Результаты 1-20 из 57 по запросу Goçmyrat Orazberdiýew
ÝAGYŞ DAMJASY
![]() Jaýlaň üçeginden syrygan damja Damanynda ýaşyl baglaň egnine. Ýapraklarny ýuwup seren agaçlar Meňzär dünýäň gök kürteli gelnine. Ýeri deprek edip ýagan ýagyşdan Gaçar hemme gözläp saýa baryny. Bir oglanjyk ezilip dur daşarda Gyz jigsine tutup saýawanyny. Saça däl, ýürege siňer damjalar, Ruhu... |
35 ÝAŞYŇ HYÝALY
Kalbym basyrylan çäýnek deý göýä, Demin alan duýgularym goýaldy. Ýüregim - çyrp urýan bir bilbilgöýä, Saýradykça, dili süýjäp, boý aldy. Ruhum Arşda bulutlara degip dur, Men ýerde däl, käte gökde ýöredim. Göwnüme, burnuma ysy gelip dur Gursagymdan ýanyp duran ýüregiň. Hasratyny çekdim niçeme güýzleň, Niçe ýazlar ömre berdiler öwşün. Mydam ýagşylyga dikildi gözlem, Ýylmanak gözell... |
GOŞGY ARAKESMESI
"Goşgy az ýazýarsyň" diýýärsiň maňa, Köp ýazylsa, goşgy bolýarmy näme?! Gijäni penjeläp, ýassansaň daňa, Juda az pikirler gelýär kelläňe. Gözüňden gitmeýär ýekeje gije Parç bolup açylan bir gülüň keşbi. Ugrunda selpedip, entedýär nije, Köp däl, bir gözeliň söýgüsi, yşgy. Geregi ýok uzyn gürrüň bermegiň, Uzak bolýar gysga sözüň ykbaly. Parran geçip deňesinden günleriň, Ýuwan goşg... |
BÖLÜNMEK
Şatlygy däl, derdem deň bölüşerdik, Aglasaň-da saňa aglaşardym men. Görmek üçin gözleňdäki şatlygy, Dag aşardym men. Ýaşalan günlerem deň ikä böldük, Seniň bilen geçen günler başgady. Bir-birege deň paýlaşan, meňzeşje Arzuwmyzam, wah, amala aşmady. Ömrümizi deň paýlaşyp bilmedik, Ara düşen ýyllaň ötmesi bilen. Ahyr bagtymyzy bölüşdik ikä, Bagtly ýaşaýarys özgesi bilen... Go... |
NIREDEN BILÝÄRSIŇ?!
![]() (Bäş ýaşlyja gyzyma) Nireden bilýärsiň, nädip bilýärsiň Kakaň şeýle mähre mätäçligini?! Işden gelenimde, gollaryň gerip "Kaka-a" diýip, ýüwrüp gelşiňe göni Meniň gujagyma oklaýaň özüň, Ah, şol pursat, şojagaz şat pursadam. Söýgi bolup kürsäp girýär kalbyma Seniň edil doluşyň deý ... |
ÝATKEŞLIK
Gözleň reňki sähel ýadyma düşýär, Birmahallar maňa ýylgyryp bakan. Surat deý gözümiň öňünde üýşýär, Men seni unudyp başardymmykam?! Ýadymda, kirpikleň - guşlaň ganaty, Ýylgyryşyň süýnüp giden ýyldyrym. Gözleriňden uçgun syçran halaty, Alawny öçürip bilmez ýyllaram. Emma aramyza düşdi sowuklyk, Indi ol günleri dolap bilmerin. Biz söýginiň gapysyndan kowuldyk, Sen nirede, men nirede dilb... |
KOFE BAŞYNDA
Bir käsejik kofe ýasap ber dostum, Deregne ýüregmi bereýin saňa. Kofäň deý ajymtyk söhbet etsek-de Bize ýeterlik bor ýetmäge daňa. Gijäň reňki örtmez ýürek syrmyzy, Derdimizi üfläp köreder ýeller. Gapjyk deý gursagyň içinde gizlän Ýüregňi her kime açasyň gelmez. Gel, söhbet edeli, belki şol pursat Bizi tämiz arzuwmyza gaýtarar. Bu pursady duýmak üçin ikilenç Ömür bize beriläý... |
