Результаты 1-20 из 134 по запросу Eziz Nesin
WAH, BIZ EŞEKLER...
![]() Eşek milletiniñ ir döwürler adam milleti ýaly geplän, häzirki ýaly aññyrmaýan, özbaşyna eşek diliniñ bolan, bu diliñ "öli dile" öwrülip "aññyrylmaga" başlanmazdan öñki döwrüniñ kyssasy Wah, biz eşekler... Wah, biz eşekler... Biz eşek milleti-de siz adam milleti ýaly gepleýän ekenig-ä. Nädip beýle baý eşek dilimiz ölüpdir, nädip öli dile öwr... |
EZIZ NESINIÑ DOWAMLY SES EDIP ÝATYRMAGA GOÝMAÝAN GOÑŞUSYNA ÝAZAN HENEK GATYŞYKLY HATY
![]() Gadyrdan Kazym beý, jan doganjygym! Iş taşlaýyş diýen zadyñ nämedigini bilmän ýekşenbe günleri-de işleýän, jaýyñ ikinji gatyndaky zawodyñyz üçin sizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Uly tutumly işiñ üstünde işleýänsiñiz öýdüp çaklaýanlygymdan şu sagada çenli dözüp zawodyñyzyñ işine päsgel ber... |
HEZRETI MAHAWYŇ KYSSASY
![]() Rawyýany ahbar we nakylany asar, andag rowaýat kylarlar ki, owal zamandamy ýa häzirki zamandamy ýa-da soltan palamudyňmy* ýa bilmedim welin, näçenji mahmudyň döwründemi, ýurduň birindemi ýa bolmasa dünýäniň haýsydyr bir ýerindemi, her haçan we her nirde bolsa-da, bolşundan bäşbeter utanç-haýasyz, tebigaty görlüp-eşdilmedik derejede hilegär, akylsyz we kele... |
EGER
![]() Gadyrly dostum Bähri! Meni ýatlap hat ýazyp hal-ahwalymy soranyň üçin men senden minnetdar! Şu saňa ýazyp otyran hatym hem eger poçtada ýitmese, senzuradan geçse, eger hat gatnadyjy adresiňi ýalňyşman tapsa, eger ýaşap ýören öýüň ýykylmasa, ýa-da öýüň hojaýyny seni kowmasa, elbetde bu hat saňa ýetip barar diýip umyt edýän. Hormatly dostum Bä... |
BILETLERI ÝATDAN ÇYKARAÝMA, HELEÝJIGIM!
![]() Är-aýal günorta - Ortaýer deňziniň mawy atlazyň ýüzüne owadan nagyş deýin dokalan ajaýyp plýažlarynyň birine gitjekdiler. Aýalam, äri-de aýry-aýry işde işleýändikleri üçin ýylyň ähli ýadawlygyny, dert-aladasyny, kynçylygyny, kelleagyrysyny we ruhy argynlygyny on bäş günlük dynç alyş rugsadyna deňize döküp, şäherdäki öýlerine we iş ýerlerine... |
GORKMA
![]() Gowuşgynsyzdan inçemik, bugdaýreňk, äýnekli, burny ýüzünden ullakan, kyrk ýaşlaryndaky adam çekine-çekine, iki açylýan demir gapa dykylyp diýen ýaly ýakynlaşdy. Belent gapynyň arasynda işikde duran işgär ony görmeýän ýaly, hatda ol ýerde hiç hili yns-jyns ýok ýaly ýokaryk seredip, alyslary synlaýardy. Ol assa-ýuwaş ädimläp işgäriň ýanyna ýakynlaşdy. Penjeginiň içki jübüsin... |
GALLAPLYGY-DA EDER ÝALY BOLMADY
![]() Dünýä döräni bäri gelip-geçen gallaplaryň içinde ondan öňe geçjegi ýokdy. Bulam onuň öz öwünip aýdýan zady däldi. Ol adamy haýrana goýjak derejede açyk göwünli adamdy. Haçanam bolsa bir wagt özüni öwen ýerini gören-eşden ýokdy. Jypdyrmagy gowy görýänler edenu-etmedik işleriniň üstüne müň esse goşup gürrüň berýärler. Şeýle bir jypdyrýandyrlar welin,... |
TÜRSÜK BILEN OÝUN ETME
