Результаты 1-20 из 114 по запросу Gurbannazar Orazgulyýew

* * *

Bäş-alty günlükde Seýitmyrat Geldiýew bilen Çendire gidip geldik. Kärdeşimiz, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Gurban Rejebow ýerligi şol ýerden bolansoň, garry öýüne myhmançylyga çagyrdy. “Köne öý” diýilse-de, ol göbek gany daman ýerde-owadan jülgede şarňyldap duran, tüýs dokuzy düzüw jaý gurupdyr. Pah, şoňa ýanaşyp gidýän 5-6 gektarlyk bagyny aýtsana! Tüýs ýeriň üstündäki jennet diýleni. Içine girseň adyny tutan miweli agajyň bar. Eýýäm saýa salan, miweleri sallanyşyp duran ho...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.02.2023

* * *

Beh, şunça ýaşasagam, bilmeýän, aňmaýan zadymyz entek köp-ow. “Ýakal” diýlende, göwreli gelniň iki ýaňagyna garalybrak çykýan (käte bagrynda näsazlyk bar adamlarda-da ýakalam meňzeş börtýär) zada aýdylýandygyny bilýärdim. Ýöne ynha, mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy Hangylyç Tagangylyjowyň gazetde çykan makalasynda “akal” sözüniň erkek kişiniň aşaky dodagynyň etegine bitýän bölejik tüýdügini, käbir ýerlerde oňa “sarmak”, “şamut” diýilýändigini okap, gaýybana sag bol aý...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.02.2023

* * *

...Hany göreýin, ilkinji tanyşlygymyz haçan başlandyka?! Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlary bolsa gerek, ýalňyşmasam. Hazar kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine döredijilik saparyna barypdyk. Biz ikidik-şahyr, şol döwürde “Galkynyş” gazetinde işleýän Toýly Öwezow hem bardy. Şonda köne tanyşlaryň biri myhmançylyga çagyrdy. Asly şahandaz-wäşi öý eýesi duýdurdy: “Biliňiz guşalgy bolsun. Ýene bir myhmana “gel, bäri!” edendirin. Söze, saza ökdedir. Öräniň Aşgabatdan gelen myhmnalar...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.02.2023

* * *

Ykbalyň emrine ynsan balasy boýun sunaýmaly. Türkmen aýtmyşlaýyn, ýazgytdan gaçyp gitjek ýeriň ýok, maňlaýyňa näme ýazylan bolsa ömür salyňam şoňa laýyk tigirleniberýär. Karaş Nikolaýewiç Ýomudskiniň durmuş ýoly ynha, muňa anyk mysal.
Okyjynyň "beh, bu a:t bilen familiýa birhili geň-le?!“ diýmegem ahmal. Jägildäp dünýä inen balasyna ady-ismi ata-enesi dakýar, galany Allanyň emri bilen. Aslynda olaryň şejere daragty Kyýat hanyň nesil daragty bilen bagly. Ol bolsa döwrüni...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.02.2023

* * *

Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde-“Olimpiýa” stadionynyň gabat garşysyndaky ak mermere beslenen dört gatly jaýyň giňiş gowlusynyň her burçunda bir ak çynar bar. Olar ösüp-ösüp jaýyň eýwanyna egnini diräp oturan agaja öwrülip gidipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda paýtagtyň “9-njy mikroraýon” diýilýän ýerindäki darajyk jaýyndan dört otagly, agyz suwardyp aýdaňda, içinde at dabyradybermeli bu ýaja göçüp gelen gününiň ertesimi-birigüni olary Gowşut Şamynyň ekenl...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.02.2023

* * *

Osman Öde tanyşdyran gününden ol biz üçin “Han däde” boldy. Häzirem şeýle. Bir saçagyň başyna baş egele bolup, dyz-emek bolşan, Osman akgamyz, Nobat akgamyz, Atamyrat agamyz aramyzdan sogrulyp gidenem bolsalar, gatnaşygymyz-gadyrymyz Han dädämiz bilen şol öňküsi ýaly.
Birinji gezek didarlaşanymyzdanam sulhumyz alşyp gitdi. Şondan kän mahal geçirmän, Han däde Türkmenabatdan ýene Aşgabada geldi. Myhmanhanadanam garjymakdan ýakymly sesi bilen jaň etdi:
-Gurbannazar ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.02.2023

