Результаты 1-20 из 305 по запросу Berdinazar Hudaýnazarow

"AT BILEN KOWALAP GÖRDÜLER ONY..."

At bilen kowalap gördüler ony,
It bilen düşdüler onuñ yzyna.
"Ýelesinden barsañ ys alýar" diýip,
Awçy aç möjegiñ geçdi ygyna.

Onuñ häsiýetine beletdi awçy,
Hasaplydy her bir ätjek ädimi,
Ýöne bu ýagdaýa düşen möjegem
Gowy tanaýardy öz jelladyny.

Ýalañaç çölde däl, ak tokaýlykda ...
Täzelikler » Goşgular - 01.01.2024

MODA HAKYNDA

Başymda bagana gulakçynym bar,
Egnimde paltom bar - biçimi sada.
Geñirgenip, öwran-öwran änedip,
Gapdalymdan geçdi iki pyýada.

Gatnawly köçeden bir gözel barýar,
Ketenisi syratyna gelşip dur.
Hol beýlede duran iki gyz weli,
Göz ümleşip oña bakyp gülşüp dur.

Ilkibada añka-tañka bolsamam,
Bahym ...
Täzelikler » Goşgular - 26.12.2023

SALLANÇAK

Meniň sallançagym - Ýerbendiň çöli.
Guma surat çeker mylaýym ýeli.
Atanyň guwanjy, enäniň eli
Meniň üçin näçe yhlas edipdi.

Bulutlar düýrüger obaň üstünde,
Ene göwsün gerer çagaň üstünde.
Otyrkaň ýalaňaç çägäň üstünde
Göwnüň Kap dagyna telwas edipdi.

"Nowbahar oglumsyň, balamsyň" diýlip
Ösdüň atalanyp, ulaldyň söýlüp.
Ýaş ...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROWDAN GOŞGULAR

UMUMAN...

Belli bir adamyň adyny tutman,
Bellibir meseläň başyny çatman,
Bellibir nyşana çenemän-atman,
Gürledi umuman,
Gezdi umuman.

Saýlaman durmuşda anyk bir ugry,
Hiç zada çynlakaý ýakmady bagry.
Ne-hä dogry diýip,
Ne-de nädogry,
Işledi umuman,
Iýdi umuman.

Berilýän ...
Täzelikler » Goşgular - 13.05.2023


... Ol soraga jogap gaýtarman:
- Sen süriň ýanyna bar, inim, bu ýerde işiň ýok - diýip maslahat berdi.
...Allanur aga Aşgabadyň keselhanalarnyň birinde gözüni açdy. Ol Kyrk çulbanyň ambulatoriýaýasyna eltenlerini bilýärdi, ýöne ol ýerden samolýotly Aşgabada alyp gaýdanlarynda, özüni bimän ýatyrdy.
Ine indi onuň öçük nazary başujunda oturan aýalyna düşdi. Tumar eje ý...
Täzelikler » Romanlar - 29.03.2023

ENÄNIÑ ŞANYNA

Yssydan gabanyp, sowukdan gorap,
Ýüz beladan, müñem howpdan gorap.
Razy bolup takdyryñdan, dünýeden
Çykardyñ çagañy "iññe-iññeden".

Keşbine bakanda çagañ kemini
Bilip duran beýik bir wraçsyñ sen.
Çaga señ eliñde oýnawaç däldir,
Çaganyñ elinde oýnawaçsyñ sen.

Ýüz-gözüñi näçe çytsañ çytyber,
Ça...
Täzelikler » Goşgular - 08.03.2023

"ÝERIŇ TITREMEGINIŇ SEBÄPLERINI..."

Ýeriň titremeginiň sebäplerini,
Ogly atasyna düşündirýärkä,
Çölüň jümmüşinde, çopan goşunda
Irkiräk döwürde boldy bu waka.

Ogul gürrüň berdi, ata diňledi,
Diýdi onsoň:
- Indi maňa gulak as.
Diýipdirler: ody özgä basmankaň,
Ony ilki bilen öz-özüňe bas.