![]() Özüñiziñem bilşiñiz ýaly, ýatymlaýyn okuwlarda "sallahlaram", "öýlenenlerem" ýetik. Öýlenenler-ä şenbe güni giçlik öýüne gaýdýar, sallahlaram tutuş okuw ýylyny mekdepde geçirýär. Çapyksuwar Selahatdinem meniň ýaly sallah. Ýekşenbe gününiň agşamy zalda hemişeki ýaly eşiklerimiz paýlanýar. Zala gözegçilik edýän işgär: – Geliň, eşikleriñiz... |
AR ALYŞ
![]() Başlyk garamagyndaky işgärleriň hemmesine gödek we berk daraýardy, aýratynam Haýdara gezek gelende hasam hyýrsyzlaşýardy. Onuň näme sebäpli Haýdara aşa ýowuz çemeleşýändigine hiç düşünip bilemokdym. Haýdaryň eli agyram bolsa, durman diýen ýaly işleýärdi, işgärleriň içinde şondan gallawy, şondan işeňňiri ýokdy. Üstesine ol aýlygy-da hemmelerden az alýardy. Şular ýaly işeňň... |
KÜRSÜSINDE ARKAÝYN OTURYP BILMEÝÄN ADAMA ÝÜZLENME
![]() Hormatly jenap! Rahat, giñ, ykjam, gymmatbahaly, örän owadan kürsiñiz bar eken. Ýöne nämüçindir siz kürsiñizde arkaýyn oturyp bileñzok? Gaýtam, bi ýumşajyk, goýny giñ kürsiñiziñ öñündäki haýbatly stola tirsegiñizi daýanyñyzdan soñ, has arkaýyn otursañyz bolmyýamy. Siz bolsa kürsidekäñiz lapyñyz keç görünýär. Bü ne lapykeçli... |
SAÝLAWYŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY GÖREŞ
![]() Biziň posýologymyzda iki sany kofehana bar. Dogry üçünjisi, Bodur Ademiň kofehanasam bar, ýöne welin ol çakyr zawodynyň ýanynda, şäheriň çetinde ýerleşýär. Onuň üçin hem bu kofehana hasaplap oturanyňa degenok, ol örän daş, üstesine-de juda kiçijik. Posýologyň ähli erkek kişileri iki topara bölündi. Olaryň bir bölegi-hä tikinçi Ishagyň k... |
MENIŇ DEMOKRATIÝA UGRUNDA GÖREŞIŞIM
![]() Gödek degişmemi ýa bolmasa bir biedepçilikmi, men-ä näme diýip atlandyrjagymy bilmeýärin, ýöne bir gezek şeýle bir waka-ha bolup geçdi. Öz düşünişime görä, bularyň ikisem bolman durmady. Bir sapar dostlarym meni taksä mündürdiler-de: - Oturylyşyga barýarys – diýdiler. Maşyn haýsydyr bir egrem-bugram çolaja köçäniň ugry bile... |
PUL KRIZISI
![]() Belli bolşy ýaly, Stambuluň “Ajaýyp ülke” otelinde adatça Safranboludan gelen myhmanlar düşläp geçýärler. Günleriň bir güni şu otele oýnaklap duran gara gözli, kyrk bäş ýaş töwereklerindäki diýseň kaşaň geýnüwli bir jenap gelip, aýna germewiň aňyrsynda oturan administratora kiçijik penjireden ýüz tutdy: - Gadyrdan, kyn görmän, maňa bir zady aýtsaňyz-la. ... |
TAÝAK IÝMESEM OŇAMOK
Awtobusyň içi hyryn-dykyn - aýak basmaga ýer ýok. Ýolagçylaryň biriniň daş sypatyna seretseň-ä, ýalňyşyp bärik münendir öýdýäň. Onuň ýeri awtobus däl-de, meger bolubilse, “Tiz kömek” awtoulagy bolmaly. Çep goly hasa bilen saralyp egninden sallanan, kellesi saralan, bir gözi gögerip çişen, beýleki gözüne-de gan öýen adam pişegine daýanyp, awtobusyň mähellesiniň arasynda özüne ýer arçamaga jan edýärdi. Görgüli sagadyň jykgyldaýan dili ýaly durman-etmän: — I... |