* * *

Käbir metbugat makalalarynda, taryhy maglumatlarda balarylaryň Türkmenistana on dokuzynjy asyryň ahyrlarynda demirgazyk Kawkazdan getirilendigi barada ýazýarlar. Hakykatda weli bu jandar bilen Köpetdagyň arçaly jülgelerinde mesgen tutan türkmenler örän gadymy döwürden bäri höwrügipdirler. Özem şolar ýabany görnüşdäki balarylar eken.
Nohur baradaky goşgularyň birinde:

Arçalaňda bal arylar öý gurar,
Köwekleňden damýan ballaryň bardyr


...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

* * *

“Inim Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen Arazbaýdan” diýen ýazgy “Ruh” neşirýatynda 1995-nji ýylda çykarylan “Adat” diýen galyň kitabyň açaýan ýeriňe ýazylypdyr. Ortadan uzynrak boýly, agajetden garaýagyz Arazbaý Öräýew göz öňüme gelip gitdi. Saçakly-sarmykly gatnaşmadygam bolsak, meniň oňa bolan hormat-sarpam çuňdy. Men ony heniz mekdepde okap ýörkämem görüpdim. Çäýnekde çaýam eltip öňünde goýupdym. Ol şeýle bolupdy. Dädem oba kitaphanasynda işleýärdi. Bir günem “Aşgabatdan ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

* * *

...Uniwersiteti tamamlan, 1981-nji ýylda Daşoguzyň şol wagtky «Kommunizm ýoly» (häzirki “Daşoguz habarlary”) welaýat gazetinde ýaňy işe başlan uçurlarymdy. Gazetiň howlusynyň derwezesinden giräýen ýeriňde redaksiýa degip duran özbaşdak gapyly jaýjagaz bolup, ol gapylaryň birinde türkmen teleradiosynyň welaýat bölümi, beýlekisinde-de Ýazyjylar birleşiginiň şol döwürde atlandyrylyşy ýaly, oblast bölümi ýerleşýärdi. Şoňa ýolbaşçylyk edýäniň uzyndan agajet, çal saçy mapraç ýüzüne ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

* * *

Kompýuteriň arhiwini dörüp, öňki ýazan zatlarymy saýhallap otyrkam, “GARAZ, BIR ZAT OKASAŇ” diýlen sözbaşy bilen ýazan oýlanma-makalam öňümden çykdy. Okamak diýlen iň bir gerekli zadyň hiç wagt giç däldigi üçin ony belki şu ýazgylaryň okyjylary-da ikap görerler.
Bilmeýän zadyňy tapmak (elbetde gürrüň maddy däl-de, ruhy hazyna hakda barýar), akyl käsäň gowuz ýerini doldurmak, içki päkizeligiň moral-ahlak akabasyny batlandyrmak üçin ilki bilen Kitaba ýapyşylýandygyny hiç ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

* * *

Akmuhammet Hemidiň egni däl, eli gysyk.

* * *

Mäne baba Çagryl bilen Togrul bege hökümdarlyk patasyny berende, şeýle wesýet edipdir: “Siz köşkde oturyp, ýurdy dolandyrýan wagtyňyz, esasy tagty garyp bendeleriň göwnünde durýandygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!”

24.03.2021.

* * *

Baharyň gudratyna haýran galaýmaly! Öň şahada tiken bolup oturany pyntyga öwürýär-de, ýaşyl ýaprak edýär goýberiberýär.
Häzir daşarda ş...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

* * *

Garaguma baryp görmedik, iň bolmanda içinden geçmek, bolmanda bu çölüň gyrak-bujagyna durup, gysymyndan ak çäge akdyryp görmedik meger, ýokdur. Şonda heý, keremli, sahawatly hem gazaply, şol bir wagtda-da jomart, müň bir syrly hem şonçarak gözelikdir geňligi gujagynda göterip oturan Garagum hakda bilýän zatlaryňyzy ýada salyp gördüňizmi!
Gel, gowusy, bu gürrüňe menem goşulaýaýan!
Garagumyň gujagynda oba kän. Parallel boýunça 800 kilometre, meridian boýunça 450 ki...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