Ýeriň astyn-üstün g...
Täzelikler » Goşgular - 12.02.2023

SEN BAR DIÝIP JAHANDA

Mahmal sähram Sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum Saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
...
Täzelikler » Goşgular - 27.12.2022

"GEL EÝ DÜNÝÄ, BU SÖWDANY OŇLASAŇ..."

Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
...
Täzelikler » Goşgular - 10.12.2022

"ÝOL UGRUNDA IKI YNSAN SATAŞDY..."

Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.

Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözlerE uky gelmedi.

Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.

Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

Pynhan-pynhan ýerde duşulan çaglar
Olary il-günden gizledi baglar.

Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
...
Täzelikler » Goşgular - 06.12.2022

DOSTLUK DEGIŞMESI

Kim bu duran pyýada?
Kim bu duran kişiler?
Ilki söze, elbetde,
Aýhan Hajy goşular.

"Istäp ki gözel keşbiñ,
Ele almyş kistimi.
Suratyñ taýýar kylyp,
Çagyrmyş köp dostumy.

- Nepesmi bu? - diýişip,
Tanadylar şo bada".
Indi bolsa söz berýäs,
Ussat Maýa Myrada:

"Biz çekdik keşbiñi halyñ ýüzüne
...
Täzelikler » Goşgular - 29.05.2022

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW (1927–2001)

Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak geňeşliginde (öňki Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň Gyzylsakal geňeşligi) eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary agyr uruş ýyllaryna gabat gelýär. Olaryň maşgalasy 1940-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki etrabyna göçýär. Berdinazar Hudaýnazarow 1955-nji ýylda Kerki ş...

HÄSIÝET

Suw bermän, bilkastdan tebsiretdiler,
Ýallaman, bilkastdan ajykdyrdylar.
"Señ paýyñy iýýär ho-ol tazy" diýip,
Onuñ garşysyna öjükdirdiler.

Torture ýaly tos-togalak ol güjük,
Ylla janawerde köýen dek ary.
Il bilen işi ýok ýuwaş tazyny
Dalamaga taýyn dogaly bäri.

Şäheriñ gezelenç meýdançasynda
Bu gün ýene gördüm şol tanyş oýny:
Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar
Agyz uraýmaga ysanok bogny. <...
Täzelikler » Goşgular - 04.01.2022

BIZE BIR GIÑ GÖWÜN BEREN BIRIBAR

Bize bir giň göwün beren Biribar,
Şol göwni gülmekden binesip etme.
Bilip bolmaz-bu çarkandak ýollarda,
Büdresek, galmakdan binesip etme.

Dinden çykarmawer dine geleni,
Sandan çykarmawer sana geleni.
Enäň göwresinde Jana geleni,
Bu dünýä gelmekden binesip etme.

Gaýmakly süýt kimin säheriň çagy,
Ýukajyk çal ümür örtende dagy.
Guşlar dil açanda, oýadyp bagy,
Sag-am...
Täzelikler » Goşgular - 09.09.2021

MAGLUMAT

Arzuwyna ýeten ony täzelär,
Arzuw süýji, ondan doýar öýütme.
Näme berseñ, näçe berseñ azdyr ol,
"Besdir, indi boldy" diýer öýütme.

Adam bar - adam bar, elbetde, görýän,
Gördükçe-de oña galýaryn haýran.
Ene süýdi bilen süññüne ornan,
Köneje gylygyn goýar öýütme.

Entek döwran sürýärkä bu dünýäde,
O dünýäni salar diýmegin ýa-da.
Hol çetdäki ala gözli pyýada
Haram tapsa, halal iýer öýütme. ...
Täzelikler » Goşgular - 21.08.2021

BÄHBIT

Irkiräk döwürde goñşy obada,
Bähbit atly täsin bir adam bardy.
Durmuşdaky bolýan ahwalatlaryñ
Ählijesin ýagşylyga ýorýardy.

