Результаты 1-20 из 212 по запросу Gurbandurdy Orazow

MÄHRIBAN ENE

Özi üçin däl, meniň üçin,
Hakdan dilegi köp eden.
Howsalasy bilen maňa,
Gelýän dertleri dep eden,
Hemişe hem hemme ýerde
Keşbime suwsan enemdiň.

Ýüregi dert, gözleri dört,
Ýollaryma bakyp galan.
Gaýgydan, gamdan, görgüden
Daňa golaý ýatyp galan,
Janserek-perwaz enemdiň.

Göteren, guwanan, eklän,
Yrym edip, ...
Täzelikler » Goşgular - 11.04.2023

“DÜNÝÄM SAŇA NÄME BOLDY?”

Törüňe düşdümi talaň,
Dünýäm saňa näme boldy?
Kerwenden üzülip galan,
Düýäm saňa näme boldy?

Dabany derde daglanan,
Depesi gökde garlanan,
Harlar içinde harlanan,
Haýam saňa näme boldy?

Bagryny owmaç deý owan,
Jigeri çeşminden çowan,
Saňa näme boldy, dogan,
Uýam saňa näme boldy?

Duýgularym alasarmyk,
Gamly başy ala garly,
Saňa näme boldy, dagy...
Täzelikler » Goşgular - 05.01.2022

GIDERIN... GIDEÝIN... GITDIM... GITMESENE... GITMERIN... GIT...

Giderin men mundan indi eglenmen,
Unutmagyn ýatlamalaň ýardygyn.
Ak säherde seni söýen oglan men,
Kim bilýär täleýde nämäň bardygyn.

Goýunlar mäleýär köne saraýda,
Erte men olary sürmerin örä.
Bolmaz maňa şepagat-da, haraý-da,
Gitmek maňa hyjuw berýärkä örän.

Belki, meň täleýim bolmaz göwnejaý,
Bulutlaň kerweni alysa göçýär.
Messan basyp b...
Täzelikler » Goşgular - 22.05.2021

ÇYMDA BITEN BENEWŞE

Hakykatdan-da ol çymda – sähranyň gyrtyçly, sonar ýaýlasynda biten benewşä – elwan reň lälä çalym edýärdi. Ol türkmen teatr sungatynyň ömür-ömür reňki solmajak benewşesidi. Gör, näçe göwünler şol gülüň nuranalygyna bendi bolandyr. Gör, näçe dideler şol gülüň didaryndan mährini gandyrandyr. Teatr benewşeleriniň nurly, Taňrynyň münewweri siňip, röwşenlenen şol benewşä bendiwanlyk, gözügidijilik bilen bakandyr.
Ol daglarda biten gök öwsüp oturan arça ýalydy. ...

HIJRAN-HALKASY

1.

Saňa aýdasym gelýä…
Şelpesin ýel öpen tuduň astynda.
Aýly gijelerde ýalňyz galýanym.
Näme hakda oýlanýanym aslynda.

Saňa aýdasym gelýä…
Syrly gijelerde uky bermedik
Duýgularmyň terdigini, päkdigin
Biýaradan jyklap ýatan terne deý.

Gözbaşyny görejinden getirýän. ...
Täzelikler » Poemalar - 23.11.2020

NÄMÄ DEGMEÝÄR

Ýaýnanyň nämä degmeýär?!

Bir gyzyň aýdymda adyň
Agzany nämä degmeýär?!

Ýaýlada çykyp belende,
Mukam ýaly ak alaňda
Agnanyň nämä degmeýär?!

Öz ilim, öz ýurdum diýip,
Kyn takdyry merdiň diýip,
Ne eşitdim, ne gördüm diýip,
Aglanyň nämä degmeýär?!

Gurbandurdy ORAZOW.

Täzelikler » Goşgular - 18.08.2020

BOLAR

Yrym-yrym, ýom-ýom,
Ylym-ylym, tom-tom.
Oka, şöhrat-şan bolar.

