Результаты 1-20 из 182 по запросу Gurbangylyç Hydyrow
IÝJEK DÄL, IÝJEK DÄL!
![]() Soýuz döwründe, gaçgagrak diýmeseñ, gurbanlyk edilerdi. Ýöne aýat-töwir, dileg etmäge din ugurdan sowatly, namazly, täretli, arymsy adamlar podpolýedediler, gizlinlikdedi. Goñşy obamyzda elipbiýden şermende, binamazyñ biri aýat-töwir edip başlady. Nätjek-dä, garaz, biri "Allahy ekber" diýmeli-dä. Bir sapar gurbanlykda ýañky ýasama mollasumak erbet aşa... |
AÝGYTLY TUTLUŞYK
• Iň ýalta jandar Günlerde bir gün, meni, eşider bolsaňyz, klasdaşym, garagol Mämi hakyt oňardy-da. Baý, erbet ýagdaýa düşdüm-ä. Asyl keýpime sogan dogrady oturyberdi. Dynç alyş güni süýji ukynyň keýpini görüp, oýanyp, meýmräp, gabaklarymy badam ýaly pökgerdip ýatyrdym. — Heý, Aga uzyn, seret, «Pioner» žurnalynda sen hakynda oňat bir makala bar. Okasaň, janyň gönenäýer. Me, ynha şu ýerini okap gör — diýip, mekdebimiziň boksda çempiony Mämi... |
MEÑ ÝERIMDE BOLUP GÖRÜŇ
![]() Uprawlýaýuşimiziň iş bitiresi gelmedik wagty mydama bir aýdýan sözi bar: «Meň ýerimde bolup görüň! Päheý-de welinim, heý, ondanam bir gep boldumy diýsene. Sprawka almaga bararsyňam weli, «men ýeke, siz köp» diýip, başyndan gum sowrup oturandyr. «Ertir geliň». Ine, bu-da onuň agzynyň endik eden, diliniň ram eden sözüdir. «Limiti iýip gutardyk», «Smetada göz... |
ÝÜZÜŇDEN ÝEŇSÄŇ OWADAN
![]() Arada bir waka boldy. Oňa waka däl-de, hadysa diýsek has dogry boljak. Özem howply hadysa. Men gahrymanyň adyny üýtgedip aýdýan, sagatda 70 kilometrden süýnüp barýan uzyndan-uzyn ýolagçy otlusyna birden tormoz berilse nädersiň, ýa haýyr, ýa şer. Aram bolmajagy-ha özüňize belli zat. Iki şäheriň aralygynda, dogrudanam, şeýle hadysa boldy. 928-nji Daşkent — Kr... |
JEJISLIK
![]() Gülşirin daýzanyň ogly Şöhrat alty ýaşyndady. Ýyl çalyşsa ol ýedä gadam basmalydy. Ol heniz geplänokdy. Hossarlary armanlydy. Hesret çekýärdiler. — Wah, balam täze ýyl sen mekdebe okuwa barmaly. Arman, diliň ýok-da. Çärjewde geplemeýän çagalaryň okuwy barmyş diýip eşidýän. Oňa-da seni iberip bilemok-da, ýüregim üzülip barýar. Men hökman dälirärin — diýip, Gülşirin... |
KEJIRIŇ KÖMÜR ALŞY
![]() Duldegşir täze goňşymyz Ataly bir töwra, kejeňek, täsin adam. Oňa, eger-eger, ýaranjak, gep düşündirjek gümanyň ýok. Bir söz az, iki gep kän, jümle ýarym hem oňa ýananok. Iň bärkisi Atala «Salam» diýseň, onuň ýeňse damary gatap, wiolonçeliň kirşine dönüp, bolmajysy bolup, hakyt burnunyň üsti derläp, yrsarap başlaýar. Ol ýakaňdan ebşirläp tutup, şeýle diýýär: ... |
TAÝAKSYZ ÇOPAN
— Üçünji mikrofony işlediň — diýip, Merdan aga operatora ýüzlendi. — Meselem, siz, gojalan çopan, taýaga söýenmeli bolýansyňyz-a? — diýip, müsürli çopan Muhammet al Kaýsy sorady. Gojamyz säginmän ilki iňlisçe, soňra-da arap dilinde bada-bat jogap berdi. Zal gürrüldili el çarpyşmalardan ýaňa sarsyp gitdi. Gojanyň jogaby şeýledi. Ol: — Taýaga söýenip mal bakylmaly bolnan ýerde çopançylyk gutarýar — diýdi. «Berekella, goýnuň piri!», «Ýaşa, goýnuň şasy» diýe... |