DOSTLUK KÖMEGI
![]() Munuň özi halkara syýasy arenada bolup geçen waka. Emma taryha-da, dünýä syýasy taryhyna-da ýazylmady. Taryh kitaplary hernäçe dogruçyl ýazylsa-da, käbir wakalar hiç mahalam taryha girmeýär. Şu bolup geçen waka-da taryhyň ýazyp bilmedik şeýle wakalarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Ikinji jahan urşundan soň köp sanly ýurtlar garaşsyzlygyna gowuşdy, täze-täze döwletler ýüze çykdy, häzirem çyky... |
HEMIŞE BIZ GÜNÄKAR BOLMARYS
Agşam otyrkaňyz, öýüňizde çyra sönäýse, siz garaňkynyň içinde-de emgenmän ýoluňyzy aňşyryp bilersiňiz. Siz gapyňyzy, şkafyňyzy we başga zatlaryňyzy aňsatlyk bilen taparsyňyz. Biz öýümizdäki zatlary bäş barmagymyz ýaly bilýäris. Bu biziň her gün burçdaky kioskdan satyn alýan gazetlerimize-de degişlidir. Elmydama gazetiň görnäýjek ýerinde polisiýanyň elinden näçinji gezek gaçandygy we ýaňadan näçinji gezek ele düşendigi belli bolmadyk jenaýatç... |
ELHENÇ DÜÝŞ
Stambuluň radiosy öz gepleşiklerini geçirip gutarypdy. Bu gije men iki sany hekaýa, felýeton ýazmalydym, bir žurnalyň anketine jogap bermelidim. Bu materiallar ertire ýetişmelidi. Emma men diňe ýeke işi bitirmegi - bir hekaýa ýazmagy başarypdym. Mazam ýokdy. Men eýýäm ikinji hekaýam üçin bir petde kazgy taýýarlapdym, emma mende ýekeje-de tema ýokdy. Iýip-içesim geldi. Hemişe şeýle bolýar. Hekaýa üçin taýyn sýužet tapylmadyk wagty, men näme-de bolsa bir zada... |
GOÝ, ALLA KABUL ETSIN!
“Bagtly” at alan alty gatly köp kwartiraly öýüň hojaýynyna Hamza beg diýerdiler. Onuň ertir irden sagat altyda, iki otaglyja podwal jaýyň bir penjiresine kakmak adaty bardy. Ol şol adaty boýunça penjiräni tyrkyldadyp: - Emin ependi, Emin ependi! – diýip seslendi. Emin ependiden jogap bolmany üçin, ony oýarmak niýeti bilen Hamza beg ardyndy. Emin ependi Hamza begiň diňe bir hyzmätkäri-şweýsary däl-de, ýakyn dosty, oňa özüniň ýüregini dökýän... |
FORMALLYK
Ol öý Saryýeriň* edil orta gürpündedi. Şol öýe özümi atynçam meniň lütüm çykdy. Ol çar baga bürenip oturan, ýörite salnan jaýlaryň biridi. Ýalçyn menň çagalyk dostumdy. Men: - Siziň bu ýeriňiz örän ajaýyp! – diýdim. - Bu meniň Göwher daýzamyň elinje saldyran jaýy. Men Ýalçynyň kitaphanasy bilen tanşaýyn diýip gelipdim. Ol meni giň jaýa alyp bardy, oňa ştüýs kitaplar hazynasy diýseňem boljak. Men haýsy tekjeden başlajagymy bilmän, aňkaryly... |
ÜÇ GÖRNÜŞLI MASGARAÇYLYK
• Birinji görnüş Kaýmakamyñ¹ kabineti. Stoluñ añyrsynda Kaýmakam otyr. Onuñ öñünde goluny gowşuryp, dagly daýhan dur. DAÝHAN: - Jenap Kaýmakam, meniñ mellegimiñ suwuny kesdiler. Men geçen ýyl mellegmiñ suwarylmagy üçin bäş ýüz lir töläpdim ahyryn. KAÝMAKAM: - Bu geçen ýyl bolupdy ahyryn. Sen heý şu ýyl zat tölediñmi? Öten ýyldan bäri durmuş üýtgedi. Eger sen öz mellegiñ suwarylmagyny isleseñ, bir müñ lir tölemeli... |