SÖÝGIŇ YSY
Günler yşkyň soňsuz galpyldysyny Kalba saldymy ýa, salmadymy ýa?! Duýaňda sözlerden söýgiň ysyny, Göwnüň aldymy ýa, almadymy ýa?! Ýürek syryn gözleň asla ýaşyrmaz, Şol gözlerdi bendi eden başyndan, Her gezek ýatlaňda gözýaşlaryňdan Didäň doldumy ýa, dolmadymy ýa?! Goýup bilmän yşky gökde, ýerde-de, Saldym ony gursaga o:t berse-de. Nätjek, seni ýürek söýdi. Sende-de Şeýle boldumy ýa, b... |
GÜNDELIKDÄKI ÝAZGYLARDAN
(Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri) Bir gün redaksiýa jaň geldi. Telefonuň trubkasyny Atamyrat Atabaýew göterdi. Aňyrdan näme diýilýändigi eşidilmese-de, bir mugallymyň jaň edýändigi bildirip durdy. Atamyrat aga: — Ýok-ýok, mugallym, «Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin» diýýän goşgusyny Magtymgulynyň hiç bir kitabyndan tapyp bilmersiňiz. Ol goşgy Magtymgulud... |
GÜL PAÝLASAŇ...
Gün şöhlesi daman eginlerine, Belent ruhy - Arşa uzan jaýlary. Gülleň çüwdürim deý çogan ýerine Geler guşlar şapak ýanan çaglary. Seýilgähler göýä yşkyň suraty, Görünip dur onda ýüregi gülleň. Gursagy söýgüden dyňzan halaty Aşygyň ol ýerden gidesi gelmez. Kölegesi barha semrän agaçlaň Depesine degip otyr gök asman. Bägülleň boýuna ýetmez garyşlaň, Bolanok olary bagryňa basman. ... |
TÄZE ÝYL ARZUWY
Arzuwlaryň ýyldyz edip seç göge, Umyt ýüregiňde ýarsyn şinesin. Asmanda dogan Gün, gel-de, geç töre, Saýrak guşlaň, goý, ýüregi giňesin. Günler şatlygmyza bolsun sebäpkär, Her ojaga ýylgyrjaklap bagt dolsun. Göwnüň göge galmagyna sebäp kän, Bir-birege mähir, söýgi nagt bolsun. Boýumyzy deňläp bagtyň boýuna, Ak ýollara alyp gitsin ädimler. …Gursagyna ýyldyz bary goýulan Arçalar — ... |
BAGLYLYK
![]() Owunjak zatlara edemok kine, Sähel zada welin şeýle begenýän. Daglary sarsdyrýan begenjim bilen, Ýüregimiň agyrsyny aýyrýan. Şükür, özgelerden bolmadym müňkür, Ilim-günüm bilen ýylyndym gaýta, Özgeler hakdaky aladalarmy, Şu gün etjek boldum, goýmadym ertä. Deň ýörejek ... |
GIJÄŇ GÖZLERINDÄKI ŞÄHER
![]() Gözlerine ýyldyz gaçan gijeleň Süýt dökülen ýaly köçelerine. Göze görnen gyz deý gözel ho:l Aýam, Şöhlesini ýere seçelär, ine. Şeýle bir süýt reňke boýalar asman, Eliň aýasyna gonar ak şäher. Gökdäki bulut deý tämiz ak öýler, Göge göteriljek üfleseň sähel. ... |
ÝAŞYL REŇKLI ÝAZYM
![]() Owsunşyňa ýeller düşünebilmez, Pasyrdyňa meňzäp uçar guşlaram. Sen barkaň, gök buldun düşenebilmez, Aý-ýyldyzlar gujagyňdan düşmezem. Ýaýlalara ýaşyl reňkiň ýokupdyr, Görküňden gül-gunça syçrar düzlere. Mydam nazarlarmyz saňa bakyp dur, Gözelligiň damyp dursun gözler... |
