegmiz zerur.
Bu gün poeziýanyñ atyn
Setirleriñiz gabap dur.

Tumşygñyzy tutup wajyp,
Beýikligi başarýañyz.
Meger, edýäñiz hasapjyk:
Iller şänik, sizem mañyz.

Şöhratyñ kaşañja geýmin
Geýipsiñiz derejeläp.
Her kim bilse ýagşy çenin,
Ýok-la, sizi bolmaz elläp.

Salamlaşmaga-da milt edýär häli,
Nä päli azan.
Ynjalyñ, şahy...
Täzelikler » Goşgular - 22.01.2022

SÖZ BERMEGIŇIZI SORAÝAN!

Hak söz mandatdyr her kime,
Söz bermegñizi soraýan!
Hak söz goýmaz öz erkiñe,
Söz bermegñizi soraýan!

Söz neşderdir, ötüp bilýän,
Söz bermegñizi soraýan!
Men bir habar, ýetip gelýän,
Söz bermegñizi soraýan!

Men bir hak söz – diýilmeli,
Söz bermegñizi soraýan!
Diýgir dilim – halkyñ dili,
Söz bermegñizi soraýan!

Hak söz örän gerek bize,
Söz bermegñizi s...
Täzelikler » Goşgular - 22.01.2022

BOLMADY

Bolmady. Ýüzüme urdular meniñ,
Ümdüzime tutdum tasan mal ýaly.
Mähelläñ içinde, göýä bir çölde,
Gezdim adam gözläp, suwsan mal ýaly.
Nirden geldi oglan başa bu höwes?
Men adam gözledim, biçäre kör deý,
Agyr mähelleden eşdilmedi ses,
Ýogsa men gygyrdym: ”Kim bar bu ýerde?!”
Birdenem mähelläñ akymna düşdüm,
Ýitdim gitdim, başky höwesim gaçdy.
Ejizledim.
Menden zor çykdy müşgül,
Ynam syndy. Şübh...
Täzelikler » 2021/03/02 - 02.03.2021

OÝTAK

"Ýere eýelik etmek bize berlen aýratyn bir hukuk ýa-da ýeňillik däldir-de, eýsem nesilleriň sudunyň öňünde jogap bermäge mejbur adýän agyr borçdur".
K. A. Timirýazew

Gyzylarbat şäheriniň gaýra-aýagujundan başlap, aňyrsy asmana birigip gidýän boz meýdan bilen barýansyň. Her ýerde her ýerde görünýän gurap giden ýowşan düýpleridir otlaryň samany we günüň göz gamaşdyryjy şöhlesiniň bu ýerlere boldan düşmegi töwerek -daşy sary görkezýändir. Bu sessiz-sedasyz s...

Täzelikler » Hekaýalar - 08.07.2020

EKINÇI EŞEK

Hapyz aga has-has edip, eşek ýençýärdi. Agaja pugta daňlan biçäre haýwan her gezek taýak aşak inende, onuň badyny gowşatjak bolup, biline ýaý berýärdi. Eşegiň üst aşyry paýhynlanan üzüme, hyýar peline, pomidora gözi düşende ýaşuly taýagyň badyny has-da güýçlendirýärdi... hemem ýetişip bildiginden ýüzüniň derini sylýardy. Eşek her näçe jyrtlasa-da, taýak jaýdar degýärdi...

AÑKAW BILEN MAHAW

Añkaw bilen Mahaw
Tapdy dünýäni.
Mahaw barmagyn dürtdi:
– Wä, muny,
Wä bu dünýäni!
Añkaw añkardy,
Añkawlygy artdy.
Añkaw bilen Mahaw
Gördüler Güni.
Mahaw Añkawa diýdi:
– Wä, ony,
Wä, ol Güni!
Añkaw añkardy,
Añkawlygy artdy.
Añkaw bilen Mahaw
Duşdy adama.
Mahaw barmagyn dürtdi:
– Wä, bu zady,
– Wä, bu adamy!
Añkaw añkardy,
Añkaw...
Täzelikler » Goşgular - 20.12.2019

KÖPEK

Obañ ýeñsesinde, bir el tersine
Edilen iş – gara işe nusgalyk.
Ýatyr bezeg berip ýeriñ üstüne –
Bir owadan köpek, dañylgy maslyk.

