Результаты 1-20 из 232 по запросу Gyzylgül Annagylyjowa

ALABAHAR

Meñem tebigatym meñzeýän ýaly,
Aram howasyna, alabaharyñ.
Mahal-mahal görünse-de, sowuklaç,
Asla, gara gyşa dönmez gaharym.

Barybir süññümde mylaýymlyk bar,
Hala sowuk, hala mylakatly bil.
Bahar gelmese-de, umyt bagynda,
Gunçalandyr eýýäm kyrk gatlakly gül.

Gatbar-gatbar arzuwlardan ybarat,
Hiç ki...
Täzelikler » Goşgular - 21.03.2024

DÜNÝE...

Dünýe meñzeş dälihana,
Bir seretseñ lolyhana.
Uzap ýatyr, däli dünýäñ,
Gitse-gelmez ýoly, hana.

Kim gidermen oña tarap,
Asylzadañ ýoly bilen,
Kimse keýp deñzine düşüp,
Ýüzsem diýer loly bilen.

Diýen borlar:
"Bu ýol hemmä,
Baý-garyba gyradeñlik."
Şu gürrüñi tapanlaryñ,
Tapyşlar...
Täzelikler » Goşgular - 11.02.2024

GÖREŞ

Merdem durup, ykbal bilen göreşdim,
Harmandäli saýyp özüm-özümi.
Ärler-pirler gelip dem salmasa-da,
Keramatly saýdym iýen duzumy.

Döredesim gelip çyn adam keşbin,
Duýgularmy saljak bolup galyba.
Durmuşdan öwrendim öwrenen zadym,
Kä derwüşe meñzäp, käte talyba.

Ýöne, käte duýgularma erk etmän,
Dagdyr-...
Täzelikler » Goşgular - 11.02.2024

NOKAT

Eflatunyñ sandygyny dören deý,
Juda köne dünýäñ gatlarna siñip,
Agtardym-gözledim nämedir bir zat,
Ägirt filosofiýañ deñzine çümüp.

Çöpläp deñziñ täsin merjenlerini,
"Tapdym"- diýip, dür seçemde​ zemine.
Arşdan owaz geldi "Eý, eleşanym,
Seniñ dünýäñ gör, nähili kemine!"

Bu ses üzdi meniñ merjen monjugym. ...
Täzelikler » Goşgular - 28.01.2024

UÇAR GARYP GYZYÑ DOKAN HALYSY

"Uçmaz garyp gyzyñ dokan halysy"
Nobatguly Rejepow.


Uçar garyp gyzyñ dokan halysy,
Edebi, ekramy ýerinde bolsa.
Hol, "Garybyñ gyzy Güljahan" ýaly,
Akyly hem huşy serinde bolsa.

Hem ýerinde bolsa namysy-ary,
Dogmundan don geýen ogul ýaly bor.
Onuñ gökde uçýan tämiz hyýal...
Täzelikler » Goşgular - 11.07.2023

HYÝAL

Eýerläp hyýal atyny,
Gitdim ýene beýewana.
Ak çägede ak sazaklar,
Has-da, ak göründi bu gün,
Şonuñ üçin bu ýörelge,
Täk hem päk göründi bu gün.
Mätäç bolanda adama,
Saman asty, suw señrikden,
Agyp ýatan mähellede,
Ýaşap ýaýdana-ýaýdana,
Böwrüni diñläp ýadana...
Ýol boýunda synlan wagtym,
Ak takyryñ ýaryklaryn.
Geçip barýan ömri ýatlap,
Asla-asla darykmaryn.
Sebäbi, men yzla...
Täzelikler » Goşgular - 04.07.2023

...ADAM

Ýazjaklarny ýazyp bilmän,
tokgalap,
Mynçgap taşlan kagyzy deý kimsäniñ.
Ýürek dar gursakda barha ýygrylýa,
Gasyn-gasyn bolup günbe-gün saýyn.

Gasyn tutan lybas ýaly onuñ-da,
Bolaýsady ýygyrtlarny ütükläp.
Ütük bolmasa-da, onuñ ýygyrdyn,
Ýazar ýaly dil ujunda nutuk kän.

