Результаты 1-20 из 68 по запросу Gurbannazar EZIZOW

1841-nji ÝYL, LERMONTOW DUELIÑ ÖÑ ÝANYNDA

Sen nirde, Russiýa!
Tur, aýaga gal!
Ähli lellimligiň zynjyryny gyr.
Indi seniň hiç wagt dogmajak ogluň
Dur ajal okunyň öňünde häzir.

Üç däl,
Sekiz at goş çaman paýtunňa,
Bol çaltrak, howp astynda aşygyň.
Indi gel-gel, ölen ýüregi bilen
Aşyk söýmelimi garly Maşugyn.
...
Täzelikler » Goşgular - 27.07.2023

BÄŞIM NURALY

Söýýän Bäşim Nuralynyň işlerin..
Söýýän sadalygyn.
Ýönekeýligin.
Ine, sähra gyzlarynyň döşleri
Ýaryp barýar gül keteni köýnegin.

Ine, çopan goşy.
Ine-de, bagşy
Ýüzün göge tutup, zowladyp otyr.
Tamdyrda nan bişýär, ýagşydan ýagşy,
Gapdalda ak köpek meýmiräp ýatyr.

Göze dürbi dakyp, edibe...
Täzelikler » Goşgular - 01.03.2023

MUSA JELILE 

Eger öňde-soňda
hakyky şahyr
kim? — diýseler, adyň tutardym welin,
Sen şeýle ýönekeý
Hem kiçigöwün, —
Bilýän, öwgim saňa ýaramaz, Jelil.
Her näme-de bolsa,
seni soraglap,
Ýüregim kükregme urdy müň gezek.
Jelil,
Bu hak sözüm, —
sen beýik adam,
Maňa seniň bilen gü...
Täzelikler » Goşgular - 15.02.2023

REWOLÝUSIÝA

Ýigriminji asyrdy,
On ýedinji ýyl.
Al baýdaklar – pasyrdy,
Köçelerde – il.

Gerbi orak-çekiçdi,
Deňlik isleýä.
Bu gün köçä çykypdy
Rewolýusiýa!

Ýok. Birden,
bir ýerden döremedi ol.
Ol adam deý ilki dogdy, ulaldy,
Ony gömdülerem ýedi gat ýere,
Ol bolsa ýedi gat asmana galdy.

Çümdi şahtalaryň sowuk çuňlugna,
Söýdi garyplary – kowmy känleri.
Kyn günleri ...
Täzelikler » Goşgular - 23.07.2022

UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ HÜWDÜSI

Eýýäm güneş batypdyr,
Aý-da agyl atypdyr.
Garagolja Serdarym
Süýji uka batypdyr.

Günler aýlara bakar,
Aýlar ýyllara bakar,
On sekizin dolduryp,
Serdarym ata çykar.

Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary
Seni görer düýşünde.

Ýaryň gel...
Täzelikler » Goşgular - 28.10.2021

GURUŇ!

Adamazat aňynyň
arşa seredip,
Onuň hyýalyny bilýän mahaly,
Kiçi döwletleriň
ula öwrülip,
Ululaň
asmana
galýan mahaly.

Unudyň owunjak aladalary,
Ýurduň
bir maksatly ýolunda ýörüň.
Kitap okaň!
ediň belent arzuwlar.
Täzäni guruň!

Şäher guruň –
Penjiresi giň bolsun,
Säher
gün şähere başyny egsin.
Binasy berk,
belent-belent jaýlara
...
Täzelikler » Goşgular - 26.04.2021

TALANTLAR

Her kim öz ugruna talantdyr,
talant!
Bu dünýede talantlary gözledim.
Ähli ýalançydan edýärin talap —
Goý, olar talantly ýalan sözlesin.

Balerina sahna çykyp, galdyrap.
Ölýän guw ömrüni aýaklanynda.
Men oňa diýýärin talant sen,
talant!
Güller bitsin näzik... aýaklaryňa.

Talantly dörjeläň ýeriň gursagyn,
Talantly göterliň Wenera tarap.
Eger erbetlige hyýal gursaňyz,
...
Täzelikler » Goşgular - 01.03.2021

TÄZE ÝYLYŇ BOSAGASYNDA

Hany, geçiň giň saçagyň başyna!
Bäş minut galypdyr onki bolmana.
Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,
Sarpa goýduk bereketli ummana.

Döz geldik tupandyr tüweleýlere,
Guran binamyza söýenýär asman.
Görenler diýerler: «Baý tüweleme!»
Haýran galar rowaýaty gahryman.

Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatly...
Täzelikler » Goşgular - 31.12.2020

ÝENE HOWA GARALYP...

Ýene howa garalyp,
ýagyş çisňäp başlady,
Leýlisaçlar eda bilen
saçlaryny çöşledi.
Beýle pikir etmändim men
bu golaýda, bu çakda,
Birden agyr oýa batdym
ölüm hakda, sen hakda.
Oýa batdym: ýoklugymda
öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalaň agzyny açar;
aýnamyza çeker nagyş,
Dag tarapda...
Täzelikler » Goşgular - 24.08.2020

''ÝOK, LUKMAN, ÝÜREGIM HIÇ KIME BERMEN''

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen,
Oñ üçin pyçagñy gynama, lukman!
Başga kişiñ ýüregini götärne,
Derdi-azar çekerine howlukmañ!

Ony arzan alyp, arzan satmadym.
Ol maña berilen ömrüñ ykbaly.
Men ony köçeden gözläp tapmadym,
Indi bun çykaryp bererim ýaly.

Bolgusyz joşanda, sesin diñdirdim,
Hak söz diýeninde, erk berdim doly.
Men oña juda kän zehin si...

