Результаты 1-20 из 22 по запросу Berdimuhammet Gulow

O DÜNÝÄ IBERILEN ARZA

Kim men bu dünýäde adalat hem hakykat atly mukaddes daragtyň altyn ýapraklarynyň sanma-san saklanmagy ugrunda diş-dyrnak bolup, gaýduwsyz göreşip ýören, boiçak dogruçyl hem örän ak ýürekli, siziň uçmah diýen belent mertebeli, şypaly jaýyňyzyň töründen orun almaga mynasyp, halalhon Orak Aňňal oglunyň tarapyndan ol ýerde bolan gadyrdan garyndaşlarym hem penakä...

GYZYKSYZ TOMAŞA

Meniň tanyş-bilişlerimiň içinde adamyň her dürli tipi bar diýsem, siz ikirjiňlenmän, şoňa ynanyň!
Öňräk köçede bir tanşyma duşdum. (Gowusy, onuň adyny tutman, ýöne “tanşym” diýäýeýin?) Ol: “Bir biziň öýümize barsana! Agşamlaryna bizde şeýle bir gyzykly tomaşa bolýar. Görseň, gülüp-gülüp hezil edersiň! Hökman bargyn!” diýip özelendi durdy. Menem hil bir gyzykly tomaşa görjek ýaly, bir gün agşam ýaňky tanşymyňka myhmançylyga bardym.
Saçak ýazyldy. Nahar ç...

DIŇLÄŇ, LEZZET ALYŇ!

Raýonlaryň birinde ýerli radionyň guramaçy-habarçysy wezipesinde işleýärkäm, şeýle bir waka bolupdy.
Guramaçy-habarçy ýerli radioda berilmeli materiallary taýynlap, diktora tabşyrýar-da, nobatdaky gepleşikleriň aladasy bilen bolýar. Gepleşigi saz bilen bezemek, ony okamak, konsert programmasyny geçirmek diktoryň işi. Öňki diktorymyz işine ökde ýigitdi....

ŞUM HABAR

Ir bilen edaramyzyň işgärleri ýaňy ýerli-ýerine geçip, işe başlaýanda biz bilen bir kabinetde oturýan Jora taýpy öňdenem salyk ýüzüni boz-ýaz edip, gapydan girdi. Papkasyny stolunda goýup, grafinden suw içen bolup, barmaklary bilen gözüniň owasyny ölledi-de, top atylan ýaly etdi:
- Siziň zatdan habaryňyz ýok. Başlyk keselhanada demini sanap ýatyr!
Bu ýakymsyz habary eşidip, beýleki otaglardanam ylgaşyp gelenler boldy. Elbetde, gynanyldy. Günortan jemlenişip, ...

SAÇAKÇY

- Bu näme boldugy? Bu nä äsgermezlik? Bifşteksiň üstüne atyp äberýärler! Masgaraçylyk!..
Günortanlar şowhun-şagalaňdan ýaňa güwläp duran işçiler naharhanasynda garbanyp oturan kyrk ýaşlaryndaky, ýüzi kürşügräk, burny burç ýaly gyzaran, inçemik işçi ýüzüni bolşundanam beter kürşerdip, ýerinden galdy. Pah, hemme zady bilesigeliji dowulçylaryň diýeni boldy. Taýyn tomaşa tapylanyna begenişip, bir-biriniň ökjesini basyp, tarelka düşen saçakçyny görmäge çozdular. Aňry çetki...

BALLAR

Biziň edaramyzda bir işgär bar. Öz ady Ballar. Lakamy – Igenji. Igenji diýseň, igenji. Oturýan ýerine suw çykan ýaly, stolunyň başynda oturjak gümany ýokdur. Işgärleriniň biriniň üstüne abanyp, şol dişiniň kirini sorup, nagarasyny döwüp durandyr. Ömür hammam garasyny görmänsoň, endamynyň kiri porsap, geýimleri şorlap, şokurdap durandyr welin, adama göwni ýetmez. Hamana, ol akylyň öýi. Sen bolsa, onuň ýanynda otlap ýören mal ýalysyň. Oturyşyňa, ruçka tutuşyňa, hat ýazyşyňa at ...

MEN MAGNITOFON DÄL

("Satira we ýumoryñ" duztorbasyndan)

Mary şäheriniñ üçünji mikroraýonyndaky kioskdan gazet alyp durkam Ata Köpekmergen gabat geldi. Ol ilki bilen-ä: "Bu dükançylar "ýok" satýar. Näme sorasañ, "ýok" diýmäni bilýär bular" diýip zeýrendi. Soñundanam hemişekisi ýaly, bir söwda işgäriniñ üstünden düşüp, gyzykly wakany gürrüñ berdi.
Göwnaçyk şahyr gürrüñiniñ soñuna çykyberende bir tanyş adam geldi.
- Ata kaka, näme zeýrenip dursuñ-la? <...