* * *

Şu gün Hudaýberdi halypanyň belli güni -3-i.
Hawa, türkmen edebiýatynyň läheň pälwanlarynyň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, “Çuwal bagşy” romany, “Şatlyk Şamsetdinowiçiň doglan güni”, "Göwher ýüzüklije gelin”, “Dumana dulanan dünýä”, powestleriniň (bu sanaw doly däl, ýada düşeni), “Kalpda galan keşpler”, “Gurbannazar Ezizow” esse-ýatlama kitaplarynyň awtory Hudaýberdi Diwangulyýew aramyzdan gidiberdi. Iman baýlygyny bersin!
Segseniň gapysyny kakanam bolsa, ha...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

Gijrägem bolsa (kitap geçen ýylyň ortalarynda çykypdy), Juma Nurtaýewiň “Arzylym” atly goşgular ýygyndysy ahyry elime gowuşdy. Ony awtor gyzy Aýbölekden ugradypdyr. Açan ýerimde-de meniň kitaba ýazan sözbaşym bar. Şony şu ýerde hem ýerleşdirmegi göwnüme makul gördüm.

SÖZBAŞY

Ykbalyň emrine, pelegiň gerdişine sered-ä! Men şahyr däl, elbetde, ömür ýolunda oýundan-çyndan, adamy mejnunlyga salybilýän jahyllyk döwründäki göçgünlikden oýnam setirleriň ýazylan bolmagam ahmal, ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 22.02.2023

DANALARYŇ YLMYNA UÝAN ADAM

Gül pürkülen ýaly giň otagyň içinde ýaşulularyň şu günden açýan söhbetleri diýseň gyzypdy. Biziň döwrümiziň täsinliklerine haýran galýan gojalar gürrüňiň soňuny könä sapdylar. Gürrüň könä ýazandyram welin, häliden bäri sesini çykarman oturan Çary aga:
— Ynha, görersiňiz. Wagt geler, kiçijek gapyrjagyň nurbatyny towlasaňyz, dünýäden habar berer. Onuň hiç ýerde zada ilteşigi-de ýokdur. Hat okap, hat ýazyp bilmeýän adamy tapmarsyňyz. Daýhançylyk işleri...
Täzelikler » Ýatlamalar - 13.02.2023

* * *

Älhepus! Şahyry dilinden, sazandany dutaryndan mahrum etseň, diri wagty ölýän bolsa gerek. Türkmeniň iň saýrak dilli şahyrlarynyň biri Atamyrat Atabaý duýdansyz düşege baglandy. Wah, gürläp, derdini aýdyp ýatsa, janyň ujy. Aslynda-ha, Hudaý bendesini az iýdirip, aňsatlyk bilenem amanadyny alsa, iň gowusy!
Atamayrat halypanyňky kyn boldy. Insult urup, ilki sag elini, soň göwräniň tutuş şol tarapyny hereketsiz goýdy. Keselhanadan çykyp, öýüne gelende, Kakamyrat Rejep bile...
Täzelikler » Ýatlamalar - 13.02.2023

JÜNEÝIT HANYŇ EÝRANA GEÇIŞI

1927-nji ýyldan soň Sowet hökümeti güýçlenip ugraýar. Sowet hökümetiniň düzgünlerine we talaplaryna boýun bolmandan soň, ele salmak üçin, Jüneýit hany yzarlap başlaýarlar, birnäçe gezek çaknyşyklar bolup geçýär. Jüneýit han örän hüşgär, duýgur, ugur tapyjy, söweş tärlerine ökde (strateg) serkerde bolupdyr. Ýerli ilat oňa «Arkaly» (boljak-geljegi öňünden biliji) diýer ekenler hem-de ol Garagumuň içine örän belet ekeni.şonuň üçinem ol söweşlerde özi kän ýit...

