Результаты 1-20 из 49 по запросу Berdi Kerbabaýew
3. TOPGAPY
![]() B.Kerbabaýew bilen Eziz Nesin Bu adyň öz taryhy bar. Topgapy – toply derweze, saraý bolsa – köşk diýmekdir. Köne zamanlar şol uly derwezede top durup, soltana bir ýurtdan myhman ýa-da ülkäniň ilçisi gelende, top atylyp, salýut berilýän ekeni. Şonuň üçin hem şol derwezä “Topgapy” at galypdyr. Soltan Mehmet II 1453-nji ýylda Wizantiýa imperiýas... |
2. STAMBUL
![]() Stambul Türkiýäniň öňki paýtagty hem iň uly şäheri, häzir bolsa, Stambul welaýatynyň merkezi. Stambul Mermer deňzi bilen Gara deňziň ortasynda ýerleşeni üçin, onda ähmiýetli deňiz floty bar. Ol ülkäniň senagat, söwda hem medeniýet merkezi. Häzir Stambulda üç milliona golaý adam ýaşaýar. Stambul örän ähmiýetli transport uzeli bolup, demir ýol transporty ony Merke... |
TÜRKIÝÄ SYÝAHAT
![]() Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň Türkiýä syýahat edendigini öň gazetimizde habar beripdik. Ýazyjy şol syýahaty döwründe Türkiýäniň belli-beli edebiýatçylary, şahyrlary, ýazyjylary bilen duşuşypdyr. Ýurduň gözel-gözel ýerlerine aýlanyp görüpdir. Biz gazetimiziň şu nomerinden başlap ýazyjynyň Türkiýä syýahaty netijesinde ... |
DIL DÜRÜŞDE DÄL
Bir ýygnakda münberdäkiñ sözüni Diñledim - kemally düşüp bilmedim. Sakynyp ol gynaýardy özüni, Haýpym geldi, halyna men gülmedim. Suw däl, derdi - mañlaýyndan akýany, Rus dilinden terjimedi okýany. Sözlemleriñ manysyna üns bermän, Habar öñden çozýar, eýe soñundan. Dilimiziñ dil biçimi bozulyp, Kelle çykarylýar köýnek ýeñinden. Köp bolansoñ terjimäniñ "mollasy", "Ýerne ýetirdi"-di - ýüz... |
DÖREDIJILIK - NEPIS SUNGAT
Biziň ýazyjylarymyzyň käbiri öz töweregini gabap alan, “Maňa nazar sal” diýip, böwrüňe dürtüp duran real hakykatdan göz ýumup, özüniň bäbejik çaglaryna, ýa ondan hem has öňräk bir döwre nazar salýar. Şu günki, gözüniň öňündäki hakyky bir wakany suratlandyrmak ýerine, özüne oňly mälim bolmadyk gümürtik bir waka baş goşýar. Ýazyjynyň şeýle hereketi – real durmuşyň üstünden ätläp, köpçülige mälim bolmadyk gümürtik bir durmuşa baş goşmagy – meniň aňlyşyma görä... |
MELEJE |
■ Meniň sygrym haýsy?
«Mal eýesine çekmese — şumluk» diýen nakyl bar. Japbaklaryň alan sygry hem edil Kelekbaýyň özi ýaly gezegen ekeni, ol ekine adatlanan ekeni. Baý maly bolany üçin, oňa hiç kim bir zat edip bilmeýän ekeni. Japbaklaryň sygry birinji gezek ekine düşende, onuň bir gulagyny kesdiler. Japbak ony görende, haýran galdy. — Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna näme bolduka? Ýa Kelekbaýyň aýdyşy ýaly, guzlajak wagty golaýlaýamyka? Meniň bilşime görä, guzlamak... |
■ Sygyr söwdasy
Hoşadan agyzlary tagam tapan Japbaklaryň öýlerinde çörek bolady. Olar indi hoşa her gün gitdiler. Olaryň indi dördüsi bir sanaç götermän, her haýsy bir sanaç göterdi. Japbaklaryň azygy bolap başlady. Indi olar çörek hurşy bolar ýaly, süýt-gatyk berip duran sygyrjyk edinmek küýüne düşdüler. Japbaklardan içi kitüwli Kelekbaý olara hiç bir zat edip bilmedi. Ol öz ýanyndan indiki boljak çalamünderden heder edip, ony hiç bir ýerde agzap hem bilmedi. Ol Japba... |
■ Ala sakgal
Köneje oraçanyň içinde orta ýaşdan agan, gara saçlaryna ak çylgymlar aralaşan, ýüzüniň boýnunyň çuňňur ýygyrtlary gürelişen, köýneginiň gadymky matasy tamam bolup, ýamag üstüne ýamag düşen orta boýly bir aýal, kemperip başlan eňegini eliniň aýasyna goýup, tirsegini dyzyna daýap otyrdy. Ol — Japbaklaryň ejesi Bollukdy. Onuň şöhlesi biraz öçüşen gara gözleri oraçanyň içine näçe garanjaklasa-da, göz eglener ýaly bir zada gözi ilmeýärdi. Ol şol oturyşyna çagalarynyň ... |
■ Keramat
Japbaklar hatar-hatar syryp barýarkalar, Doýdugyň ak öýüniň duşundan geçip, garaja öýüň gapdalynda aýak çekdiler. Onuň içinden hyrryň-hyrryň ses eşidildi. Japbak Ýapbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä? Ýapbak Mapbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä? Mapbak Topbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä? Onda Japbak aýtdy: — Garaja öýüň içinde it hyňranýan bolaýmasyn? Onda Ýapbak aýtdy: — Ýok. It beýle hyňranmaz. Ussaň törpüsiniň sesi bolaýmasy... |
KITAP NÄME?