AÝAZBABALY GÜNLER
"Aýazbabaly“ gürrüňler hemişe-de gulaga ýakymly eşidilýär. Arkasy sowgat haltaly, eli hasaly hakyky Aýazbabany heniz "gördüm“ diýen tapylmasa-da, onuň arassa ýüreginiň, päk niýetiniň bardygy weli her kime-de aýan bolsa gerek. Çagalaryň gürrüňlerine salgylansak, ol Ýer togalagynyň demirgazyk tarapynda — aýazyň iň güýçli syraýan ýerinde ýaşaýarmyş. "Aýazbaba“ diýlip, at goýulmasy hem, megerem, şonuň üçindir. Biz oňa, däp bolşy ýaly, her ýyl garaşmagy endik edi... |
TALYBYÑ ÝANDEPDERÇESINDEN
Meniň bir goşar sagadym bar. Adatça, ony wagty görkezýändigi üçin däl-de, wagtyň tiz geçýändigini görmek üçin göterýärin. Bir alymyň: «Meniň wagtymy almaň, ol meniňki däl, nesilleriňki» diýen setirleri ýadymda. Wagtyň mydama hereketdedigini goşarymdaky sagadym hem aýdyp dur. Dyngysyz hereket diňe sagada däl, adama mahsus. Bir ýerde hereketsiz durmagyň adam üçin uly ýitgidigi düşnükli zatdyr. Wagt däl-de, ömür tiz geçýär. * * * ... |
DEÑIZ
Çaýkanýar suw dünýäň goşawujynda, Deňiz bulutlaryň düýşüne girýär. Asman ýüregini gowzadyp bilmän, Ýagýar ýere baka, ýagýar ol irmän. Damjalar ýene-de öwrülýär bulda, Artýar deňizleriň ýene bir ýaşy. ... Deňiz — dünýäň gözlerinde birigen, Akyp bilmän, doňup galan gözýaşy. 2017 ýyl. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. |
GÜNDELIKDÄKI ÝAZGYLARDAN
(Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri) Bir gezek iş otagynda otyrkak, okyjylaryň biri gapydan girdi-de, Myratgeldi Berdiýewe ýüzlendi: — Agam, bu günler gazetde görneňok-la... — Aý, inim, biraz semräpdirin. Gazete sygamok indi... * * * Talyp ýaşlaryň biri: — Menem iller ýaly bir ylmy iş ýazjak bolýan welin, görüp otursam, ähli z... |
GÜÝZDE ÝAZYLAN GOŞGY
![]() Gargalaram gagyldaşyp goýanok, Gybat edip, urýar olar söhbeti. Bir-birine göwni ýetenok, asyl, Beýle-de bir etmek bolarmy gepi?! Olar halanybam barlanok kän bir, Görse, çagalaram daşlap ýör, ine. Olañ bolsa öz-özünden keýpi kök, Düşen ýaly bagtyñ wysal deñzine. ...Seret, çekilen deý owadan görnüş, Didelerim bakyp-baky... |
HATLAR
Seni maňa ýatladyp dur hemişe, Seniň maňa ýazyp giden hatlaryň. Okap, ýüregimi ezip oturýan, Sypalap, sermeläp onuň gatlaryn, Her sözünden tapyp soňsuz şatlygym. Ýüregime basyp, mynçgalap haty, Berýär az-kem bu göwnüme teselli, Eşdip ýörmesemem seniň sesiňni, Olar seniň sesiň gaýtalap berýär, Ot alan ýüregmi ýelpeläp berýär. Soňky pursat, şol göwnümi gandyrjak, Ellerimden tutup meni galdyrjak. ... |