ABDYRAHMAN AHUN

Abdyrahman ahun Jüneýit hanyň Guma göçýänçe (obada) ynamly geňeşdar-ahuny, Guma göçenden soňam mürzesi, ýakyn maslahatçy-ahuny hem ilçisi bolan. Onuň asly gojuk (garaçuka) milletiniň Daňryk taýpasyndan (bize-de daş däl) bolup, özi ökde, sowatly ahun, dilewar hem gaýratly, daýaw, mert adam ekeni. Gumdaka hanyň ilçisiniň wezipesini-de alyp baran. Jüneýit hany köp gezek Jywa, Tagta, Daşhowuza, Aşgabada, Bedirkentde ýaraşyga-gepleşige çagyrýarlar; her gezegem hanyň özi g...

JÜNEÝIT HANYŇ BITIREN DÖWLET ÄHMIÝETLI IŞLERI

1). Jüneýit han il içindäki tertip-düzgün ýola goýanyndan soň haýal etmän Bedirkentde özüne uly gala saldyryp başlaýar. Muny eşiden halk kömek etmäge howlukýar, galanyň gurluşygyna meýletin işeňňir gatnaşýarlar. Bu işler ählihalk ýowary görnüşinde amala aşyrylýar. Muňa uly höwes bilen kömek edýärler. Şeýlelikde Jüneýit hanyň Bedirkentdäki galasynyň gurluşygy gysga wagtda göwne makul bitirilýär.
2). Mundan soň wagt ýitirmän Jüneýit...

ISFENDIÝAR HANYŇ ÖLDÜRILIŞI

Gurbanmämmet serdar Owganystandan gaýdyp gelenden soň, ur-tut mülküni berkitmek bilen bolýar, uly galanyň gurluşygyna başlaýar. Bu işlere ilat meýletin, aktiw gatnaşýar. Tiz wagtda Gurbanmämmet serdar ýomutlaryň hany diýlip ykrar edilýär. Gurbanmämmet serdar orsugçynyň Jüneýit taýpasyndan bolany bolany üçin, soňra «Jüneýit han» adyny alýar.
Indi Hywadan habar alalyň!
Isfendiýar hanyň ýowuz derdinden gutulmak üçin her kentden (obadan) bir ýaş...

...Ýazowa, Agageldi Allanazarow, Kömek Kulyýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Ahmet Halmyradow... ýaly ýazyjy şahyrlarymyz ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirip, öz döredijilik harmanlarynyň dokdäne çäjine guwanyp ýaşap ýörler.
Täzelikler » - 2019-12-31 08:10:53

...edilen iki sany kitapdan (ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew "Äraly pir ýa da täleýiñ kötelli ýoly"), il arasynda aýdylýan rowaýatpisint hekaýatlardan we onuñ sopusy Kemine bilen eden heneklerinden ...
Täzelikler » - 2019-03-30 22:38:59

Dostum Gurbannazar Orazgulyýew «Çalt ýazyjy» diýip at alan ýigit. Wasp etsem, şygrynyň waspy gutarmaz, Şahyr dostum Akmyradow Italmaz.
Täzelikler » - 2019-12-15 06:43:50

Rejepmyrat DURDYÝEW, Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2018-09-07 19:11:48

Rejepmyrat DURDYÝEW, Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2018-09-03 20:58:19

Rejepmyrat DURDYÝEW, Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2024-03-24 08:29:17

Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
Täzelikler » - 2018-11-13 05:48:04

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2020-07-08 15:33:13

Gurbannazar ORAZGULYÝEW. # “Nesil” gazeti, 10.03.1992 ý.
Täzelikler » - 2019-05-22 18:35:37

Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
Täzelikler » - 2018-11-12 22:47:23

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2019-01-24 09:14:21

Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
Täzelikler » - 2018-11-12 22:10:52

Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
Täzelikler » - 2022-10-18 15:41:26

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2022-08-27 06:42:39

Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
Täzelikler » - 2018-11-13 06:24:33

Gurbannazar ORAZGULYÝEW
Täzelikler » - 2022-08-27 06:44:46

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2022-08-27 06:43:39

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2018-08-12 06:50:25

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2018-08-18 04:54:17

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Täzelikler » - 2018-08-12 07:13:28


1 2 3 4 5 6 »