Il-günüňe ejir bolma,
Ýaşa hakyňa jür bol-da
Abraýyň kän bolar.

Ýeňilmez hiç pursatda,
Köňülde hem gursakda,
Iliň pendi bar bolan.

Dirileriň umydy bar,
Görsün gözleň umydygär,
Ýollar merdiwan bolar.

Goý, ynjasyn gijeler,
Arma, güýjüň tije sen,
Göller endigan bolar.

Çyn gül bolup gül...
Täzelikler » Goşgular - 07.08.2020

GUTARAR

Meň arkamda Garagum dur,
Ol meni sizden gutarar.
Ýüregi ot, garagy nur,
Ol ýaman sözden gutarar.

Hakykat ol, däldir salgym,
Ony ýolda bildim-galdym.
Daň atyp, galkanda al Gün
Asmanda közler gutarar.

Söýdüm onuň ter güllerin,
Kaklarny – ter tegmillerin,
Türkmençe bilýän ýellerin,
Waspyna sözler gutarar.

Ruh ol ýalňyz halatyň,
Onuň agysyn agladym,
Men onuň gamgyn...
Täzelikler » Goşgular - 07.08.2020

BIR GÜN

Bir gün çyn dostum geler-de,
Emaý bilen gapym açar.
Ruhum galar belende,
Gözümden damjalar gaçar.

Gam-gussa zym-zyýat bolar,
Giren ýaly buluda Gün.
Şonda bigäneleň eden
Minnetini unudaryn.

Şat ýaşlygym düşer ýada
Hoş günler yza dolanar.
Bil bagtsyz däldir dünýäde,
Birje çyn dosty bolanam.

Gurbandurdy ORAZOW
Täzelikler » Goşgular - 02.08.2020

GOŞGULAR

1

Sähranyň gutaryp, şoruň başlanýan
Ýerinde gögeren ýalňyz toraňňy,

Gözleri eýjejik, peri eýjejik
Gök lorsuň öňünde duran serçejik,

Doldurlyp, gulagy gaýtarlyp goýlan
Goşanyň öňünde duran towşanjyk,

Öňi çuň uçurym, yzy kert gaýa
Çölden gaýdyp, daga düşen ak maýa,

Ummanda gämiden suwa oklanan
Kiçijek güjüjek

Maňa meňzeýär.

2

Diňe azap üçi...
Täzelikler » Goşgular - 31.07.2020

KESMÄŇ MENIŇ GOŞGULARMY

Kesmäň meniň goşgularmy,
Kesmäň, almaň badyny.
Sizden uly towakga.
Olar – gözi bakylyk
Söýen gyzlarym hakda.

Olar meniň ilki söýgim,
Gamgyn söýgim paşmadyk,
Men özgäniň sözi bilen
Ýüregimi açmadym.

Kesmäň meniň goşgularmy,
Pyşyrdaşyp, kikirdeşip.
(Öz sözüň näçe az bolsa,
Şonça kän bor pikirdeşiň).

Ýoýmaň durkun bölüp-biçip,
Bilýän size edere iş kä...

Täzelikler » Goşgular - 29.07.2020

AÝBYM ÝOK

Men bir göni gelen jeren,
Gözümden başga aýbym ýok.
Ile aýdyp bilmän ýören
Sözümden başga aýbym ýok.

Üstüne zat goýulmadyk,
Kül boluban sowrulmadyk,
Köräp oda öwrülmedik,
Közümden başga aýbym ýok.

Akar suwda sep bolarmy?
Warsakydan gep bolarmy?
Ajaýyp zat köp bolarmy?
Azymdan başga aýbym ýok.

Içim hümletdim, il eşitdi,
Syrymy pişme dek seçdi,
Ömrüm-ýagmyr ýaşyn saçdy...