GELJEKKI «GARAKÇYLAR»
![]() Gije sagat ikiden işläninde men paýtagtymyzyň Ýomakçylar köşgünden çykyp ugradym. Keýpim diýseň kökdi. Sepeläp duran akja gar elektrik çyralarynyň daşynda perwana ýaly pyrlanýardy. Bu gar köpsanly şäherlileriň hatlary esasynda zakaz bilen ýörite ýagdyrylýardy. Çünki Täze ýyl gijesini garsyz geçirmek birhili gelşiksiz ýaly duýulýardy. ― Öz buýran garyň... |
TAÝAKSYZ ÇOPAN
— Şol walidolyňdan maňa-da bereweri, kakasy — diýip, reňki ak-tam bolan Bahargül eje çalaja pyşyrdady. Dermanly çüýşe bir salym elden-ele geçdi. Myhman bu zatlara düşünenokdy. Gaýtam ol bular aýnap, pason atýandyr öýdýärdi. — Aýt, otüki guda, çüýşäňdäki nas bolsa menem bir ataýynla? Mary nasymy ýa Ketdegorgan nasymy, dilçimi? — diýip, myhman pyşdylyň boýny ýaly gataňsy barmakly elini uzatdy. Öý eýelerine sowuk der indi. Myhman sözüni dowam etdirdi: — Sak... |
TAÝAKSYZ ÇOPAN
Ençeme satiriki eserleriň awtory Gurbangylyç Hydyrowyň şu kitabynda hem durmuşda duş gelýän ýaramaz gylykly adamlar berk tankyt edilýär. Durmuşda duş gelýän býurokratlaryň, göripleriň, bäş şaýy gazanç üçin ýüzüniň perdesini syran harsy-dünýäleriň üstünden gülünýär. Umuman, awtor durgunlyk ýyllaryň nogsanlyklarynyň dürli ýüze çykmalarynyň üstünden gülýär. • Gysga sözsoňa berimsiz uzyn sözbaşy «T... |
ATABAL PORHAN
![]() Günleriň birinde Weeňňam diýen obadan bir çakylykçy geldi. «Başlygymyzyň ogly bir ýyl bäri ýelirgäp ýör. Raýon, oba doktorlarymyz-a «biz oňaramzok» diýip boýun aldylar. Musulmançylyk ýolundanam bagtyňyzy synap görüň diýip aýtdylar. Porhana okatdyraýyň diýdiler. «Sizi demi düşgür porhanmyş diýip eşidip geldik. Başlygymyz aklygyňyzy ýagşyja ýetirmekçi. Häzir münüň maş... |
GALAGOPLY MYHMAN
Şenbe günidi. Durdy şofýor öýüniň öňünde, maşynyň ýanynda güýmenip ýördi. Raýon merkezinde Durdy atly köpdi. Hersiniň öz lakamy bardy. Şol wagtda köçeden sakgally-sarmykly, donly, telpekli, gözi gara äýnekli, daýaw ýaşuly bilen bürençekli ýaş aýal geçip barýardy. Durdy bular bilen salamlaşdy. Ýaňky ýaşuly: — Inim, şu etraplarda Durdy şopur diýilýän biri bolmalymyş. Han ogul, şonuň öýün-ä bilýän dälsiň-dä? — diýip sorady. Durdy eliniň aýasyny köne esgi bilen s... |
MÖJEK ÝODASY BILEN
— Atabal aga, keýpiňi sazla, zaryň-zaryň etsin dursun! Şaýoly bilen Çuňňuloýa gidýäs. Kaska ýol bilenem gije gaýdýas — diýip, Gürgen niýetini beýan etdi. «Niwa» Çuňňuloý obasyna tarap süýnüp, howany kesip ugrady. Olar baran ýerlerinde tirýegi ezip içdiler, sim gyzdyryp çekdiler, talhan edip, agyzlaryna atdylar. Gije sagat on iki. «Niwanyň» «ýüki» ýetdi. «Ýekuduni keýda, agdarybilseň peýda!» — Ýaşuly, indi bize şaýol hezil bermez. Hudaý ýol ber... |
SAÇLY GALANDAR
Aşgabatdan oblast merkezine uçdum. Ýekşenbe günidi. Bazar gyzyp, söwda-satyk işleri jeýhun bolup joş urýardy. Bakgallaryň hataryna aýlanyp ýörün... — Saçly galandar peýda bolupdyr. Onuň ýürekden aýdýan zaryn gazallaryny diňläp görmeli — diýip, sogan satyp oturan sary telpekli ýaşuly ýanyndaka ýüzlendi. — Pyýazymy satyp bolsam men-ä diňlejek — diýdi. — Öz-ä kör weli, gara äýnegem dakynypdyr biçäre — diýip, burç satyp oturan aýal gürrüňe goşuldy. — Owazy ý... |