Ýöne, onuñ kalbyn ýazyp okara,
Bu günki gün hemme şermende "A"-dan.
Diýmek, özge kalplañ gapysyn açman,
Gaflatda ...
Täzelikler » Goşgular - 26.06.2023

OÑ SESI...

Depeden depä çykyp,
Gagyldasa gargalan,
Haram läşleri çokup,
Ýigrenilen gargalañ,
Dünýäñ eýesi ýaly,
Oýnaýan oýunlarna,
Haýran galyp oýurgandym,
Çaga ýaly boýurgandym.
Boýurganmam,
Päk ynsabyñ,
Çekýän jebriniñ agysy.
Heý, öçermi "Wyždan" аtly,
Bitmezek ýarañ awusy?
Ejizlärmi heý-de, bürgüt,
Görende erkin tawusy?
Emma,
Ygtyýarsyz bürgüt gördüm,
Gysylypdyr ...
Täzelikler » Goşgular - 20.03.2023

ÝETMEÝÄN ÝALY...

Ähli zadym jem bolsa-da, ruhuma,
Nämedir bir zad-a ýetmeýän ýaly.
Dünýäni ýyladan çogly Güneşiñ,
Ýylysy süññüme ötmeýän ýaly.

Oñ ýetmezi näme, näme ýetenok,
Ejir çekýämi ol göýdügen añdan?
Razy bolman eýesiniñ keşbinden,
Döredesi gelýämi ýa ýañadan.

Ruhum bilen öz aramda söweşip,
Düşüpdim tas diwananyñ ýoluna.
Belki-de, ahyry surnugan ruhum,
Dolanar öz dolanmaly donuna.
...
Täzelikler » Goşgular - 15.03.2023

KAKA!

Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp,
Üstümi çal duman büredi, kaka!
Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly,
Içimde bir boşluk döredi, kaka!

Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok,
Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da.
Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken,
Barsam gujak gerýän tutuş oba-da.

Ýaradandan razy!
Ömrüñ dowamy,
Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka!
Baryñda panyny bakydyr öýden,
Gyzyñ öñküden-de, ...
Täzelikler » Goşgular - 25.02.2023

"MEN SENI ÝITIRIP, ÖZÜMI TAPDYM..."

"Men seni ýitirip, özümi tapdym".
Ýogsa, çümüp gidipdirin hyýala.
Indi ýuwaş-ýuwaş sowaşýan göwün,
Meñzäp barýa sowan çaýly pyýala.

Eger göwün meñzeş bolsa pyýala,
Hödürlenip teşne däle oñ çaýy.
Lezzeti duýulman yşk nabadynyñ,
Dökülenem bolsa, binesip paýy.

Duşarsyñ çyn teşnä, günleñ bir güni,
Eý,meniñ yşk doly pyýala göwnüm.
Aýnasyñ, döwülmek ähtimallysyñ,
Al...
Täzelikler » Goşgular - 24.12.2022

ÝYLLAR

Ýyllaryň geçerne howlugardym öň,
Indi arzuwlaýan yza teserin.
Tesmeýär ol, diňe hakydamyzda,
Ýazyjy deý goýup gidýär eserin.
Ýöne, ol eserleň galam hakyna,
Alyp gitdi juwanlygyň heserin.
Şoň üçinem giç bolmanka agtaryp,
Geçip giden ýyllaryň iň ýeserin,
Geçilen ýyllary ýüň ýaly egrip,
Ele alyp kämilligiň keserin,
Dokamaly bir halym bar, o...
Täzelikler » Goşgular - 19.12.2022

"SENI TAPYP, MEN ÖZÜMI ÝITIRDIM...".

"Seni tapyp, men özümi ýitirdim".
Ýitirip ýolumyñ ugur-utgasyn,
Özüm undup, ýol ýasap señ köñlüñe,
Men nämä deñäýin, bu yşk utmasyn?

Yzladym köñlüñe barýan ýoly men,
Ähli ýodalardan bu ýol has möhüm.
Dideleriñ eken, dünýäni dörüp,
Agtaryp tapmadyk zyýaratgähim.

