Результаты 1-20 из 46 по запросу Gurbanjemal Ylýasowa

YHLASY BILEN YKRAR EDILEN

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dürli ýerlerinde ylmy saparlarda bolmagymyz biziň dürli kärdäki, dürli ýaşlardaky söze, saza, gymmatly halk hazynasyna sarpa goýýan ajaýyp adamlar bilen duşuşmagymyza sebäp bolýar. Olaryň arasynda alymlaryň zähmetine çäksiz hormat goýýanlary kän gabat gelýär. Şeýlelikde, halkyň wekilleri bilen alymlaryň arasynda...

KEÝMIR SERDAR BARADAKY GYMMATLY MAGLUMATLAR

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baý hazynasynda işledigiňçe işlemek höwesi döreýär. Bu hazynada saklanylýan bukjalarda geçen asyrlaryň wakalary, mähriban türkmen halkymyzyň şanly-şöhratly taryhy başdan geçirmeleri, özbaşdaklyk, bitaraplyk baradaky arzuwlary hakynda gymmatly maglumatlar bar. Olarda halkymyzyň ýaşaýyş durmuşy, ýerine ýetiren däp-dessurlary, adata öwrülen ahlak ýörelgeleri, uýan yry...

DILEG TÜÝTÄTINLERI

Her bir milletiň hut özüne degişli tükeniksiz maddy hem ruhy hazynasy, gymmatly baýlygy bar. Elbetde, ol baýlyk käbir halka has köp, käbirine bolsa ujypsyz mukdarda bagyş edilipdir. Maddy we ruhy baýlyklar babatda türkmen halky bagty getiren halk. Ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň uzak taryhy asyrlarda yhlas siňdirip, sünnäläp döreden maddy baýlyklary bu günki günde dünýä halklaryny haýrana goýýan gymmatlyklardyr. Gamyşgulak ahal-teke bedewleri diýjekmi, asyr...

TÜRKMEN TERJIMEÇILIK MEKDEBI: ILKINJILER HAKYNDA

Ilkinji zähmet ýoluna terjimeçilikden, şol bir wagtyň özünde hem mugallymçylykdan başlap, tanymal alym bolup ýetişen Baýmuhammet Garryýew 1914- nji ýylda Ahal welaýatynyň Aşgabat (häzirki Ruhabat) etrabynyň Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Onuň kakasy Ataly aga aýaly Hüýrjemal bilen öz ýaşaýan jaýlarynda obadaky ilkinji mekdebi açyp, çagalary okadypdyr. Atalynyň mekdebinde okap başlanlaryň biri hem onuň öz ogly Baýmuham...


EDEBI MIRASYÑ MUŞDAGY

Ýaňy-ýakynda gazet sahypasynda hormatly alym, akademik B.A.Garryýewiň Türkmenistanyň Magtymguly baýragyna hödürlenenligini habar berýän informasiýany okap begenjimiň çägi bolmady. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Ýogsam ylym meýdanyndaky ägirtleriň biri Garryýew bu baýraga birwagtlar mynasypdy. Çünki onuň ähli manyly ýaşalan ömri öz halkynyň milli mirasyny öwrenmeklige bagyşlandy. Ol özüniň ýiti zehini, gujur-gaýraty, irmezek-armazaklygy bilen türkmeni dünýä ýüz...

AKADEMIK BAÝMUHAMMET GARRYÝEW GÖRNÜKLI MAGTYMGULYŞYNAS

Özüniň altmyş ýedi ýaşynyň tutuş elli iki ýylyny  türkmen ylmyny ösdürmeklige,  dünýä ýaýmaklyga bagyşlan akademik Baýmuhammet Garryýewiň  ylmy döredijiligi bilen tanşylanda, onuň iň ilkinji Magtymgulyny öwrenjileriň biridigine göz ýetirmek bolýar. Ol özüniň ilkinji ylmy işleriniň köpüsini Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmeklige bagyşlady. Onda- da nä öwrenmek, alym onuň umman  kimin döredijiligini  düýpli öwrenip, e...

