Результаты 1-20 из 25 по запросу Bilbil Kakabaýewa

EJE!

Eje!
Ugrap barýan näbelli güýje,
Duýgularym halys alypdyr erkim.
Käşgä birsalymlyk unudyp baryn
Näbelli...
Barlygy şeýle bir anyk,
Hyýally dünýäme siňip bilsedim.

Eje!
Halas bolup bilemok soňsuzlugymdan
hemem şeýle bir üşeýän juda.
Gagşan bedenimde perwana ruhum
Uçmana bahana gözläp, gör, ynha.

Eje!
"Horja gyzym" diýme, çekerin derdim,
Bilýän duýgularmyň aldamaýanyn. ...
Täzelikler » 2023/05/03 - 03.05.2023

AHWAL

Ynha...
Tapdym özümi,
Agynjak men-dä.
Aýak ýalaň, başym açyk howada,
Juda sada geýim, köneje jindäm.
Jogap tapyp bilmän ýüzmüň sowala,
Barja güýjüm bilen ylgap barýanym.

Gap-gara şalyny zyňyp birýana,
Ýetip barýan, gaçyp barýan bir zatdan.
Nämüçinkä, ýitmäge bahana gözläp,
Argyn göwre halys urunýar herýan.
Görýäňmi, şindem ýaşap ýörşüme,
Alyp gidere zadym galmandyr munda,
Günämden,...
Täzelikler » Goşgular - 01.04.2023

GÜÝZ

Salam ýürekdeşim,
Salam, eý, gussam!
Baglanýanmy saňa
Aglaýan diňe...
Ümsümje aýdymma
Saz çalýan ýene.

* * *

Ýüregimde täsin ýer bar.
Onda heň bar.
hemem Sen bar.
Dem barmy her ritmde?!
Oňa bir ses goşaýmaga,
Gorkýan juda...
Artyk munda görýänlerim,
Görmeýänlem juda az meň.
Hemaýat isleýän sazdan
hemem Güýzden...
Gözlerimde ýagyş damja.
Men m...
Täzelikler » Goşgular - 02.11.2022

MÄHRIBAN UÝAM!

(Gyzylgül Annagylyjowa)

Gör nähili täsin, kalplar birleşse,
Birleşse ýürekleň inçejik tary.
Heniz görüşmedik ynsanlaryma
Asyl ö:ňdenem tanaýan ýaly
bolýan-da ýüregmi açasym gelşi.

Kä wagt, setirlere sygdyryp bilmän,
gezäýsem gussaly aýdymlarymy.
Aslynda hiç heňde aýdyp bilmejek
Duýguly dünýämiň gussajyklarny
Size gürrüň beresim gelişi, täsin...

Göterýämidiňiz ýürekleň...
Täzelikler » Goşgular - 25.10.2022

MÄHRIBAN

Goý birikdirmän geçsin bizi ýyllar...
ýollar... ýodalar... Kesişmesin ekwatoryň çyzyklary. Aýry dünýäňde ýaşaber. Ýöne aglama diýjek däl saňa. Gizle diňe gözýaşlarňy. Men seniň, her näme-de bolsa, güýçlidigiňe ynanýan. Göresiň gelse, senem şol pursatda ýatlaýanymy, ýüregiň sesini diňleýänimi unutmagyn hiç haçan. Seniň her wagtky ahwalyňy bilýändirin bary bir. Aýdyber arzyň bolsa maňa, diňlärin. Bilýäňmi juda ýakynymda gürleýäniňi.
Täze günler bilen gatnaýaňmy ...
Täzelikler » Oýlanmalar - 31.08.2022

"MEN GÜÝZLERIŇ SEPGIDINDE OÝANSAM..."

Men güýzleriň sepgidinde oýansam,
Boý alsam çigrigen howaň demine.
Uzak bir ýerlerden a:ryp gelen deý,
Seniň bilen gussa çeksem deňine.

Duýgularym alyp agçsa hyýalym
Duman örten dünýä bilen biriger.
Şatlyk-gülki wada berip soňundan,
Kalby gussalardan doly biri men.