Täzelikler » Goşgular - 11.07.2020

ŞAHYR. OKYJY. TALAP

Soňky döwürdе ýaş şahyrlar barada gürrüň çyksa, makalalar ýazylsa, hökmany suratda “gözleg” sözünе uçraýarsyň. Bu hakykatdanam şеýlеmi? “Gözlеg” sözüniň özi bizе eýýäm öz tеmasyny, öz «ähеňini» tapmaga ymtylýan hakyky şahyr hakynda
gürrüň gidýänligini habar bеrýär. Eýsеm, birtopar ýaşlarymyzyň adynyň öňündеn ýa
yzyndan «gözlеg» sözüniň gеtirilmеgi hakykata laýykmy, ýaşlar şеýlе ynamy
ödäp bilýärlеrmi? Hut mеniň ö...

Täzelikler » Edebi tankyt - 10.07.2020

ATALAR WE OGULLAR

Atalar-ogullar... beýik döwletdir,
Şolardyr bu döwre ýañyn salýanlar.
Ýöne käte duşýar bi iki nesliñ
Arasyna çöp atmakçy bolýanlar.

Galat pikirlere uýmak ne derkar?!
Işimiz şowludyr, günümiz düzdir.
Ýok, atalar biziñ geçmişimiz däl,
Biziñ atalarymyz şu günümizdir.

Nirä barýar naýza kimin düzülip,
Aýdym bilen dyñzap duran hatarlar?
Olar täze dünýäñ goragna galan
Mizemez ynamly biziñ a...

Täzelikler » Goşgular - 23.06.2020

MÄREKE

Öz işine gümra gadym giñ jahan
Käte gam getirer, käte hemaýat.
Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz,
''Öýkeni giñär!'' diýp, güldi jemagat.

Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
Şo gyş kämil çykyp, toýa şaýlandy.
Şonda ol gözeliñ ikinji sapar
Owadan gözlerne duman aýlandy.

''Aýu, tula, begenjiñe aglaýañ?''
Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
Entek nämäñ-nämedigini añmaýan
Gyzlañ ýylgyrşyny gizledi ý...
Täzelikler » Goşgular - 24.04.2020

ÝETGINJEK

Öñküsine görä üýtgeşik dünýä.
Nämüçindir dünýäñ öñküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düÿşleri hem öñküleri däl,
Söýüşen gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleñ, gyzlaryñ gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululañ yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyñ penjegin. ...
Täzelikler » Goşgular - 18.04.2020

GOJA

B. Kerbabaýewe.

Ol juda arkaýyn,
Äwmän barýardy,
Märekäñ içinden, ýatladyp toýy.
Şemal baga çykyp, saçyn darýardy,
Çünki oñ boýundan gysgady boýy.

Dagyñ bir bölegi!
Bölegem däl-de,
Dagyñ özi ýaly parasatlydy.
Deñinden geçenler biraz saklanyp,
Oña baka-baka, köñül şatlady.

Göge alma atsañ, ýere gaçmajak
Märekäñ içinden äwmän barýardy.
Agras,
Ynamlydy ädim ur...
Täzelikler » Goşgular - 07.04.2020

SAG BOL, DURMUŞ...

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniñ üçin,
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen adam däl,
Oña başga-da kän,
Kän zatlar gerek.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniñ üçin,
Ýagyşlaryñ üçin, garlaryñ üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrenip,
Adamyñ hasratdan ölmegi mümkin.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniñ üçin,
Il deñinde ýar ýerinde ýar berdiñ.
Ýön...
Täzelikler » Goşgular - 31.03.2020

GYZLARYMA

Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuñ sözlerime:
Dört ogul deý, dört iner deý
Kuwwat berdiñ dyzlaryma.

Biriñ ýazym, biriñ arzym,
Abadym, säherim meniñ.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryñam baharym meniñ.

Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym.
Size giñ dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.

Namartlar kä mert ýigde-de
Nähak ýere şyltak atar.
Ýöne ...
Täzelikler » Goşgular - 28.03.2020

GÜNLERIMIZ, ÖMÜRLERMIZ ÖTINÇÄ...

Günlerimiz,
Ömürlermiz ötinçä
Merjen dänesi deý düzülmelidir.
Söýgüde
duýgular bolmaly inçe,
Çala galplyk etseñ, üzülmelidir.
Söýginiñ derdine hormat goýmaly,
Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz.
Biz
elmydam
hesret çekip söýmeli,
Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz!

Ýene howa garalyp,
ýagyş çisñäp başlady,
Leýlisaçlar eda bilen
saçlaryny çöşled...
Täzelikler » Goşgular - 23.03.2020

EDIL DÜÝN ÝALYDY...

Edil düýn ýalydy,
Ýañy ýalydy,
Sagadyñ dillerin rehimsiz towlap,
Señ ýanyña duşuşuga barýanym
Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.

Paýtagtyñ asuda köçelerinden
Kä öñe ýörärdik, kä yza bakan.
Şemal össe, tolkun atar durardy
Sypaýy köýnegiñ, sypaýy ýakañ.

Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,
Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.
Sen saga sowuldyñ,
Men bolsa çepe.
Seni ençe...
Täzelikler » Goşgular - 23.03.2020

SEN GELDIÑ-DE...

Sen geldiñ-de,
Garyp köñlüm baý etdiñ.
Ýöne,
Nämüçindir
Ynjalygym ýok.
Sen maña bagt berdiñ örän ullakan,
Ony nädip gorajagmy bilemok.

Ýöne
Säher-säher bagtymy öpüp,
Görýän öz-özümi seniñ gözüñde.
Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim,
Artyk däl ekenim ýeriñ ýüzünde.

* * ...
Täzelikler » Goşgular - 22.03.2020


1 2 3 4 »