Täzelikler » Goşgular - 29.07.2020

AK SÖZEN

Halypa pedagog Hojamguly Rejebowa.

Sypaýar tellerňi sähra şemaly,
Ak sözenim, päk sözenim, täk sözen!
Alyslardan ülpüldeýän şem ýaly,
Ak sözenim, päk sözenim, täk sözen!

Ýeller saňa derdin diýer syr etmez,
Gije ýyldyz seni ýekesiretmez,
Barybir ýalňyzlyk ýarasy bitmez,
Ak sözenim, päk sözenim, täk sözen!

Sähra asman, sen bir guş göge galkan,
Sähra umman, sen bir onda ak ýelken,
...

Täzelikler » Goşgular - 21.07.2020

SÖÝMÄGE BAHANA ARAÑ!

Söýmäge bahana araň!
Bize ýaşaýyş dek söýmek derwaýys.
Adamlaryň göwnümize ýaraýşyn.
Gybatlara, duýgulara bermän üns.
Peslerdenem gowulyga garaşyň.

Ýagmyrlary ýeriň bagty hasaplaň,
Zeminiň gaýmagy saýyň dumany.
Gussasyn, şatlygyn gursaga gaplaň,
Söýüň hatda hasraty kän zamany.

Söýüň eneleri, nesillerini,
Ol nur çarýarlar, ýaşaýşa many.
Nesiller dünýäni özgerdip ýörler,
Enele...

Täzelikler » Goşgular - 10.07.2020

MENIÑ ÖMRÜM ...

Meniň ömrüm… ah, şeýledir ýogsam-da…
Görmedik bolarmy Aý dek dogsam-da…

Derwüşiňkidenem ýörgür aýaklam,
Baýnadardy Allaň alnyna eltip.
Etmedik etmişim üçin özgäniň
Sözünden ýürekde galmazdy bertik.

Gamyň kenarynda zar-zar aglaýyp,
Şor-şor gözýaşlarmy seçeläp ýörmän.
Arzuwyň tizligi bilen aýlanyp,
Arzyly kenarna düşerdim derýaň.

Ukysyz ellermiň bakylyk beren
Sözi ...

Täzelikler » Goşgular - 10.07.2020

MEN BIR ÇYNAR EKERIN

Men bir çynar ekerin
Türkmeniň boz topragyna.
Onuň baky ýapragyna
Ýellere tär edip bilmez.
Aýdymyna aglar asyr,
Gülküsine galkar heňňam.
Islese-de çendan-çendan
Ýel-ýagmyram asyl-asyl,
Ýyllaram tär edip bilmez.

Ýyldyz ýaly ýanar durar
Garagumuň aýasynda.
Il bagt hakda söhbet gurar
Onuň salkyn saýasynda.
Türkmenler dursa ol synmaz,
Hatda ony dürli dinler,
Dillerem ...

Täzelikler » Goşgular - 09.07.2020

ULY DÄL BIZIÑ MAŞGALA

Uly däl biziň maşgala:
Gam bulduna saýawanym,
Ýüregime çen ýoly geçen,
Garabagyr, gara gadyr,
Gaýgyçyl, gartaşan ejem.
Hem aladaçyl aýalym,
Oglum-ojagym, oraçam,
Gyzym – gulpagy melejäm.

Uly däl biziň maşgala
Ýene şulardan başga-da
Kamatyna berip timar,
Oturan bir Leýlisaç bar.

Gurbandurdy ORAZOW.

Täzelikler » Goşgular - 01.07.2020

SOÑ DÜŞÜNÝÄS KÄMIL AGALARMYZA

Soň düşünýäs kämil agalarmyza,
Görgüsine atalaň.
Soň düşünýäs kän ir agaranmyza,
Çözgüdine matallaň.

Soň düşünýäs enelere, ýazlara,
Dostlarmyza, aýdymlarna olaryň.
Ejap edip ýere bakan gyzlara
Haýyp soň başlarna gurban bolanyň.