KÖR KÖRI GARAÑKYDA-DA TANAR
![]() Gümmezli diýen obada Gürgen palaspuruş diýen peýdakeş bir adam bardy. Ol Ahal sebitlerinden nah halylary arzan alyp, ýüň diýip, gözboýagçylyk bilen Hywa etraplaryndaky gurply adamlara bäş esse bahadan ýelmärdi. Gürgen palaspuruş ilatyň gözüne çöp atmaga juda ökdedi. Onuň ilden üýtgeşik jaýy bardy. Günlerde bir gün Gürgen palaspuruş ygyp ýören Atabal ag... |
ÝENJILEN
![]() Atabal aganyň işi şowuna bolmady. Onuň ikinji gezek öýlenmesi jemgyýetçiligi aýaga galdyrdy. Öňki baýry aýaly günüdeşiniň üstüne barypdyr. Atabal aga baýry aýalyny urupdyr. Şeýdibem ýaşuly «rysgalyny ikinji gezek çöpläp» geldi. Huligançylyk günä geçilmeli kararyna-da dogry gelmeýän ekeni. Doly oturyp geldi. Tussaglykdan gelensoň gojany iki aýalam kabul etmedi. «Behiştden... |
ATABAL AGANYÑ ÕÝLENIŞI
Golaýda men raýonda bir ýerde myhmançylykda boldum. Şol öýe seleň telpekli, gyýma balakly, daýaw bir çarwa adamam söwda-satyk üçin gelen ekeni. Oňa Müsür aga diýdiler. Oturanlardan biri, Hangeldi diýen adam: — Ýaşuly, Atabal aga nädäýipdir? Azgynçylyga baş goşupdyr-la ol — diýdi. Ýaňky ýaşuly sowal beren adamyň al-petinden aldy. Biz-ä bu myhman däli eken-ow diýip gorkup başladyk. Ojar közünde goýlan gara kündük ýaly lakyrdap gaýnaberdi ol gaýta. ... |
TÄLEÝ GABAT GELENDE
Atabal aga em-ýom etmekde adykdy. Ol indi palçylygy, tebipçiligi, porhançylygy hem ele almakçy boldy. Ol ilki bilen dişi agyrýana doga satyp başlady. Bölejik kagyza bäş-on sany tegelek çyzýar. Hersiniň içine arap harpyndan birini ýazýar-da: — Şu dogany diwardan asyp, her gün şu tegelekleriň içine täze iňňeden birini dürtüber — diýýär. Bir hepde-on gün geçýär. Dişiň agyrmasy galýar. Käte üç günden, käte bäş günden tapba kesilýär duruberýär. Doganyň bahasy belli — ... |
MILISIÝADA SAKLANAN GELNALYJY
— Kakam-a birtöwra adamdyr. Öýümizde-de sähne, saňsar gytlyk eder ýaly däl. Jenaýatdan gaçyp däliräp ýörenlerem bar. Hersem gurply-gurply ketdeleriň läligi. Kakam meni şolaryň birine hökman satar. Berk durmaly borus, Ahmet — diýip Gülragna Ýagdynyň ogluny habardar etdi. — Kakaň şunça gezek barsagam sözümizi almad-a. Niçesar ýalbarmaly borus? — Ahmet naýynjar gürledi. — Ahmet, saňa müzzermek gelşenok, gaçaly. Kim näme diýse şony diýsin, gaç... |
JADYLY KITAP
Atabal aganyň illerden köneçe kitap ýygnamak edähedi bar. Arap hatynda ýazylan kitaplar halkyň medeni baýlygy ahyry. Olary Özbegistana eltip satýar. Şonuň üçinem kitap toplap ýör. Diläp alýar. Käsine bäş-on manat bereýin diýip aldaýar. Eger dini kitap saklasaň, hökümet seni ýygnar diýip gorkuzaýmasy-da bar. Köplenç görkezmän horjunyna ataýýar. Molla bolmasaň dini kitap saklamak külli günä diýýär. Käsini amanat diýip alýar-da, soň ýitirdim edäýýär. Ýa-da «biri alyp getir... |