Boýn alýan men,
Gussa çekmän bilmedim,
Bilmedim hiç duýgularmy owsarlap.
Görsene seň bilen hyý...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

ÝÜREKDEN DAMAN DAMJALAR

Sen bolmadyk bolsaň, nähili bolardym? Kim maňa düşünerdi? Tanardymmy özümi? Görsene meni... Ruhy azaplaryňdan, ejirli ýollaryňdan ýöräp ýörşümi meýletin.
Azaşyp ýörmükäm ýa? Seniň barlygyň çynmy, aýtsana?
Men kän agladym. Sebäbi, gözlerim görmändi hiç zady. Gözýaş däldi gözlemdäki damjalar. Olar baharda ýagýan sansyz ýagyşlara juda meňzeşdi. ...
Täzelikler » Oýlanmalar - 08.05.2022

IR SÄHERIŇ OÝLARY

Tuflimiň sesine ýüregmi deňläp,
Bu günem ýene-de howlugýan işe.
Ertiriň säheri ajaýyp neneň!
Eý, Hudaý!
Agşamky gussadan galmandyr nyşan.

Ilki salam berýän juda ulumsa,
Ýadyrgamok häzir sowuk nazardan.
Lak atýan ýoldaky eýjejik çaga.
Gül bolan bolsady, eger-de, göwnüm
paýlasym gelerdi her bir y...
Täzelikler » Goşgular - 18.01.2022

BARSAM ATAMÖÝMÜZE

Men henizem çaga-da,
Barsam atamöýmüze.
Soragym: "ejem nirde?.."
Barsam atamöýmüze.

Maňa meňzeş jigilermiň
Goşgulary güýmese
diýýän: "ýene bir şahyr,
dörär" atamöýmüzde.

Kakamyň dutar çalşy
Şeýle şirin görsene...
Şahyr, bagşy, sazanda
Barsy atamöýmüzde.

Ejemjanyň bişirýän,
Wah, unaşy diýsene.
Hasam lezzeti başga
Iýsem atamöýmizde.

...
Täzelikler » Goşgular - 08.01.2022

BU GIJELER UZAK BOLDY...

Bu gijeler uzak boldy...
Kän garaşdym ol Güne.
Meniň sussumy basýan
Ümsümlik irizdi diňe.
Ötegçi guşlary synlap
Aýdym aýdasym gelipdi,
Öwrenişmedim iňrik bile.

Bu gijeler uzak boldy...
Bulutlar bar Aý ýüzünde.
Diňe synlaýaryn şemi
hemem juda uzaklarda
Ýaňlanýan pianoň sesi
Deşip gelýär ýüregimi.

Bu gijeler uzak boldy...
Garaýan penjirä
Görýäňm...
Täzelikler » Goşgular - 18.12.2021

ÇAGDYR BU ÇAGLAR

"Dert başymdan agan çagdyr bu çaglar”
Seýitnazar Seýdi


Bu gün başa gonmuş müň dürli sowal,
Jogaby tapylmaz çagdyr bu çaglar.
Heserlän dünýäme inipdir zowal,
Amana getirgen çagdyr bu çaglar.

Göwnüm — ýasaw, örtemişem bu jany,
Wepasyny kime bermiş bu pany?!
Ýürek sözmi aýdabilsem günämi?
Ýazsam, şygyr oljak çagdyr bu çaglar.

Heňim bar owaza saza, sygmajak.
Yşky...
Täzelikler » Goşgular - 11.12.2021

OÝLANMA

Men öňler geçip barýan durnalary synlap bize mälim bolan bu barlygyň bizden ötegçidigini bilip gynanýardym.
Hemişe-de garaňkylykda ýeke özümi ýalňyz galan ýaly duýýardym. Sesimi bolsa tükeniksiz boşlugyň içinde hiç kimiň eşitmeýänine gynanýardym.
Gorkýardym, ähli zatdan. Iň erbedem açyk Asmanda abanyp gelýän gap-gara haýbatly bulutlardan.
Ýöne indi beýle däl. Men üýtgäpdirin. Özem owalky keşbimden, bolşumdan nam-nyşan galmandyr diýen ýaly. Ahyry, özüme b...
Täzelikler » Oýlanmalar - 19.11.2021

DOGLAN GÜNÜŇE...

(A.Alyýewa bagyşlaýan)

Gowudugny...
Seret dünýäňe
Dogulduňmy?..
Dogul ýene täzeden.
Alajaňa juda meňzeş günleri
Iýşip ýörkäk
Iýdip ýörkäk ýene-de
Ýaşaýarys ýylgyryp.
Köp şükür!
Oňatlyklar bizden ýüzün sowanok,
Entek sowanog-a kalpdaky söýgi.
Alňasaman, gyssanmaly hiç zada,
Ýene-de Ýaz geler baglarmyz güllär.
Hemem...
Juda garaşdyran ýyllaram <...
Täzelikler » Goşgular - 17.11.2021

GOŞGULAR

Gyzymyň: "Men doglamda nähili gündi?" diýen soragyndan soň ýazan setirlerim

Bilýäňmi näme...
Seň gelen güniň.
Ählije zat üýtgedipdi reňkini,
Görküni senden alypdy göýä.
Bu ýaşaýyş owadandy, ýagtydy
Göwnüme däl...
Men asmanda uçýan-da
Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy.