Soň düşünýäs ýodalaryň salgyna,
Çeşmiňden gözýaş däl, ahmyr damanda.
Diýýäs soň düşünip sadaň kalbyna:
“Biz guraly, biz bir çig süýt emen-dä...

Täzelikler » Goşgular - 22.06.2020

KITAPLARYM, MENIÑ EZIZ HEMRALAM...

Kitaplarym, meniň eziz hemralam,
Siz meniň döwülen göwnüme seýik.
Kitap okap görmedikler geň galar,
“Şulaň baryn okap çykdyňmy?” diýip.

Kim ýeňletjek bolsa adamzat derdin,
Didesin boýandyr gözýaşlara.
Isanyň çüýlenen hajyny gördüm.
Bakdym Muhammede zyňlan daşlara.

Boldum derwüş, ahy, weli hem alym,
Çykdym giň dünýäň dar çygyrlaryndan.
Gördüm gül jemalyn ýa Züljelaly...

Täzelikler » Goşgular - 19.06.2020

GÖWNÜM, GALMA GAMLAR BILEN...

Göwnüm, galma gamlar bilen,
Köne dostlara gideli.
Gerimli gadamlar bilen,
Köne dostlara gideli.

Derdiň hemmä diýip bolmaz,
Syryň gaýra ýaýyp bolmaz,
Haçan barsaň aýyp bolmaz,
Köne dostlara gideli.

Bu gowlukdan nyşandyr,
Dost sözi köňül çün şandyr,
Bilýän bize garaşýandyr,
Köne dostlara gideli.

Şerap şer arap içilmez,
Göwnüň galar gül içinde,
Iň bolmand...

Täzelikler » Goşgular - 19.06.2020

Gurbandurdy ORAZOW. G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty makalar ýygyndysy" kitabyndan 4 nji makala. (AŞGABAT 2014 ý.)
Täzelikler » - 2019-11-15 05:02:44

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2019-11-22 09:42:25

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2019-11-21 17:50:12

Leglekler uçup barýarmyşlar… Gurbandurdy ORAZOW. # G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty makalalar ýygyndysy" kitabyndan 3 nji makala. (AŞGABAT 2014 ý.)
Täzelikler » - 2019-11-14 23:06:30

Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 11 nji goşgy
Täzelikler » - 2019-12-14 06:51:33

...ýuwaş süýşüp barýardylar, süýşüp barýardylar… Gurbandurdy ORAZOW G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty" kitabyndan. (AŞGABAT 2014 ý.)
Täzelikler » - 2019-11-14 05:51:47

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2019-11-14 17:23:39

...seni taparyn Tapmajagma göz ýetirip… Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2024-04-10 12:37:53

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2020-03-13 12:04:37

Gurbandurdy ORAZOW. # 9 njy makala.
Täzelikler » - 2020-11-29 15:35:44

Gurbandurdy ORAZOW ✔ Sen öýden çykmasaň Nätjek dä, syryňy açmaly bolýar, Ynan, şäher itleriniň beti kän. Onsoň ýüzin salyp gaçmaly bolýar, Ýüzne ...
Täzelikler » - 2018-06-18 05:29:01

Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 7 nji goşgy.
Täzelikler » - 2019-12-13 15:21:08

Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 5 nji goşgy.
Täzelikler » - 2019-12-13 05:44:53

Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 4 nji goşgy.
Täzelikler » - 2019-12-13 04:52:52

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2020-08-17 23:44:38

Gurbandurdy ORAZOW
Täzelikler » - 2024-04-11 00:28:54

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2020-03-13 11:57:44

Gurbandurdy ORAZOW
Täzelikler » - 2020-03-18 10:29:59

Gurbandurdy ORAZOW.
Täzelikler » - 2020-03-22 16:11:42

Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 9 nji goşgy
Täzelikler » - 2019-12-14 06:19:12


1 2 3 ... 10 11 »