ALYMA AMAL ÝARAŞAR

Hudaýa şükür, türkmeniň ata-baba ýurdy Garaşsyz bolaly bäri geçmiş taryhymyza, dini edebiýatymyza, folklor mirasymyzyň ähli görnüşlerine arkaýyn ýüzlenip bilýäris. Olary öwrenýäris, many-maňzyny susup almaga çalyşýarys. Görüp otursak, uzak ýyllaryň dowamynda çetleşdirilip gelnen geçmişimiz, dini eserlerimiz durşy bilen edep hazynasy eken.Ol eserlerde durmuşuň ähli babatlary barada söhbet açylýar.
Garaşsyzlyk döwründe çap edilen şeýle dini mazmunly dessanlar...

AKADEMIK B.GARRYÝEWIÑ EPOS-DESSANLARY ÖWRENMEKDE BITIREN HYZMATLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

 – Türkmenleriň dürli döwürlerde jemgyýetçilik syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar dessançy bagşylarymyzyň kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetipdir. Olaryň aýdymlary we sazlary halkymyza egsilmez güýç-gaýrat we synmaz erk beripdir(1.15s.).

Ata-babalarymyz özlerine paýhasly pederlerinden miras galan...

HALYPA HORMATY

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow beýik şahsyýetleriň ýadygärlik heýkellerini oturtmak baradaky Permana gol çekdi. Şonda men şol hormata mynasyp bolup biljek şahsyýetleriň arasynda özüniň manyly ömrüni türkmen ylmyny ösdürmäge bagyşlan akademik Baýmuhammet Garryýewiň heýkeliniň hem özüne mynasyp orny eýelese, örän ýerlikli boljakdygy hakda oýlandym.
Halypa barada oýlananymda, ýaşlygyndan mugallymçylyk kärine baş goşan, ençeme ynsanlary...

Akademik B.A.Garryýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna

GUÝMAGURSAK ALYM

TSSR YA-nyň hakyky çleni, filologiýa ylymlarynyň doktory, TSSR-iň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, professor B.A.Garryýew hakynda oýlananyňda guýmagursak, dogabitdi zehin diýen köne türkmen sözüni ýatlanyňy duýman galýarsyň. Çünki ylmyň ähli ugurlaryndan baş çykarýan, giň gözetimli, tutuş bir ensiklopediýa ýaly alymyň hakyky «hakdan içen» diýilýänlerdendigini aňlatmaga söz ýetenok.
...

TEBIPÇILIK BILEN BAGLANŞYKLY YRYMLAR. EM-ÝOMLAR

Çyban çyksa, gyzyl sogan sylyp, «Şu sogan guraýança, çybanym gurasyn» diýip, köçä zyňmaly.

* * *
Gözüňe ittirsek çyksa, pul sürtüp, ýedi ýoluň üstüne taşlap, yzyňa seretmän gaýtmalymyş.

* * *
Adamynyň bir ýerinde siňňil bolsa, sogany ýenjip, duza garyp sürtmeli.

* * *
Siňňil bolanda, şol ýere hudaýatyny goýbermeli. Hudaýaty şol siňňili iýip gutarýar.

...


OTPARAZLYK DINI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR

Ýaş çaga aglap goýar ýerde goýmasa, ot ýakyp, oduň közüniň üstüne duz sepip, pat edip patylansoň, çagany oduň üstün¬den eýläk-beýläk bökdürmeli.

* * *
Uly adamlar kesellänlerinde hem käbir ýerlerde otdan bökdürýärler ýa-da oduň daşyndan aýlaýarlar.

* * *
Oda tüýkürseň, diliňe ýara çykarmyş ýa-da köp basyrganarsyň.

* * *
Ösüp oturan agajy otlamak günä.

* * *
Ege...

DÜRLI YNANÇLAR BILEN BAGLANYŞYKLY DÖRÄN YRYMLAR

Uzak ýola düşeniňde ýol dogasyny okasaň, ýoluň hemişe açyk bolarmyş.

* * *
Awçylar awa çykanlarynda, awlary oňar ýaly Awlamyş atany çagyryp, şikara gider ekenler.

* * *
Ojar ýygmaga çöle gidenlerinde Ak işanyň ýoluna bir zat aýdyp, işleriniň şowly bolmagyny arzuw edip, ýagşy niýetler bilen gitseler, işleri şowly bolar ekeni.

* * *
Gerçek goç ýigitler öz işleriniň şowly bolmag...