Şol güni güllerem tans oýnaýardy
Çalaja öwüsýän güýzüň ýeline.
Baglaram pişme deý seçip ýapragyn,
Toý ...
Täzelikler » Goşgular - 30.10.2021

MEN SAŇA KÄN ZADY ÖWREDIP BILMEN

Men saňa kän zady öwredip bilmen,
Ýörejek ýoluňa bolsam-da çelgi.
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr,
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.

Ynha birden synçy nazarlam,
Bir nokada dikip galaýsam gussa,
Käte soraglarňy jogaplap bilmän,
Barja zady bilip duran ejeňi,
Geňleme dymsa.

Boýuňa dönenim,
Sen diýýäň ýene.
"Eje, saçlarymy örüp bersene!.."
Meleje gulpakly, g...

Täzelikler » Goşgular - 05.10.2021

ŞOL GÜN GELER...

Şol gün geler...
Başgaça bor ähli zat.
Üýtgeşik bor adamlara garaýşym.
Begenjimden gözlem ýaşlap diýerin:
"Saňa men kän garaşdym."

Şol gün geler...
Dünýäni basaryn bagra.
Bütin durkum bilen öwrülip söýgä.
Hasam owadan borun-da şol gün,
Mähriban bolaryn hemmä.

Ähli gussalar...
Täzelikler » Goşgular - 16.07.2021

GÖRSENE ÖZGERIP BILŞIM...

Ýekeje  zatdy islegim:
Men özüme, öňküligme  dolansam.
Seret, bolşum...
Ruhum göwräm bilen sersepil yrap,
Syrly gijelerde, çeken hasratym,
Geçýän günlerimi gussama sarap,
Ýalňyz yşkym bilen özgerip bilşim.

Iň soňky ýapragyn baldakda saklan,
Teşnelikden guran gülüň solşy deý,
Umydym ýitirmän ýaşajak bolşum.
Gör, bir wagtky hondanbärsi keşbini
Dünýäni topukdan saýmaýan gyzyň, <...
Täzelikler » Goşgular - 06.07.2021

SAZLAŞYK

Görsene...
Saňa juda meňzeşdigimi,
Täzelenýär ruhum tämiz demiňe.
Boşan göwräm öwrülýär-de barlyga,
Ylham doluberýär sämän serime.

Seniň çäksiz söýgiň bilen sepleşip,
Mähriňden püre-pür doldurýan kalbym.
Ümmülmez sähranyň agraslygyny...
hemem...
Juda syrly mukama meňzeş,
Ýüregiň sesini duýşum ýaly
Bir geňsi saz çalyp bilýän.

Diýseň täsin ýaly bularyň bary,
Bir saňa birigýä...
Täzelikler » 2021/05/01 - 01.05.2021

AÝDYM BOLSA DUÝGULARYM

Aýdym bolsa duýgularym,
Hyýallarym güýmemese.
Çekip bilsem boşy ýaly
Yşkly ýüregmiň suratyn.
Onsoň ýene düşsem ýoda,
Ürküzmese ömrüň saly.

Kän zady islemändim-ä...
Ýaşamakdan gözläp many.
Görsene...
Kindiwanja umytlarym,
Ynamyma baglanymy.
Ynjyk göwnüm...
Ýazykly, kineli göwnüm,
Hyýal bilen allanymy.

Buýr-bulaşyk aýdym heňni,
Geçirjek bolamda no...
Täzelikler » Goşgular - 29.03.2021

HABAR

„Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň „dünýä“ eken...“
Aýgül Garaýewa

Ganatsyzam uçup ýörün,
Täsin dünýä düşdüm, eje.
Ýa-ha bular hut hakykat,
Ýa huş ýaly düýşüm, eje.

Gördüm öýdýän bagtyň keşbin...
Meňzeşmikä asyl, eje?!
Ol meniň ýanymda ýaly
Hemem juda alys, eje.

Bir görsediň, Aý üstünde
Joşup-joşup läle kakýan.
Maňa bagt dilän melegim
Ýyldyzlardan monjuk da...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2021


1 2 »