Ýatyr köpek rahat, azapdan azat,
Günäsinden, janyn berip, üzülip.
Eh, ýöne henizem bahana arap,
Maslygyñ boýnundan dañylgy dur ýüp!

Nädip öldüreñde bolmaýar iti?!
Aryñ alyp öldür, öldür keýpine.
Ýöne soñky demde gowşadyñ ýüpi –
Bir gowşaklyk duýsun soñky deminde...
Täzelikler » Goşgular - 20.12.2019

BÜRGÜT KÜÝSÄP, ÇYKDYM DAGA

Bürgüt küýsäp çykdym daga,
Owadan – bürgüt gursagyn.
Mertleri ýada salmaga,
Bürgütdir humana agyn.

Oýan-ha, çal daglar, oýan!
Oýansyn gubarly göwün!
Nije mertler başyn goýan
Ýeriñ ýüzi düwün-düwün.

Gün nuruna çykyp bärden,
Göründi bürgüt pel-pelläp.
Göýä çykyp bir mazardan,
Dur ol öz jesedin ýelpäp.

■ ÝOLMA GUŞUÑ GANATYN!

Ne oýundan, ne çynda...
Täzelikler » Goşgular - 08.12.2019

DOSTUMA

Men Señ nyrhyñ geçmiş bilen ölçämok,
Şu pursat ýaşaýañ — şo maña besdir.
Men Señ nyrhyñ etmiş bilen ölçämok,
Belki-de pursatlañ täleýi tersdir.

Men Señ nyrhyñ gussañ bilen ölçämok,
Uwlaman urunýañ — şo maña ýetik.
Men Señ nyrhyñ nusgañ bilen ölçämok,
Örtenişiñ bilen ölümden ötüp.

Men Señ nyrhyñ Älem bilen ölçämok,
Dünýä eñräp durka, kalbyña sygman,
Men Señ nyrhyñ päliñ bilen ölçämok,
Pyg...
Täzelikler » Goşgular - 05.12.2019

TÜRKMЕNIM

Türküm, türküm, türkmenim,
Türkmen menem, türk menem.
Ýöne indi öñkim däl,
Maşyn görsem, ürkmenem.

Türküm, türküm, tütjarym,
Öýden çykardym çörüm,
Ýene bir zat öwrendim,
Heleýme diýýän: ”Ýarym”.

Türküm, türküm, tahýalym,
Günüm geçer bol-elin,
Güne biparh garaman
Özüm türkdürin welin.

Ýatsam ýoñsuz ýataryn,
Ýetsem birden ýeterin,
Öz öndüren çagamy,
Ilde...
Täzelikler » Goşgular - 04.12.2019

NÄME SEN?!

Bir kalbynda bir ÿar, on dost ýerlegen,
Dostlarynyñ derdi bilen sermenen,
Bir ýürekde şunça duýgy eglenen
Ynsanmy sen, ýa sanmy sen, näme sen?!

Diri wagty salgym bolup ýaşagan,
Dideleri ahmyr bilen ýaşaran,
Duýgularyn dälilikden aşyran
Arşmy ýa Ýer-egsanmy sen, näme sen?!

Bu niçik bor: inkär etmiş döwrüni
( Özge ömri derñemeklik dogrumy?),
Ýa-ha Döwür ýalñyşypdyr ömrüni,
ÝA Sen ömre n...
Täzelikler » Goşgular - 29.03.2019

Bapba GÖKLEÑ.
Täzelikler » - 2019-12-04 17:16:02

Bapba GÖKLEÑ.
Täzelikler » - 2019-12-20 01:43:48

Bapba GÖKLEÑ.
Täzelikler » - 2019-12-20 01:58:27

Bapba GÖKLEÑ.
Täzelikler » - 2019-12-05 10:20:46

Bapba GÖKLEÑ.
Täzelikler » - 2023-03-19 16:32:28

Bapba GÖKLEÑ.
Täzelikler » - 2020-07-08 15:27:37