Tipografiýalar kitaby gije-gündiz dynuwsyz çap edýärler. Maşynlar, otlular, uçarlar kitaby ölçegsiz daşap, ülkäniň dumly-duşuna dynuwsyz ýaýradýarlar. Biziň Watanymyzda kitap iň ägirt söwdanyň biri. Şeýle uly ähmiýete eýe bolan kitap näme? Kitap dükanlaryna girseň, tekjelerde hatara nyzam gurýan ululy-kiçili, dürli görnüşdäki, dürli owadanlykdaky, dürli kitap gözüňi gamaşdyrýar. Şolary ilki göreňde, dükanyň ýönekeý görki, tekjeleriň haşamlary ýaly görünse, ... |
JAPBAKLAR
Japbaklar kim? Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Durun obasynda atadan ýaşlykda ýetim galan dört sany doganjyk ýaşaýardy. Olaryň ulusynyň ady Japbak, beýlekisiniň ady Ýapbak, üçünjisiniň ady Mapbak, iň kiçisiniň ady bolsa Topbakdy. Olaryň dördüsi hem biri-birine bassaş, biri-birine meňzeş, inedördül togalajyk çagalardy. Olary ilkibada görenler haýsy-haýsydygyny biribirinden seljerip bilmeýärdiler. Japbagy görenler Ýapbak, Ýapbagy görenler Mapbak, Mapbagy görenler Topbak, Top... |
GÖZÜME ILENOK SAÇYMYÑ AGY...
![]() ''Sakgalymyñ agy maña gam degil'' Kemine. Gözüme ilenok saçymyñ agy, Duýgym habar berýär meñ ýigrim bäşden. Göwnümde joş urýar ýigitlik çagy, Kuwwat alýar bu sapaly durmuşdan. Altmyş üçi men-ä asla duýamok, Eýerilen maksat goldaýar mydam. Ýigrim bäşe-ýetmişe parham goýamok, ... |
DEÑIZ BILEN DUŞUŞYK
![]() Gara deñiz! Kenaryñda durýaryn Kä ir ertir, kä günortan, kä agşam. Ýatyşyña, oýanşyña garýaryn, Ornaşdy kalbyma kenaryñ nagşam. Owsun atyp gelýärsiñ-de gaçýarsyñ, Etekläp etege kümüş saçýarsyñ. Janly deý tolgunyp, kürek uranda, Garagumyñ örküji deý tolkunyñ. Kä müññüldäp ýaýnap, kä mymyrañda, ... |
KASPINIÑ KENARYNDA
Göz gypyşýan ownuk-iri ýyldyzlar Säher çagy uçgun deýin sönýärdi. Reñki symgylt ösen asman hem düzler Çañjaryp süýt pürkülene dönýärdi. Ýakymlydy çygly şemal, sap howa, Teniñe dermanly, janyña dowa. Göwnüm galkynjaklap şol gözel çagda Kaspiñ kenarynda gezim edýärdim. Basan ýerim myññyldaýan çägede Yz galdyryp, emaý bilen ädýärdim. Mawy deñiz rahat meýmireýärdi, Şelpelerin çala yrala... |
GÜLLESIN
Penjirämiñ öñündäki şetdalyñ Gülümsiräp gyzgylt näzik gülleri, Göýä ''Keýpiñ neneñ, ýagşymy tabyñ?'' Diýýän ýaly yrañ atýar tilleri. Ah, ne gözel, onuñ elwan görnüşi, ''Elwan miweleri getirin'' diýýär. Her güli mysaly halynyñ nagşy, Gözelligiñ nagşyn duýgyña guýýar. Gül ýapragy diýýän ýaly ''Unutma, Diñe timar berseñ, dörär şetdaly. Işlemäni ýatyp iýýändir öýtme, Gündiz zähmet çekip agş... |
PAGTAÇY GELNIÑ GUWANJY
''Bu meýdanda gök öwüsýän deñiz däl, Zähmetimiñ güli ýeri bezeýän. Patrak deý akjaran pakgy mañyz däl, ''Ak altyn'' ol gozalardan uzaýan, Her düýbünde ýüze golaý sürüdir, Her hanasy sap derimiñ dürüdir''. Şeýle pikir edýär fartukly gelin Gök gowaçañ gyrasyndan syn edip. Tirseklerne çenli çermeýär elin Ýas-ýañyja dogan Güne äñedip. Ençelerni çagyrypdyr ýaryşa, Taýynlanýar girmek ... |
GEOLOG AKNABAT
Ýaşyl öwsüp, ýaz otlary örüpdir, Torgaýlar saýraşýar enaýy dilde. Akja çadyr ganatyny geripdir, Demir ýolam uzak suwsuz bir çölde. Ýük maşyny, çelek, dürli gurallar... Görünýärdi şonda bäş-üç adam-da. ㅡ Ekspedisiýa! ㅡ diýjek görenler, Üýtgeşik hereket ýokdy şol demde. Durdy bir gapdalda, ýapyñ üstünde Uzyn boýly, kyrka golaý bir aýal. Göreç gizlenýärdi gabak astynda, Köñle gelen b... |
SALAM UKRAINA
Dostluk heñi joşýan bagy-bossandan Aýdym ganat kakýar galka-galkyna. Güneş gülüp bakýan Türkmenistandan Gyzgyn salam Ukrainañ halkyna. Dogan biz ㅡ dogana golun uzadan Bagtly biz, bir-birege minnetdar! Biziñ dostlugmyzyñ ýeriñ ýüzünde Taryhy bar, tarypy bar, ady bar. Jandan eziz söýýäs birek-biregi, Dostluk sili joşgunly bir nowhana. Biziñ maksadymyz ㅡ dynçlyk diregi, Halk dostlugy ... |