Результаты 1-11 из 11 по запросу Bibi Orazdurdyýewa

BIBI ORAZDURDYÝEWA

Türkmen zenan-şahyrasy Bibi Orazdurdyýewa 1950-nji ýylyñ 2-nji sentýabrynda Mary welaýatynyñ Sakarçäge etrabynyñ Goñur obasynda dünýä indi. Sakarçäge etrabynyñ 1- nji orta mekdebini 1966-njy ýylda tamamlap şol ýyl häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär, ony 1972-nji ýylda tamamlady.
Ilki bilen Türkmen telewideniýesiniñ saz...

DURMUŞ ÖWRÜMLERI

Atamyrada

Bu dünýä şeýlebir täsin, gyzykly —
Beýik Taňryň guran beýik binýady.
Oň ýollary çylşyrymly çyzykly,
Hiç bir zat ýok oňa meňzeder ýaly.

Munda her adamyň öz dünýäsi bar,
Pikir etdigiňçe çuňlaşyp barýar.
Şol dünýäde şeýle ajap pursatlar
Hem şeýlebir agyr pursatlar bolýar.

Döredýän adamlaň dünýäsi başga,
Olaň yşky özgerdýär bu dünýäni.
Her söze jan berip hem s...
Täzelikler » Goşgular - 17.09.2021

TERJIMEHAL GOŞGY

Obada ýaşardyk çaga mahalym,
Daş-töweregimiz açyk meýdandy.
Ol günler gyzygy, şatlygy bilen
Süýjüje düýş bolup, uzakda galdy.

Ol mahallar
dünýä gamyma däldi,
Bir ýetmezim —
bir owadan gurjakdy.
Ah, meň pukaraja çagalyk dünýäm,
Sen ony henizem ýatlap ýörjekmi?!

Soň ýetginjek döwrüm
urdy bir heser,
Ne özüme sygdym,
Ne-de äleme.
... Ýöne meni söýmedi ol,
...
Täzelikler » Goşgular - 17.09.2021

MENIŇ EJEM

Garyp ataň ýalňyz oglundan
galan ýalňyz naçar — bu meň garyp ejemdi.
Meniň ejem bir üýtgeşik aýaldy,
Biz üçin nusgalyk ýoly geçendi.

Bary-ýogy üç ýyl alan bilimi,
Ýöne men öwrendim ondan kän zady.
Läleler, hüwdüler, köne dessanlar...
Maňa salgy berdi dil-edebiýaty.

Käteler ol ýaşlyk döwrüni ýatlap,
Kän aýdyp bererdi goşgy-gazallar.
Şonda mydam göz öňüme gelerdi
Uruş ýyllar ne gün göre...
Täzelikler » Poemalar - 16.04.2020

BU GÜN SAÑA EJIZLEMEK BOLMAÝAR

Bu gün saňa ejizlemek bolmaýar,
Kelläňi sämedip pikir-dumana.
Bu göreşde kimiň kimi ýeňeni,
Kimiň ýeňileni heniz gümana.

Ýöne indi öňkiňdenem mert bol sen,
Başyň belent bolsun,
Egilmesin hiç.
Ar-namysa,
Ynsabyňa berk bol sen,
Adam şol bagytdan ýeňilmesin hiç.

Olar bu gün seň kastyňa çykdylar,
Bet hyýallaň tüssesine bogulyp.
Sen gyýylma betpäl üstün çykdy diýip,
Ge...

Täzelikler » Goşgular - 14.01.2020

SÖÝGI SETIRLERINDEN

Sen şeýle akylly,
Hem şeýle eziz.
Senden bir ýamanlyk,
Görmedim heniz.

Diňe meniň üçin,
Dörän ýalydyň.
Ilki görenimde,
Juda haladym.

Saýaňda gül açdy,
Ömür daragty.
Berdiň bir adama,
Berilýän bagty.

Bir-birege hormat,
Pikrimiz-küýmiz.
Göwnimiz göterdi,
Tämiz söýgimiz.

Ýöne men näme üçin,
Bilemok örän.
Bagytdan has gorkýan,
Ha...

Täzelikler » Goşgular - 09.01.2020

WATAN

Ähli zady ýerbe-ýer —
Sahawatly, seýranly,
Ata-baba mekanym —
Garaşsyzdyr bu Watan.
Siňe baksam, ýatladyp dur käbäm bilen kyblamy,
Ata Watan, ene toprak, Garaşsyzdyr bu Watan.

Körpe wagtym ak çägesi boldy meniň oýnagym,
Undup bilmen çagalygmyň omaçaly toýlaryn.
Gorkut atam şol toýlardan alan eken boýlaryn,
Emer-damar, ho-ol aňyrdan gelýänimdir bu Watan.

Dag ýerinde daglary bar,
bardyr deňi...
Täzelikler » Goşgular - 05.11.2019

"ЛЮБОВЬ МОЯ - ВОТ ВСЁ МОЁ БОГАТСТВО..."

■ РОДИНЕ

Уходят годы – убывают воды
В стремительном потоке бытия.
Но прибывают о тебе заботы.
Сильней и глубже преданность моя.

В поддержке ли нуждаюсь иль совете,
Ты неотлучно, Родина, со мной.
И я должна быть за тебя в ответе:
Не все же греться за твоей спиной.

...
Täzelikler » Goşgular - 23.05.2019

ŞADYÝAN GÖZEL

«Durmuşa çykjak gyza»

Gözleňde müýnüň ýok,
Sen öýe bezeg.
Näm üçin aglaýaň,
Şadyýan gözel?!

Ýatlaýaň güneşiň,
Tylla zerlerin.
Gulpagyň tasadyp,
Gezen ýerleriň.

Gyzlyk dünýäsinden,
Gitmezden ozal,
Näm üçin aglaýaň,
Şadyýan gözel.

Gyýylma gidýän diýp...
Täzelikler » Goşgular - 01.07.2018

SÖÝGI SETIRLERI

Söýgi bir baýlykdyr ~
ýokdur bahasy,
Ol dünýäñi tutup duran hanyman.
Söýgi bir barlykdyr ~
bagtyñ sakasy,
Köñül asmanyña bolar saýawan.

Söýgi bir gudratdyr,
oña sataşsañ,
Iñ bir howply ýollar saklamaz badyñ.
Urarsyñ özüñi tümden, ataşdan,
Gözüñe görünmez ýakynyñ, ýadyñ.

Möwç ura...
Täzelikler » Goşgular - 17.06.2018

ÝOK, HAKYM ÝOK!

Ýok!
Hakym ýok saňa nälet okara,
Ýakmadyň ýüregmi biwepalykdan.
Ýetilmedik umyt-arzuwlarymyň
Yhlasyna özüm köýüp galypdym.

Kalbymy päki deý gyýan hasratlar
Bürgüt bolup inseler-de depämden.
Ýok,
hakym ýok seni ýigrenmäge-de,
Durmuşdyr,
Kynçylyk öňümde kän meň.

Daşyndan gabanyp ö...
Täzelikler » Goşgular - 16.06.2018