Mysal üçin, ýatyp turýañ - keýpiñ ýok.
Sebäbi, düýşüñde kesellänmişiñ.
Bähbit aýdar: düýş tersine ýorulýar,
Enşalla dert görmez bu gara başyñ.

Howur salgymlanyp töweregiñde
Dünýe eräýjege meñzäp durandyr.
- Gyşam gyşa meñzär enşalla - diýip
Bähbit muny ýagşylyga ýora...
Täzelikler » Goşgular - 02.08.2021

WAKA

Ine bir edara. Uly kabinet,
Ýüzünden nur ýagýan epeý bir kişi.
Garaşýan adamdan gapysy doly,
Telefondan doly töwerek-daşy.

Ol-a kabinete,
Kabinet oña
Diýseñ ýaraşyp dur, diýseñ
                                             gelşip dur.
Oñ ýanyna arza gelýän adamlar
Şol çalşyp dur,
Şol çalşyp dur...

Täzelikler » Goşgular - 16.07.2021

MODA HAKYNDA

Başymda bagana gulakçynym bar,
Egnimde paltom bar biçimi sada.
Geñirgenip, öwran-öwran äñedip,
Gapdalymdan geçdi iki pyýada.

Gatnawly köçeden bir gözel barýar,
Ketenisi syratyna gelşip dur.
Hol beýlede duran iki gyz weli,
Göz ümleşip oña bakyp gülşüp dur.

Ilki bada añka-tañka bolsamam,
Bahym düşündim men bu bolýan zada:
Diýdiler: bagana gulakçyn bilen
Keteni bireýýäm könelen moda. <...
Täzelikler » Goşgular - 10.07.2021

AÝNA

Aýna uzak ýyllap
                               onuñ ýüzüni
Özüne görkezip geldi ýüz görmän.
Bir günem ol aýna garap seslendi:
- Aýna-da könelýär eken-ow, arman...

Ol aýnany aýna bilen çalşyrdy,
Ýöne üýtgemedi şol öñki şekli.
Ol bu aýnadan-da nägile bolup
Bir eýläk süýşürdi,
                 ...

Täzelikler » Goşgular - 05.07.2021

TÜRKMEN TOMSY

Gazetler gygyrýar: Amerikada
Yssy tas 40 gradusa ýetenmiş.
Nähili geñ waka!
Gurak meýdanlar
Endireşip, salgym atyp ýatanmyş.

Ynanýan - şeýledir
Ýöne men häzir
Başga bir ýagdaýa çekmekçi ünsi:
Kyrky däl-de, alkymlady ellini
Türkmeniñ yssysy, türkmeniñ tomsy.

Dogry, yssy - öz mähriban yssymyz,
Ýöne özünkinem sylanok, arman.
Öwürýär adamlañ enter-pelegin
Gündiz gönendirm...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2021

Hudaýnazarow öz döwründe halk tarapyndan da, partiýa tarapyndan da hatyralandy. Onuň döreden eserleri garşylyksyz çap edildi. B....aýratyn hormatymy gazanan adamlaryň biri Berdinazar Hudaýnazarow boldy. Köpi gören halypa şahyryň geçen döwürde hem häzirki zamanda edebiýatyň ykbaly baradaky pikirleri özüniň çuňňurlygy hem erkinligi bilen ...
Täzelikler » - 2018-07-31 16:41:48

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW ▶ 8: Edebiýata her ussat bir täzelik getirýär Adama Allanyň beren talanty amatly şertler döräp, aýan bolsa ýagşy....ony nähili ýazanlygyňda. Gep nähiliräk derejede çeper ýazyp bilýänligiňde. Berdinazar Hudaýnazarow haýsy žanrdan eser döretse de, ...
Täzelikler » - 2018-08-06 15:39:00