HAÝWANLAR, GUŞLAR HAKYNDAKY YRYMLAR

Hiç wagt ýatan ýylana degmeli dälmiş. Gowulyga garaşmaly däl. Ýoldaşy hökman ar alar. Ýylan ýatan adama degmezmiş. Uklap ýatan adamynyň üstünde köke ýaly tegelenip ýatyberýärmiş.

* * *
Durnanyň ýolbaşçysyny atsaň, ýoldaşlary azaşyp ýörermiş. Atan adam uly günä gazanar.

* * *
Horaz bosaga gelip gygyrsa, myhman gelermiş.

* * *
Goýny ýedi ýyllap urman, sökmän, käýinmän bakan çopan Hydyr gör...

DÜÝŞ ÝORGUTLARY

Hakyky oraşan düýş görmek üçin ilki bilen bütin süňňüň arassa bolmaly, täret kylyp, päkizelenip ýatmaly. Onsoň hem giç ýatyp, ir turmaly. Ir ýatyp, giç turmaklyk akyl üleşiginden galmakdyr, şol wagtda görlen düýşleriň hem barysy ýalandyr. Akyl daňdan paýlanarmyş, daňdan görlen düýş hakykata ýakyn bolarmyş, gowy düýş görseň, turmalymyş hem-de «Şu düýşi maňa bere¬weri!» diýip, Allatagaladan dileg etmelimiş. Adam ýaramaz düýş görse-de, gorkmaly däl, şükür edip, Allatag...

NOWRUZ YRYMLARY

Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş.

* * *
Nowruzda bişirlen semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semenin...

TEBIGAT HADYSALARY WE HOWA ÝAGDAÝLARY BILEN BAGLY YRYMLAR

Säher bilen itburun gülüni açmasa, şol gün örän yssy bolar.

* * *
Irden guşlar ýapragyň aşak ýüzünde gizlense, şol gün howanyň yssy boljakdygyny aňladýar.

* * *
Ýaplarda gurbagalar daň atýança uklamasa, ertesi howa ys¬sy bolar.

* * *
Täze dogan Aý demirgazykdan dogsa, tutuş aý salkyn, günortadan dogsa, tutuş aý yssy bolar.

* * *
Aý doganda sarymt...

ZÄHMET ENDIKLERI WE EKERANÇYLYK
BILEN BAGLY YRYMLAR

Çaga dogrup ýören aýal adamynyň on barmagynyň biri başgalar üçin işlemeli, kömek etmeli. On günden bir gün ile-gü¬ne hyzmat etmeli. Eger şony edip bilmeseň, haýrat (hudaý-ýoly – haýyr-sahawat) puly bermelimiş.

* * *
Köýnek biçip otyrkaň ýadasaň, galan mata bölejigini sag eliňe daňsaň, ýadawlygyň aýrylarmyş.

* * *
Tara dokan üstüňe ak sapak daksa, oňa yrym edilip, pul berilýär.
<...

ADAM BEDENI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR

Adamynyň bedeninden bölünip aýrylýan üç zady – saçy, dyrnagy, dişi adamlar basgylasa, onuň eýesi keselleýärmiş.

* * *
Burnuň içi gijese, toý habaryna gara¬şyber.

* * *
«Boýnuň gijese-de, toý bolýar» diýlip yrym edilýär.

* * *
Burnuň gapdaly gijese, daş ýerden habar gelýär.

* * *
Burnuň ujy gijese, myhmançylykda bo¬lar¬syň.

* * *
Gaşyň gijese, my...

EDEP-EKRAM BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR

Öňüňden garry adam gidip barýan bolsa, geçip gitmeli däl. «Men gyssanmaç, geçip gidäýeýin» diýip soramaly.

* * *
Ýaňy ýetişip gelýän gyz tikin - çatyn etse, ilki eden işini-tahýany we ş. m. suwa atmaly, ýetim-ýesire, garry, ýaşuly adamlara bermelimiş. Şonda şol maşgalanyň edýän işi rowaç bolarmyş. Hemme zada göz-gulak etdigi, iş etmäge janly, jansyz zatlardan rugsat aldygy bolarmyş.

* * *
Her neneň görip ...


1 2 3 »