ATA GAPJYK

Obada Ata atly kän bolansoñ, il-gün olaryñ hersini lakamy bilen aýyl-saýyl edýär. Onsoñam, bilip goýuñ, türkmenler "Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz" diýýändir. Adamlaryñ hersine bir sebäp bilen lakam galýar, ýagny her adamyñ lakam alşynyñ özboluşly, gyzykly taryhy bar.
Bu hekaýaty men obadaşym Ata gapjygyñ öz dilinden eşitdim.
- Nätjek-dä, şo gezek şeýdip... bir söý bilen lakam galdy-da! Marynyñ mal bazarynda göleli sygrymy diýen bahama satyp, puluny teletin ga...

MYRRY ÝEKEGULAGYÑ BAŞDAN GEÇIRENLERI

• Bu bapda Myrrynyñ şähere gidişi beýan edilýär

Myrry Güllüdepe söweşinde ganym duşmanlaryny ýeñenden soñ tokaý hem sähra jandarlarynyñ oña garaýşy bütinleý üýtgedi. Öñ Myrra göwni ýetmeýänler indi oña duşanlarynda hormat goýup, içgin salamlaşýarlar. Myrrynyñ geçip barýanyny görenler oña söýünç bilen syn edýärler. "Halha, şo...

• MYRRY GEMRIJILER BILEN AÝGYTLY SÖWEŞE GIRÝÄR

Myrry gije bir ol egnine, bir bu egnine agdarylyp, krowadynyñ çalamydar söýesini aşak gaçyrdy. Garañkyda ony ýerine eltip bilmedi. Düşeklerini ýere düşürip, düýpdäki keçäniñ üstünde ýatdy. Ol kellesini ýassyga goýanda gulagyna bir üýtgeşik galmagal geldi. Myrry diñşirgendi. Ýeriñ aşagynda syçanlar, alakalar deprek kakyp, tans e...

• BU BAPDA MYRRYNYÑ JOKJOKY AWLAÝŞY GÜRRÜÑ BERILÝÄR

Güýzüñ güni süýr günortanlar gökden bir süri serçe aşak indi-de, bugdaýy orlup ýygnalan meýdanyñ ortasyndaky harman ýerine gondy. Serçeler jürküldeşip, gaty ýeriñ jaýryklaryna siñip galan däneleri çokýardylar. Olaryñ üstlerine howp abanandygyny bilenokdylar. Ýöne olaryñ ýakynjagynda gür sypalyñ içinde garnynyñ aşagy, burny...

MYRRY ÝEKEGULAGYÑ BAŞDAN GEÇIRENLERI

(ertekiler toplumy)

▶ Munda Myrry Ýekegulagyñ kellesine geýdirilen tañka barada gürrüñ berilýär

Gün dogdy. Günüñ nury äleme saçyldy. Güne meñzeş günebakarlar altyn perlerini ýaýradyp, gülümsiräp, Güne salam berýän ýaly, ýüzlerini gündogara bakan öwürdiler. Janly-jandarlaryñ bary aýak üstündedi. Emma Myrry öýünde...

BILIMDAR JIKJIKI

Gün guşluga galyp, howa gyzyp ugranda jikjikiniñ çöpden ýasalan çalamydar höwürtgesindäki gögümtil çal ýumurtga birden çat açdy. Jaýrykdan guşjagazyñ çüñki jaýtaryp çykdy. Yzy bilenem agzy sary etene guşjagaz nohutdan sähelçe ulurak kellejigini zarp bilen giñ ýalança çykardy. Ol ilki bada töweregiñ goh-galmagalyndan gorkup, kellesini yza çekip aldy. Ýöne jikjikiniñ çagajygy indi ýumurtganyñ içinde kanagat edip oturyp biljek däldi. Guşjagazyñ täsin dünýädäki bar zady...
Täzelikler » Ertekiler - 02.06.2019

DOWAN DOGRUÇYLYÑ TOÝ GUTLAÝŞY

Gadyrly ýoldaşlar, toýdaşlar! Ýaş çatynjalaryñ şu günki tutýan dabaraly "komsomol" toýuny tüýs ýürekden gutlamak bilen birlikde men "Göz etmän, gaş etmez, deñ etmän, duş etmez" diýenleri ýaly, durmuş gurýan ýigit bilen gelnimiziñ, edil bir almany iki bölen ýaly, bir-birine diýseñ mynasypdygyny belläp geçmekçi. Daşyndan görseñ, "Şu ýigidiñ gazan ýaly kellesi akyl-paýhasyñ öýüdir" diýäýmeli. Örän syratly, nazarkerde oglan. Bu ýigit bir gargyş siñen diýen ...

Berdimuhammet Gulow diýilýän ýazyjy ýazandyr muny. Geçen hepde de şu goşgularyma redaksiýadan jogap alypdym. Şol hatda da dagy duwara «äteňet» we «...
Täzelikler » - 2020-02-05 12:17:53

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2019-06-02 10:00:26

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2020-08-07 15:11:53

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2023-03-29 20:02:29

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2023-03-29 20:15:34

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2019-06-02 09:05:57

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2023-03-29 19:56:50

Berdimuhammet GULOW.
Täzelikler » - 2023-03-29 19:58:17


1 2 »