Görlüp-eşdilmedik keramat ýaly,
Men señ köñlüñ gapysyndan ätledim.
O gapyny açmazdan öñ hamana,
Bu ...
Täzelikler » Goşgular - 13.12.2022

PERWAÝSYZLYK

Akyp ýatyr ol göwünli-göwünsiz,
Derýa däl-de, şor suw akýan jar ýaly.
Ony gozgamaýar üstünde gurlan,
Köprüsinden kimiñ geçip barýany.
Ötegçiler dertlimi ýa şadyýan,
Ýananda nä, köz bolup, ojar ýaly?
Tanamaýar, tanamagam islänok,
Ygşyldaşýan gamyşlaryn orýany.
Hüwdülänok, bir geñsije saz edip,
Kenarynda çeññegini gurýany.
Göräýse-de, çyrpynanok öñki deý,
Iki dünýäsini deñläp barýany,
Jany...
Täzelikler » Goşgular - 26.11.2022

GIZLIN SÖWEŞ

Örän gizlin söweş yglan edipdim,
Señ bilen başymyñ çatylan güni.
Yşkdan bina bolan köñül şährime,
Atom bombasynyñ atylan güni.

Ýykyklygna goýdum idemedim hiç,
Ýykylan göwnümiñ harabasyny.
Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp,
Yşk okundan ýükli arabasyny,

Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga,
Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa.
Menem göçüp bardym, bar goşum bil...
Täzelikler » Goşgular - 25.11.2022

LAL GYZA...

Gulagyñ eşdenok, gürläp bileñok,
Bize tanyş dilde, biziñki ýaly.
Diliñe düşünmän adam sürüsi,
Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli".

Däli bolmasam-da, telbe dünýämi,
Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma.
Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar,
Men diliñe düşünýän deý, hamala.

Düşündirýäñ hereket hem üm bilen,
Ejeñ, daşbagyryñ taşlap gidenin.
Kakañ bolsa baka göçüp b...
Täzelikler » Goşgular - 22.11.2022

DÄLI GELIN

Gapy-gapy aýlanyp ýör,
Obamyzda däli gelin.
Göwnün tapyp sözleşäýseñ,
Dürdäne-de ýaly gelin.

"Eý, waý, däli gelýä."- diýip,
Çagajyklar gaçyp gider.
Gapysyny açanlara,
Ol hem göwnün açyp gider.

Gapy kakyp dileýäni,
Bir döwümjik çörek onuñ,
Açylmadyk gapysy bar,
Çünki, onuñ ýüreginiñ.

Öñ dutarda saz çalardy,
Şoñ bilen toý toýlanardy.
Ýigitleri bendi eden,
...
Täzelikler » Goşgular - 03.11.2022

KÖLEGÄM

Bir zat berilýän bolsa,
Her Saba dilegime,
Dünýäni döreden Tañryñ,
Öwrülip Melegine,
Çöllerde ýol ýitirip,
Jöwzada jowranany,
Hazan uran ýelleriñ,
Saman deý sowranyny,
Bir gysym gowurga deý,
Durmuşyñ gowranyny,
Kelep ujyn ýitirse-de,
Mertleriñ dogranyny,
Sygdyrasym gelýä meñ,
Kiçijik kölegäme.
Ýöne,
Dilegem,
Melegem,
Aýlap bilmez tersine,
Äpet çarhyn ...
Täzelikler » Goşgular - 27.08.2022

ÝOL

Sataşyp bir derde, ertekilerde,
Ýola çykan her bir gaýratly merde,
Üç ýol garaşýardy, uzak bir ýerde,
"Gitse-geler", "Gitse-gelmez",
"Gümana".

O ýodalar bir-birinden aýrady,
Ilersi- ileri, gaýra-gaýrady,
"Gitse-gelerinde" guşlar saýrasa,
"Gümana ýol" gaplanypdy dumana.

Menem hyýallarmyñ raýyny ýykman,
Öz saýlan ýolumdan gitjekdim, hökman,
Çolaşan ýollarda "Ýol ýazgy" tapman,
Seretmek ...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2022

MEN

Men deñizdir-derýalara,
Gujak geren kenaram däl.
Añyrsyna göz ýetmeýän,
Ter çemenli sonaram däl.

Köki zemin çuñlugyna,
Uzap barýan çynaram däl.
Gözelligi şygyrlarda,
Wasp edilýän enaram däl.