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW 3 ▶ 3: Çingiz Aýtmatow we Berdinazar Hudaýnazarow Berdinazar Hudaýnazarow 1992 nji ýylda ýazan «Ömrüň sahypalary» atly makalasynda özüniň döwürdeş ýazyjylary hakda söz açyp, şeýle diýýär: «Özleriniň ...Aýtmatowyň, Berdinazar aganyň sözleri bilen aýdanyňda, haýran galdyrýan intellektual dereje, giň gözýetim diňe bir talant mynasybetli däl, eýsem zähmet hem döredijilik gözlegleri ...
Täzelikler » - 2020-06-18 09:59:54

Berdinazar Hudaýnazarow durmuş bilen hemişe aýakdaş gadam uran şahyr hökmünde Täze eýýamda Garaşsyzlygy wasp eden, onuň taryhy mazmunyny açan şahyrlaryň biri.... Berdinazar Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy hökmünde ýazyjylaryň geljegi barada da köp pikir edipdi. Ýazyjylar birleşiginiň ykbaly hem üns bererliklidir weli, ...
Täzelikler » - 2018-08-03 23:25:55

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW ▶ 6: Gazaply ýyllarda ýaşalan mekan Berdinazar Hudaýnazarow «Ömür kitabynda» intellektual durmuşa – döredijilikli durmuşa Kerki (häzirki Atamyrat) şäherinde başlandygyny ýatlaýar. Uruş ýyllary, ondan soňky ýyllarda şahyryň ýetginjekligi ...beýan etmegi Rehmet Seýidowdan soň Berdinazar Hudaýnazarow başarypdyr. Men «Akar suwuň aýdymy» romany hakda ýazylan ençeme synlary, makalalary okadym. Şol makalalarda romanyň lirizmi hakd...
Täzelikler » - 2018-08-04 05:27:11

Hudaýnazarow Allanyň eçilen ýazyjylyk peşgeşine geleňsizlik etmedi. Ol adam tebigatynyň gözelliklerini açyp görkezmek üçin gujur başarnygyny gaýgyrmady....akyl öwretmek diýip düşünmek bir taraply pikir ýöretmek bolýar. Berdinazar Hudaýnazarow liriki gahrymanynyň psihologiýasy, durmuşa, ahlaga, ...
Täzelikler » - 2018-08-02 06:56:12

Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine içgin aralaşyp, onuň Magtymguly hakdaky goşgularyny, makalalaryny okap, bir pikirde saklandym: B.Hudaýnazarow Magtymgulynyň ýoluny täze öwüşginde, täze ...
Täzelikler » - 2018-08-05 03:39:56

Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýasynyň özboluşly obrazlar dünýäsi bar. Men şu ýerde şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň sözlerini ýatlaýyn: «B....ýagalragadan ritmi bar. Edil şu tarapdan, edil şu manyda da Hudaýnazarow biziň sözüň hakyky manysyndaky milli ...
Täzelikler » - 2018-08-03 23:06:47

ru Ady: Gumlular Awtor: Berdinazar Hudaýnazarow Format: PDF Agramy:15.8 mb Sahypa sany: 267 Dili: Türkmen (Kiril)
Kitaphana » PDF kitaplar - 2018-08-18 22:33:22

ru Ady: Saýlanan goşgylar Awtor: Berdinazar Hudaýnazarow Format: PDF Agramy:1.0 mb Sahypa sany: 204 Dili: Türkmen (Latyn)
Kitaphana » PDF kitaplar - 2018-08-18 21:05:30

Berdinazar Hudaýnazarow ýurdumyzy şeýle wasp edýär: Kämahallar Türkmenistan diýlende, Sanap başlaýarlar onuň baýlygyn. Ak güneşi bilen gara nebitini, Ak pagtasy bilen, ... Berdinazar Hudaýnazarow öz döwrüniň temasyny işlemekde, durmuşyň ahlak gymmatlyklaryny ýüze çykarmakda, adamlaryň durmuşynyň sagdyn başlan gyçlaryň üstüni açmakda uly üstünlige ýetdi.
Täzelikler » - 2020-04-06 05:55:06

...tymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow şol wagtlar Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygydy. Men halypa bilen didarlaşmaga Jennet bilen bile gitmäge döwtalap boldum....Hudaýnazarow bilen iş otagynda iki gezek bolan şol duşuşygy, halypanyň çagalyk we ýaşlyk ýyllary baradaky gyzykly gürrüňlerini häli şindi ýatlaýaryn.
Täzelikler » - 2019-11-06 09:07:31

Şeýle şahyrlaryň öňhatarynda Berdinazar Hudaýnazarow durýar. Ol Garaşsyzlyk edebiýatynyň kerwenbaşysy bolup, şygyrlary bilen galamdaşlaryna we ýaş şägirtlerine görelde görkezdi....baky bitaraplyk statusyny alyp bermegini Berdinazar Hudaýnazarow «Daşymyzyň galasy» diýlen juda düşnükli hem obrazly jümlede aňladyp bilipdir. Şahyryň «Iliň günüň penasy» diýen setiri bolsa sarpaly Saparmyrat ...

Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 40 njy ýyllaryñ ahyrlarynda edebiýata geldi. Onuñ ilkinji ýazan goşgulary o diýen kämil bolmasa da, duýgy ýetmezçilik edýän hem ... Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 1927 nji ýylyñ 15 nji aprelinde ozalky Aşgabat oblastynyñ Ýerbent raýonynyñ Gyzylsakal obasynda maldaryñ maşgalasynda eneden bolýar.
Täzelikler » - 2018-09-22 11:23:30

Berdinazar Hudaýnazarow edebiýatymyza çabga ýaly bolup indi. Ondan bihabar bolupdyryn diýen adamy näme atlandyrsaň atlandyryp oturmaly derejedäki meşhurlygy elde etmegi başaran ...
Täzelikler » - 2023-03-08 06:35:36

Adamym Berdinazar Hudaýnazarow Moskwadady. Olam bir zat syzan ýaly, ýarym sagat geçip geçmänkä, öýe jaň etdi. O wagt günortan sagat bir töweregidi.... Berdinazar Hudaýnazarow (ol hem merhum) bilen Kerim Gurbannepesow ýegre dostdy. Olar ýaşrakkalar köp tirkeşýärdiler. Kerim Gurbannepesow degşen bolup, hemem meni gabajak ...
Täzelikler » - 2019-11-09 10:20:10

...Seýidow, Gara Seýitliýew, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Ata Atajanow, Mämmet Seýidow ýaly şahyrlar başga respublikalarda bolanynda bütin sowet soýuzyna tanalmaly uly şahyrlardy, emma olar özlerine bagly ...Rehmet Seýidow näme täzelik getirdi, Berdinazar Hudaýnazarow näme üýtgeşiklik bilen geldi, Kerim Gurbannepesow poeziýany nämeler bilen baýlaşdyrdy diýip kitap yzyna kitap çykaýmaly ýaly.
Täzelikler » - 2018-11-30 07:22:25

Ýakyn döwrümiziñ uly şahyry Berdinazar Hudaýnazarow "Dönüklik"*** atly goşgusynda türkmeniñ añyrdan gelme arassa ahlagyna dönüklik eden aýalyñ düşen güni juda täsir ediji we terbiýeleýji görnüşde ...
Täzelikler » - 2018-11-05 11:48:58

Ýaşuly ýazyjymyz Berdinazar Hudaýnazarow hatda öz çykyşlarynda telim gezek şeýle sözi gaýtalady: "ýaşlaryñ kitaplary Moskwada, rus dilinde çykyp dur, olara haý küş diýýänem ... ▶ Berdinazar HUDAÝNAZAROW: Durgunlyk ýyllary öz etjegini etdi: çeper tankyt ýüzgörüjilige ýüz urdy, her kim özüne baha bermäge başlady.
Täzelikler » - 2021-07-17 16:07:39

Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly ýazyjylar köplenç tankytdan daşarda galdy. Soñky ýyllarda olaryñ adresine ýekeje de tankydy bellik edilmedi. Elbetde, K.Gurbannepesowam, B.
Täzelikler » - 2021-07-17 16:05:20


1 2 3 ... 15 16 »