Ýol ugrunda çelgi bolup,
Her ötegçä saýa bolan.
Bir gojaman balhy tuduñ,
Çürbaşynda ýalñyz galan.

Ýönekeýje ýaprag-a men,
Terk etmedik şahasyny.
Ygyp gitmän ýel ugruna,
...
Täzelikler » Goşgular - 27.07.2022

Göwnüñ ýukalypdyr çaga mysaly, Şonda da,dag deýin,arkamda berk sen. Baranymda didaryñy küýsegläp, Kaka,kalbyma hem öýüñe görk ...
Täzelikler » - 2022-04-28 19:43:13

Bir seretsem,galan eken ýaşlygym, Hol geçmişiñ gatlarynda,saralyp. Duýmandyryn,tüm gije deý saçlarym, Asyl görsem,giden eken çalaryp.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:36:13

Gyzlarym ömrümiñ,bahary ýazy, Gara gözüm,gurban size didelem. Bu durmuşda dowam edip yzymy, Alyslara, alyp gitjek ýodalam.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:40:15

Sergezdan deý,selpeden, Durmuş sen bir salgymmy. Ýaşap ýörenim üçin, Bergimmi ýa algymmy. Arkamda agyr ýüküm, Gezip ýörin bergili.
Täzelikler » - 2021-09-24 04:38:38

Giñ eýwanly,ak otaglar içinde, Otyrdy giñ kalply,ak saçly ene. Mähir paýlap,ömür diläp otyrdy, Ýadaman,ýetýänçä iñ ...
Täzelikler » - 2022-04-28 19:41:39

Şahyrlaryñ joşup boşup gaýnany, Saña badaşypdyr,müdümi bagrym. Pyragymyz bir ajaýyp dünýäni, Köñülleñ köşgünde,gurupdyr şygrym.
Täzelikler » - 2021-09-13 20:52:00

Diñlesem taryhyñ ýañyn, Kerwen geçen ýollaryñ bar. Şu güniñde,geçmişiñde, Şan şöhratly illeriñ bar.
Täzelikler » - 2022-01-10 04:17:21

Ýeñiş güni,enem düşýär ýadyma, Söwer ýara gözün dikip garaşan. Juwan wagty urşa ýollap ýaryny, Ýola bakan,gözlerine garasañ.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:39:02

Bilýäñmi ezizim,aýly gijeler, Kim bilen oturyp,gussa çekýänim. Bilseñ ýadygärlik suratyñ bilen, Oturyp ikiçäk,gussa çekýärin.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:45:32

Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym, Geçip gitdi,hyýal bolup deñimden. Kyrk ýaşy sermeläp,ýörse de ýaşym, Arzuwlar çykanok,şindem serimden.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:35:00

Ykbal,menem saña birje ýüzlenip, Şähribossan kimin aýdaýyn arzym. Göräýmäne arz etmäge sebäp ýok, Kem zadym ýok ýa da ,...
Täzelikler » - 2021-09-13 20:49:06

Aşyk bolsam ýazlaryña, Watan seni söýdügimdir. Hüwdülesem balalarmy, Seniñ waspyñ diýdigimdir. Ojagymy aýadygym, Watan saña goragymdyr.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:37:23

Bu dünýä bir kerwensaraý, Goş ýazdyryp,düşledigim. Bäş günlik däl,baky saýyp, Munda göwün hoşladygym.
Täzelikler » - 2022-04-28 19:51:38

GUMLY GELIN (Gyzylgül Annagylyjowa bagyşlanan hekaýa) Her döwür bir döwür bolýa... Şol döwürlerde de, gyz gelinlerimiz şäherlileri öýkünip, ýüze timar bermek, üýtgeşik biçüwdäki ...
Täzelikler » - 2024-04-08 02:41:56

Gyzylgül Annagylyjowa.
Täzelikler » - 2018-06-28 07:39:46

Gyzylgül Annagylyjowa.
Täzelikler » - 2018-07-04 08:21:11

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Täzelikler » - 2020-04-14 15:47:22

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Täzelikler » - 2020-07-21 22:11:55

Gyzylgül Annagylyjowa.
Täzelikler » - 2018-09-28 13:21:07

Gyzylgül Annagylyjowa
Täzelikler » - 2024-03-26 07:09:06


1 2 3 ... 11 12 »